Waleri Çittenden, ABŞ-nyň Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili

Waleri Çittenden, ABŞ-nyň Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili

Waleri Çittenden ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Daşary ýurt gullugynyň diplomatydyr. Mundan ozal, ol ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Konsullyk gullugy býurosynda wiza hyzmatlary bölüminde uly geneşçi wezipesinde işledi. Şeýle hem, ol Ankara, Kabul, Bişkek, Dubai we Moskwa şäherlerindäki ABŞ-nyň Ilçihanalarynda işledi. Mundan başga da, ol ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Daşary ýurt gullugynyň institutynda mugallym wezipesinde täze diplomatlary we Döwlet Departamentiniň beýleki işgärlerini okadýardy. ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde işe başlamazdan ozal, Waleri Çittenden iňlis dili mugallymy, şeyle de syýahatçylyk ýaly beýleki pudaklarda hem işledi.

Waleri Çittenden hemişe daşary ýurt dilleri we halkara syýahatçylyk bilen gyzyklanýar. Ol Baltimor okrugynyň Merilend uniwersitetiniň rus dili we lingwistika bölumini tamamlap bakalawr derejesini aldy; we Kolumbiýa okrugynyň Waşington şäherindäki Amerikan uniwersitetinde halkara gatnaşyklar bölüminde okap magistr derejesini ganady. Waleri Çittenden rus we türk dillerini bilýär. Şeýle hem, ol dari we fars dillerinden sapak alypdy, şu wagt bolsa türkmen dilini öwrenýär. Merilend ştatynyň Baltimor şäherinde doglyp ösen Waleri Çittenden täze ýerlere syýahatçylyk etmegi, hususan da awtoulagda gezelenç etmegi we aşpezlik seminarlara gatnaşmagy halaýar.