Jemleýji Netije
Sentýabr aýynda Ýaşulylar maslahaty täze Konstitusiýany kabul etdi. Ozalky Konstitusiýada bolşy ýaly, täze Konstitusiýada hem din azatlygy kepillendirilýär. Konstitusiýada her bir şahsyň öz dinini saýlap almak, öz dini garaýyşlaryny bildirmek we olary ýaýratmak, dini çärelere hem-de dabaralara gatnaşmak hukugy göz öňünde tutulýar. Konstitusiýa häkimiýetiň we diniň biri-birinden aýrydygyny üpjün edýär we dini guramalaryň döwlet işlerine “gatyşmagynyň” gadagandygyny belleýär. Hökümet Mart aýynda Din Guramalar we Dini Azatlyk barada täze Kanun kabul etdi. Täze Kanuna laýyklykda ähli dini guramalar, şol sanda, ozalky Kanunyň görkezişi ýaly hasaba alnanlar hem düzgüne görä iş alyp barmak üçin Adalat Ministrliginde täzeden hasaba durmaly. Adalat Ministrliginde hasaba alynmak işine Daşary Işler Ministrligi (DIM), Milli Howpsuzlyk Ministrligi (MHM), Içeri Işler Ministrligi (IIM) we beýleki döwlet edaralary gatnaşýarlar. Täze Kanuna laýyklykda dini guramanyň maksatlary we hereketleri ýurduň Konstitusiýasyna ters gelýän bolsa ýa-da gurama uýulmaýan dine degişli bolsa, onda olar hasaba alynmaýarlar. Ony baş müfti tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Dini guramalar bilen işleşmek boýunça we dini maglumat resurslarynyň döwlet ekspert komissiýasy (SCROEERIR, mundan aňyrda – Komissiýa), kesgitleýär.
Täze Kanunda şeýle-de raýatlaryň kanuny bähbitlerine ters gelýän, ýa-da olaryň “saglygyna we ahlagyna” zyýan berýän dini guramanyň hökümet tarapyndan ýatyrlyp bilinjekdigi bellenýär. Täze Kanun hasaba alynmadyk dini toparlaryň, şol sanda, dini obşinalaryň döredilmegini, edilen işler üçin töleg alynmagy, ybadat üçin üýşmegi, dini materiallary öndürmegi hem-de olary ýaýratmagy gadagan edýär. Hökümet öz dini doktrinasyna eýermeýän Musulman dini toparlaryň ýolbaşçylaryny, şeýle-de, Jehowanyň Şaýatlary ýaly hasaba alynmadyk dini azlyklaryň agzalaryny öz dini ýoluny alyp barýandyklary üçin tussag etdi.
Tussag edilenler bilen aragatnaşyk saklamaga garşy hökümetiň girizen çäreleri ozalky ýyllarda öz dini garaýyşlary üçin tussag edilenleriň näçesiniň türmede saklanýandygyny kesgitlemegi kynlaşdyrýar. Hökümet Jehowanyň Şaýatlarynyň birnäçesiniň harby gullugyň alternatiw görnüşini döretmek baradaky haýyşlaryny ret etdi we olary harby gullukdan boýun towlandyklary üçin tussag etdi. Polis hasaba alynmadyk dini toparlaryň ýygnaklaryna çozup, ony bes etmegi talap edýär. Käbir halatlarda bolsa belli-belli adamlara hasaba alynmadyk dini toparlaryň agzalaryna azar bermeklige rugsat edýär.
Hökümet ýylyň dowamynda hiç bir täze dini guramany hasaba almady we ozalky hasaba alnan toparlary täzeden hasaba goýmady. Ýöne weli, täzeden hasaba durmaklygy tamamlamadyk ozalky hasapdaky guramalary Kanuny bozan hasap etmeýär. 10 ýylyň dowamynda din guramalary bilen Dekabrda bolan ilkinji duşuşykda hökümet hasaba alyş düzgini barada içgin gürrüň etmedi, ýöne hasaba alyş düzgünlerini has anyklaşdyrmak ugrunda iş alyp barmaga synanyşjakdygyny weli belledi. Hökümet ýokary Musulman ýolbaşçylaryny wezipä bellemegini, ýurda dini edebiýatyň getirilmeginiň öňüni almagyny we dini maksatlar üçin ýer ýa-da binany kireýina almak isleýän dini guramalara kynçylyklar döretmegini dowam etdirdi.
Adaty milli-dini ynamlara we hereketlere eýermeýän adamlar özleriniň başga dine uýýandyklary üçin azar berilmelere duçar bolýandyklaryny, öz maşgala agzalarynyň, dostlarynyň we goňşularynyň özlerinden geçýändiklerini habar berýärler. Hasaba alnan Hristian guramalarynyň agzalary öz tanyşlary tarapyndan dini ygtykaty üçin duşmançylykly seretmeginiň dowam edýändigini habar berýärler. Habarlara görä, Yslamdan ýüz öwüren etnik türkmenler, şeýle işi eden özge milletleriň wekillerine garanyňda üýşmeleňlerde has beter ýazgarylýarlar.
ABŞ-nyň ilçihanasynyň wekilleri, Amerikanyň hökümet çinownikleri, şol sanda Dowlet Sekratarynyň wekilleri bilen duşuşyklarda hem-de hat alyşylanda dini guramalaryň agzalarynyň, şol sanda Jehowanyň Şaýatlarynyň tussag we azatlykdan mahrum edilmelerine alada bildirýärler. ABŞ-yň wekilleri hökümeti Harby gullukda graždan alternatiwany ýola goýmaga, dini guramalara bolan garaýşy gowulandyrmaga, dini toparlaryň hasaba alnyşynyň düzgünlerini aýdyňlaşdyrmaga hem-de dini edebiýatyň getirilmegine we ýaýradylmagyna girizilen päsgelçiliklieri aradan aýyrmaga çagyrdy we şeýle-de pikir, wyždan we din azatlygynyň çäklendirilmegine alada bildirdiler. 1998-nji ýylyň Din Azatlygy Boýunça Halkara Şertnamasynyň esasynda, 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistan «Aýratyn alada döredýän döwletleriň» hatarynda durýar. Döwlet Sekretary 2016-njy ýylyň 31-nji Oktýabrynda Türkmenistany Aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hataryna goşsa-da, öz milli bähbitlerini göz öňünde tutup, Türkmenistana garşy girizilmeli sanksiýalary ulanmakadan saklandy.
1-nji bölüm. Dini Demografiýa
ABŞ-nyň hökümeti ilatyň umumy sanyny 5,2 million diýip hasaplaýar (2016-njy ýylyň Iýul aýyndaky çaklama). ABŞ-nyň hökümetiniň berýän bahasyna görä, ilatyň 89 göterimi aglabasy Sünni bolan Musulmanlar, 9 göterimi Prawoslaw Hristianlar we ýene 2 göterimi bolsa özge dinlere uýýanlar. Jehowanyň Şaýatlarynyň, Şaýylaryň, Bahaileriň we Katolik we Ýewangelist Hristianlaryň, şol sanda Baptistleriň we Elliçileriň uly bolmadyk toparlary bar. Etnik ruslaryň we ermenileriň aglabasy Hristianlar we, adatça, Rus ýa Ermeni Prawoslaw kilisesiniň agzalary. Käbir etnik ruslar we ermeniler beýleki uly bolmadyk dini toparlaryň hatarynda durýarlar.
Şaýy Musulmanlaryň uly bolmadyk ojaklary bar we olaryň köpüsi Eýran serhetiniň golaýynda we günbatardaky Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýan etnik eýranlylar, azerbaýjanlar we kürtler.
Soňky çaklamalara görä, ýurtda 200-250 sany ýewreý ýaşaýar.
2-nji bölüm. Hökümet Tarapyndan Din Azatlygyna Hormat Goýulşynyň Ýagdaýy
Hukuklaryň Çarçowasy
Sentýabr aýynda Ýaşulylar maslahaty täze Konstitusiýany kabul etdi. Ozalky Konstitusiýada bolşy ýaly, täze Konstitusiýada hem din azatlygy kepillendirilýär. Konstitusiýada her bir şahsyň öz dinini saýlap almak, öz dini garaýyşlaryny bildirmek we olary ýaýratmak, dini çärelere hem-de dabaralara gatnaşmak hukugy göz öňünde tutulýar. Konstitusiýa häkimiýetiň we diniň biri-birinden aýrydygyny belleýär we dini guramalaryň döwlet işlerine “gatyşmagyny” gadagan edýär. Konstitusiýa şeýle hem döwlet bilim berilşiniň dünýewi häsiýetdedigini tassyklaýar. Kostitusiýa haýsy dine uýýandygyna garamazdan, Kanunyň öňünde hemmeleriň deňdigini kepillendirýär.
Mart aýynda kabul edilip, Aprel aýynda hem güýje giren täze Kanun ähli dini guramalardan, şol sanda ozal hasaba alnanlardan hem täzeden Adalat Minstrliginde hasaba durmagy talap edýär. Köne Kanundan tapawutlylykda, täze Kanun 50 adamdan az agzasy bolan “dini toparlar” barada hiç zat aýtmaýar. Onda diňe ýaşy 18-den geçen 50 ýa-da ondan hem köp agzasy bolan “dini guramalara” hasaba durmaklyga rugsat berilýär. Täze Kanun guramany din bilen baglanyşykly çäreleri we ybadatlary geçirmek, şeýle-de dini bilimi üpjün etmek we ýurduň kanuny esasynda hasaba durmak üçin raýatlaryň (graždanlaryň) meýletin birleşmesi diýip hasaplaýar.
Dini guramalar hasaba durmak üçin Komissiýa (SCROEERIR-e) öz salgylaryny (telefon, adres), onuň tassyklamasyny, guramaçylar we agzalar tarapyndan hasaba durmak baradaky arzasyny, guramanyň düzgünnamasynyň iki nusgasyny, 230 manat ($66) möçberinde hasaba alyş ýygymyny bermeli we guramaçylaryň atlaryny, salgylaryny we doglan senelerini görkezmeli. Komissiýa tarapyndan arza gol çekilenden soň, ol Adalat Ministrligine berilýär. Ol hem öz gezeginde arzany tassyklamak meselesini DIM, MHM, IIM we beýleki hökümet edaralary hem-de Adalat Ministrliginiň özüniň gatnaşmagynda çözýär. Düzgüne laýyklykda, Adalat Ministrligi goşmaça guramanyň ähli agzalarynyň terjimehal maglumatlaryny hem alyp bilýär. Kanuna laýyklykda, “degerli dini ylym alan” raýat din guramasynyň ýolbaşçysy bolup bilýär.
Häzir hem öz güýjünde galýan, ozaldan gelýän salgyt kodeksi hasaba alnan dini guramalary salgytlardan azat edýär.
Täze Kanun boýunça Adalat Ministrligi Komissiýa tarapyndan dini gurama diýip tassyklanmadyk we maksady hem-de hereketleri ýurduň Konstitusiýasyna ters gelýän guramalary hasaba almaýar. Täze Kanunda Komissiýanyň haýsy ölçegler bilen ýokarda agzalanlary kesgitleýändigi görkezilmeýär. Täze Kanun Baş prokuratura dini guramanyň Konstitusiýany berjaý edişine gözegçilik etmegi tabşyrýar. Täze Kanun ýurduň sudlarynyň Konstitusýany bozan dini guramalaryň işlerini togtadyp bilýändigini belleýär. Täze Kanunda şeýle-de, “raýatlaryň hukugyny, azatlygyny we kanuny bähbitlerini bozýan” ýa-da “olaryň saglygyna we ahlagyna zyýan berýän” hereketleriň dini guramanyň ýapylmagyna esas bolup biljekligi bellenýär.
2013-nji ýylda kabul edilen hem-de dini guramalary hem öz içine alýan administratiw kodeks Dini guramanyň düzgünnamasynda görkezilmedik çäreleri geçirendikleri üçin jerimäniň möçberini birin-birin beýan edýär.
Hasaba alynmadyk dini guramalar we hasaba alnan dini guramalaryň hasaba alynmadyk şahamçalary kanuny ýagdaýda iş alyp baryp bilmeýärler; ybadathanalary döredip bilmeýärler; dini ygtykatlary ýerine ýetirmek üçin hususy jaýlarda hem ýygnanşyp bilmeýärler; dini materiallary öndürip we olary ýaýradyp bilmeýärler. Şular ýaly islendik hereketler administratiw düzgün bozma hasaplanýar we 100-1000 manat ($28-286) aralygynda jerime bilen jezalandyrylýar. Jerimeler dini ýolbaşçylar üçin has ýokary, ýönekeý gatnaşyjylar üçin bolsa has ýeňilräk.
Kanun boýunça, Adalat Ministrliginiň wezipeli adamlarynyň hasaba alnan dini guramanyň geçirýän islendik çärelerine gatnaşmaga we dini ýolbaşçylaryň alyp barýan işlerine şübhe bildirmäge haklary bar.
Administratiw kodeks adamlaryň ygtykat etmek ýa-da etmezlik hukugyny bozan wezipeli adamlar üçin 200-500 manat ($57-143) jerimäni göz öňünde tutýar.
Heniz hem öz güýjündäki administratiw we jenaýat kodeksleri hasaba alnan dini guramalaryň agzalarynyň ýönekeý şahslar tarapyndan ýanalmagy üçin her hili jezalary göz öňünde tutýar. Administratiw kodeks esasynda din azatlygyna päsgel berenler 1000 manada ($286) çenli jerime ýa-da 15 gije-gündiz tussaglyk bilen jezaladyrylyp bilinýär. Jenaýat kodeksi esasynda beýle hereket 6500 manat ($1858) jerime ýa-da bir ýyl düzediş işleri bilen jezalandyrylyp bilinýär. Eger päsgelçilik güýç ulanyp hüjüm etmek bilen baglanyşykly bolsa, onda jeza 2 ýyl tussaglyga çenli uzaldylyp biliner.
Köpçilikleýin ýerlerde dini geýimi gadagan edýän ozalky Kanundan tapawutlylykda, täze Kanunda jemgyýetçilik ýerlerinde dini egin-eşik geýmezlik barada hiç zat aýdylmaýar.
Täze Kanun hasaba alnan dini guramalara, degişli lisenziýa alandan soň, ruhanylary okatmak üçin dini okuw jaýlaryny açmaga rugsat berýär. Beýle lisenziýany almagyň düzgünlerini Ministrler Kabineti işläp düzýär. Täze Kanun şeýle-de dini okuw jaýlarynda dini sapaklary okadýan adamlaryň dini biliminiň bolmalydygyny we olar öz işini dini guramanyň merkeziniň ýolbaşçylary rugsat berenden we Komissiýa oňlandan soň alyp barmalydygyny göz öňünde tutýar.
Täze Kanuna laýyklykda Komissiýa hasaba alnan dini guramalara döwlet edaralary bilen işleşmäge, dini guramalara Kanuny düşündirmäge, Kanuna laýyk geler ýaly, dini guramalaryň işine gözegçiliik etmäge, dini edebiýaty terjime we çap etmek işlerinde ýardam bermäge, dürli dini guramalaryň arasynda düşünişmekligi ýola goýmaga borçly. Täze Kanun dini guramalaryň ýolbaşçylarynyň Komissiýa tarapyndan tassyklanmagyny talap edýär, ýöne weli, Kanunda Komissiýanyň razylygynyň nahili ýollar bilen alynmalydygy görkezilmeýär. Komissiýa baş müfti ýolbaşçylyk edýär. Komissiýanyň işine Ministrler Kabinetiniň başlygynyň din işleri üçin jogapkär orunbasary gözegçilik edýär.
Täze Kanuna laýyklykda, ýerli häkimiýetler öz çäklerindäki dini ýagdaýa gözegçilik edip, ony derňäp, Komissiýa din azatlygy boýunça Kanuny kämilleşdirmek üçin öz tekliplerini ýollap we dini binalardan daşarda geçirilýän çäreleri ugrukdyrmaga ýardam berip bilýärler.
Täze Kanun “dini, milli, etnik we jynsy ýigrenji” döredip biljek dini edebiýaty köpçülikleýin çap etmegi gadagan edýär. Emma weli bu kesgitlemäni haýsy edaranyň çözýändigi anyk edilmeýär. Dini edebiýaty daşary ýurtdan diňe hasaba alnan dini guramalar getirip bilýärler, ony bolsa Komissiýa tassyklamaly. Hasaba alnan guramalar hökümetden rugsatsyz dini edebiýaty çap edeni ýa-da ýaýradany üçin jerimä sezewar edilip bilinýär. Administratiw kodeksde rugsatsyz dini edebiýaty çap edileni, daşary ýurtdan getirileni we ýaýradylany üçin 200 manatdan 2000 manada ($57-572) çenli salynýan jerime jikme jik görkezilýär.
Täze Kanun dini ygtykatlar, ybadatlar we çäreler ýaşaýyş jaýlarynda geçirilip biliner diýip tassyklaýar. Emma weli ýaşaýyş jaý kodeksi köpçilikleýin ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýyşdan başga maksatlar üçin ulanylmagyny gadagan edýär.
Täze Kanun ýerli häkimiýetlere, Komissiýanyň razylygy bilen, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dini binalary gurmak baradaky meseläni çözmäge rugsat berýär.
Döwlet mekdeplerinde dini sapaklar ýok. Täze Kanun hasaba alnan dini guramalara çagalaryň ene-atasynyň we Komissiýanyň razylygy bilen hepdede dört sagada çenli dini bilim bermäge rugsat edýär. Din ugrundan ýokary okuw jaýlaryny tamamlan we Komissiýa tarapyndan oňlanan adamlar dini bilim berip bilýärler. Täze Kanuna laýyklykda, raýatlaryň dini bilim almaga hukuklary bar. Muňa garamazdan, hususy jaýlarda dini bilim bermek gadagan we dini bilim bermegi hödürleýän adamlar sud jogapkärçiligine çekilip bilinýär.
Täze Kanun hasaba alynmadyk dini toparlara we hasaba alnan dini guramalaryň hasaba alynmadyk şahamçalaryna dini bilim bermegi gadagan edýär.
Heniz hem öz güýjündki adminiçtratiw kodeks, çagalara degişli rugsatsyz dini okuw okadylany üçin, 100 manatdan 500 manada çenli ($100-500) jerimäni anyklaşdyryp görkezýär.
Täze Konstitusiýa 18 ýaşy dolan erkek adamlaryň hökman iki ýyl harby gullukda bolmalydygyny göz öňünde tutýar. Täze Konstitusiýanyň we Kanunyň talaplaryna laýyklykda, wyždany boýunça harby gullukdan boýun towlaýanlara alternatiw graždan gullugy hödürlenmeýär. Ýöne weli dini sebäpli goşunda gulluk etmek islemeýänlere goşunyň ýarag ulanylmaýan bölümlerinde gulluk etmegi hödürleýär. Hökmany iki ýyllyk harby gullukdan ýüz öwürýänler iki ýyla çenli tussaglyk ýa-da iki ýyl düzediş işleri bilen jezalandyrylýarlar. Hökümet düzediş işlerini sud edileniň öz ýaşaýan ýeriniň golaýynda, ýa-da ýaşaýan ýerinden daşdaky başga bir ýerde belläp bilýär. Din baradaky ozalky Kanun anyklanmadyk alternatiw gulluklara salgylanýan hem bolsa, täze Kanun Konstitusiýada we täze Kanunda görkezilen borçlary dini sebäplere garamazdan, hemmeleriň ýerine ýetirmelidigini belleýär.
Täze Konstitusiýa we täze Kanun dine esaslanýan syýasy partiýalary döretmegi, täze Kanun bolsa dini toparlaryň syýasata gatyşmaklygyny gadagan edýär.
Täze Kanun daşary ýurtly missionerleriň we daşary ýurt dini guramalaryň işi barada anyk bir görkezme bermeýär, ozalky Kanun bolsa beýle işleri gadagan edýärdi. Ýöne weli administratiw kodeks hasaba alnan dini guramalara missionerçilik ýaly rugsat berilmeýän işler üçin daşary ýurt guramalaryndan ýardam almagy gadagan edýär.
Täze Kanun dini toparlaryň ähli daşary ýurtdan alýan ýardamlarynyň Adalat Ministrliginde hasaba alynmagyny, olaryň ulanylyşynyň deslapky we ahyrky hasabatyny talap edýär. Administratiw kodeksde rugsatsyz ýurduň daşyndan ýardam alýan dini toparlara 10000 manada ($2864) çenli jerime göz öňünde tutulan.
Ýurt Graždan we Syýasy Hukuk boýunça Halkara Şertnamanyň (Paktyň) agzasydyr.
Hökümet Praktikasy
Hökümet öz dini doktrinasyna eýermeýän Musulman dini toparlaryň ýolbaşçylaryny, şeýle-de, Jehowanyň Şaýatlary ýaly öz dini ýoluny alyp barýan hasaba alynmadyk dini azlyklaryň agzalaryny tussag edýär. Tussag edilenler bilen aragatnaşyk saklamaga garşy hökümetiň girizen çäreleri, ozalky ýyllarda öz dini garaýyşlary üçin tussag edilenleriň näçesiniň türmede saklanýandygyny kesgitlemegi kynlaşdyrýar. Hökümet Jehowanyň Şaýatlarynyň birnäçesiniň harby gullugyň alternatiw görnüşini döretmek baradaky haýyşlaryny ret etdi we olary harby gullukdan boýun towlandyklary üçin düzediş işleri bilen jezalandyrdy.
Hökümet wyždany sebäpli harby gullukdan ýüz öwürýänlere goşunyň ýaragsyz bölümlerinde gulluk etmegi hödürleýär, emma weli alternatiw gullugyň graždan görnüşini döretmekden ýüz öwürýär. Polis hasaba alynmadyk dini toparlaryň ýygnaklaryny basyp ýatyryp, dini çäreleri togtatmagy talap edýär, şeýle-de, käbir adamlara wagtal-wagtal dini çäreleri geçirmek üçin rugsat soraýan dini toparlarynyň agzalaryny yzarlamaga ejaza berýär. Ýylyň dowamynda hökümet hiç bir täze dini guramany hasaba almady we ozalky hasapdakylary täzeden hasaba goýmady. Hökümet ýokary Musulman dini ýolbaşçylarynyň ählisini hut özüniň wezipä bellemekligini, dini edebiýatyň getirilmeginiň öňüni almagyny, dini maksatlar üçin ýer ýa jaý satyn almak ýa-da kireýine tutmak isleýän dini toparlara päsgelçilikler döretmegini dowam etdirdi. Hökümet Haja gidýänleri goldady. Hökümet käbir dini toparlara daşary ýurt wagyzçylaryny çagyrmaga rugsat berdi.
“Forum-18” atly halkara guramanyň maglumatlaryna görä, hökümet ekstremist diýip hasaplan dini toparlarynyň agzalaryny türmä basýar. Häkimiýetler olary köplenç “Wahhabitler” diýip atlandyrýar. “Forum-18-iň” maglumatlaryna görä, Wahhabitler diýlip tussag edilenler türmeleriň ýörite bölümlerinde saklanýarlar we olara daşary bilen hat alyşmak ýa görüşmek gadagan edilen. “Forum-18” tussag edilenler barada goşmaça maglumat bermek baradaky haýyşyň häkimiýetler tarapyndan ret edilendigini habar berýär.
“Forum-18” Bahram Saparow atly Musulman ýolbaşçysynyň Iýun aýynda ýapyk sud mejlisinde ogurlukda we talaňçylykda aýyplanyp, ozalky iki hökümi hem üstüne goşup, 15 ýyl tussaglyga höküm edilendigini habar berýär. Onuň sud diňlenişigi ýokary derejede ýapyk Owadan depe türmesinde geçirildi. Saparow ozal hem, hamala, häkimiýeti basyp almak üçin dil düwüşlikde, konstitusion gurluşy güýç bilen üýtgetmäge çagyryş etmekde, sosial, dini we etniki agzalalygy öjükdirmekde, guramaçylykly jenaýat toparyny döretmekde, ýarag, harby tehnika, partladyjy jisimleri we gurallary ogurlamakda aýyplanyp tussag edilipdi. Saparow Türkmenabatda Sünnileriň Hanefi mezhebine baştutanlyk edýärdi. Ol we onuň toparyndan takmynan 20 adam 2013-nji ýylyň Maý aýynda tussag astyna alnyp, uzak möhletleýin azatlykdan mahrum edilipdi. Türkmenistanyň Alternatiw Täzelikleri (ATN-TAT) Saparowyň toparyndan iki adamyň, Lukman Ýaýlanowyň we Narguly Baltaýewiň ýylyň dowamynda Owadandepe türmesinde ölendiklerini habar berdi. ATN-TAT-yň maglumatyna görä, ölenleriň jesetleri, gören zatlaryny hiç ýerde aýtmazlyk hakda dil haty berenlerinden soň, garyndaşlaryna gaýtarylyp berildi. Saparowyň toparynyň nirededigi, diriligi, olara çykarlan höküm barada hiç hili maglumat ýok.
“Forum-18-iň” maglumatlarynda Ýoldaş Hojamyradow atly Musulmanyň polis tarapyndan beýleki “Wahhabitleri” anyklamak üçin binäçe hepdeläp üznüksiz sorag edilenden soň, öz janyna kast edendigi aýdylýar.
“Forum-18” Jehowanyň Şaýady Mansur Maşeripowyň 2014-nji ýylda polis işgärine hüjüm etmekde aýyplanyp, Iýun aýynda tussag edilip, bir ýyl azatlykdan mahrum edilmäge höküm çykarylandygyny habar berýär. “Forum-18-iň” maglumatlaryna görä, birinji gezek tussag edilende, onuň öýündäki dini edebiýat konfiskasiýa edilip, özüni bolsa polis bölümine alyp gidip, urup-ýenjip, näbelli bir neşe maddasyny sanjypdyrlar. Habarlara görä, Maşeripow neşe goýdurylýan merkeze ýerlşdirilipdir we ondan gaçypdyr. Ol Aşgabatda Iýun aýynda ýene tussag edilipdir. Ol tussag edilmegine şikaýat edipdir. Ýylyň ahyryna çenli onuň işi barada goşmaça maglumat bolmady.
“Forum-18-iň” maglumatlaryna görä, Jehowanyň Şaýady Bahram Hemdemow, hamala, dini agzalalygy öjükdireni üçin günälenip, oňa 2015-nji ýylyň Maý aýynda dört ýyl iş kesilipdi. Ol häzir hem Seýdidäki zähmet koloniýasynda bolmagynda galýar. Ol 2015-nji ýylyň Mart aýynda öz Türkmenabatdaky öýünde ybadat edýän mahaly tussag edilipdir. Polisde gorag astynda saklanan wagty, toslanyp tapylan günäleri boýun aldyrmak üçin ony her hili basyşlara sezewar edipdirler we gynapdyrlar.
“Forum-18” hökümetiň wyždan ýesirleri barada maglumat bermekden ýüz öwürýändigini habar berýär. Tussaglar bilen habarlaşmaga girizilen gadagançylyklar zerarly ozal türmä basylan Musulmanlaryň ýagdaýyny, şol sanda olaryň diridigi barada hem bir zat bilmek mümkin däl. Mysal üçin, Türkmenabatly Musulman Renat Bektemirow ýerli müftiniň wagyzlaryny sorag astyna alany we dini garaýyşlaryny bildireni sebäpli 2008-nji ýylda tussag edilipdi. Onuň türmede galany ýa galmany belli däl.
Dekabr aýynda dürli habar çeşmeleri Türkiýäniň hökümetiniň Türk klerigi Fethullah Güleni Iýul aýyndandaky başa barmadyk döwlet agdarlyşygyny gurnamakda aýyplandan soň, onuň yzyna eýerijiler hasaplanýanlaryň onlarçasynyň tussag astyna alnandan soň, gynalyp sorag edilendiklerini habar berdiler.
Sentýabr aýynda “Forum-18” Hitrowkadaky Sünni metjidiniň ymamy Aly Ataýewiň 2013-nji ýylda ölendigini habar berdi. Ol 2008-nji ýylda hamala döwlet agdarlyşygynda günälenip, berk düzgünli zähmet koloniýasynda jeza çekmek üçin 20 ýyl tussaglyga höküm edilipdi. Ataýew ýerli topar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ýaragly çaknyşyk bolandan soň tussag edilipdi. Bir adamyň “Forum-18-e” gürrüň bermegine görä, ol metjitde hökümetden birugsat çagalara dini bilim beripdir. Ataýewiň jesedi garyndaşlaryna gaýtarylyp berilmedi.
Jehowanyň Şaýatlary hökmany harby gullukdan boýun towlamaklaryny dowam etdirdiler. “Forum-18-iň” maglumatlaryna görä wyždan düşünjesi boýunça harby gulluga gitmedikleri hökümet azatlykdan mahrum etmän, olary zähmet-düzediş işlerine höküm edipdir. “Forum-18” wyždany sebäpli harby gullukdan ýüz öwüren Jehowanyň Şaýady Daýanç Jumaýewiň Aşgabatda Fewral aýynda bir ýyl düzediş işlerine höküm edilendigini habar berdi. Habarlarda Fewral-Awgust aýlary aralygynda Jehowanyň Şaýatlarynyň ýene bäşisine iki ýyl möhlet bilen şertleýin höküm çykarylandygy aýdylýar. Olaryň birisi bolsa on sekiz aýlyk düzediş işlerine şertleýin höküm edilipdir. Iýul aýynda BMG-nyň Adam Hukuklary boýunça Komiteti hökümetiň alty sany Jehowanyň Şaýadynyň hukuklaryny bozup, olary tussag edendigi barada kesgitleme çap etdi. Şeýlelik bilen, ýylyň birinji alty aýynda hökümet Jehowanyň Şaýatlarynyň ýene altysyna jeza berdi, onuň netijesinde hukuk bozmalaryň sany ona ýetdi.
Jehowanyň Şaýatlary 23-nji Martda polis işgärleriniň Türkmenabatdaky bir hususy kwartiranyň içine girmäge synanyşandyklaryny habar berdiler. Polisler ol gün kwartira girip bilmediler. Ol ýerde şol wagt Jehowanyň Şaýatlarynyň 20 adamdan ybarat topary Isanyň (Hristosyň) aradan çykan gününi bellemek üçin ýygnanyşypdylar. Ertesi güni polis işgärleri jaýa kürsäp girip, toparyň ähli agzalaryny polis uçastogyna alyp gidipdirler. Polisler şol ýerde toparda bolan iki adamyny urup-ýenjipdirler. 25-nji Martda saklananlaryň bir adamdan özgesi azat edilipdir. Galan bir adamy bolsa 15 günüň dowamynda tussaglykda saklapdyrlar. Habarlara görä, polis toparyň ýedi agzasyna 500 manat ($143) jerime salypdyr, ýöne weli olara hiç hili resmi aýyplama bildirilmändir. Bu hadysa barada Jehowanyň Şaýatlarynyň Awgust aýynda Türkmenabadyň prokuraturasyna ýazan şikaýatlaryna, prokuratura polis işgärleri derňew geçiren mahaly hiç bir düzgüni bozmadylar diýip jogap berdi.
“Azat Ýewropa/Azatlyk” radiosy hukuk goraýjy guramalaryň Daşoguzda 50 ýaşy dolmadyk adamlary saklap, olara sakgallaryny syrmaga mejbur edendigini habar berdi. Häkimiýetler bu hasabat barada hiç hili düşündiriş bermediler.
Kanun öz dini ynanjyňy çalyşmagy gadagan etmeýän hem bolsa, dini azlyklaryň wekilleri hökümetiň Yslamdan başga dine geçen Türkmenleri, beýleki milletleriň wekillerinden has beter gözegçilik astyna alýandygyny aýdýarlar.
Hökümet ýylyň dowamynda hiç bir täze dini guramany hasaba almady. Täzeden hasaba durmak işini alyp barýandyklaryna garamazdan, ozal hasaba alnanlary hem täzeden hasaba goýmady. Hökümet resmileri Kanuny bozmazlyk üçin ozalky hasaba alnan guramalary täzeden hasaba almakdan saklanandygyny belleýärler. Birnäçe dini guramanyň wekilleri ýylyň dowamynda hasaba durmak üçin arza berendiklerini aýtsalar hem, hökümet hasaba durmak üçin arza beren täze guramalaryň sany barada maglumat bermedi.
Käbir özge toparlar gaýtadan hasaba durmak üçin täzeden işleýändiklerini beýan edýärler. Adalat Ministrligi diňe arza doly bolmadyk mahaly ýa-da topar ýurduň howpsuzlygyna wehim salýan bolsa, arzany kanagatlandyrmaýandygyny belleýär, ýöne, beýle howpy nähili ýol bilen kesgitleýändigini weli düşündirmeýär. Dini toparlaryň birnäçesiniň agzalary hasaba durmagyň aýdyň däldigini, Komissiýadan bolsa hiç hili kömegiň ýokdugyny belleýärler. Dekabr aýynda hökümet 10 ýylyň içinde ilkinji gezek hasaba alnan we alynmadyk dini toparlar bilen tegelek stol duşuşygyny geçirdi. Habarlarda hökümetiň hasaba alnyşyň düzgünlerini kämilleşdirmek baradaky meseläni çözmändigi, ýöne hasaba alnyş düzgünlerini has aýdyňlaşdyrmaga synanyşmaklygy wada berendigi barada aýdylýar.
Hökümetiň maglumatlaryna görä, ýurtda 2015-nji ýylda hasaba alnan iki sany täze Musulman topary hem öz içine alýan 130 sany dini gurama hereket edýär. Ol guramalaryň 106 sanysy Musulmanlaryň, şol sanda 101 sanysy Sünni Musulmanlaryň, bäşisi Şaýylaryň, 13-si Rus Prawoslawlarynyň we 11 sanysy hem özge dinleriň, şol sanda Katolikleriň, Bahaýylaryň, Halkara Krişnanyň Aňy jemgyýetiniň we Protestant Hristianlaryň guramalarydyr.
Gizlin iş alyp barýan ýerli graždan (raýat) aktiwistleriniň habarlarynda MHM-niň we Içeri Işler Ministrliginiň guramaçylykly jenaýata we terrorizme garşy göreşýän bölümleriniň işgärleri dini azlyklara, şol sanda Hristian toparlara gizlin we telefon diňlemek arkaly gözegçilik edýärler diýip bellenilýär. Kanunyň din azatlygyny goraýandygyna garamazdan, hökümetiň ýokary derejeli wekilleriniň dine sowet döwründäki ýaly garaýandyklaryny aktiwistler belleýärler.
“Forum-18-iň” maglumatlaryna görä polisiýanyň gizlin iş alyp barýan bölümleriniň işgärleri dini guramalaryň wekilleri bilen duşuşyp, olardan guramanayň işi barada maglumat bermeklerini talap edýärler.
Bar bolan habarlara görä, hökümetiň dini guramalary ýönekeý adamlaryň yzarlamagyny gadagan edýän kanuny hemmeler üçin deň ulanylmaýar. Mysal üçin, hökümet işgärleri käbir resmi däl adamlara köpçilikleýin geçirilýän dini ýygnaklaryň işine gatyşmaga rugsat berýär. Hasaba alnan dini guramalaryň wekilleri, beýle hadysalar barada, hökümetiň gözegçiligi has beter güýçlendirmeginden heder edip, habar bermeýäniklerini beýan edýärler.
Hasaba alnan Hristian toparlaryň wekilleri käbir hökümet işgärleriniň olardan her hepdede geçirilýän ybadat, haýyr-sahawat ýaly adaty alnyp barylýan işleriň, şol sanda, çagalar üçin tomusky lagerleri açmaklygyň hem özleri tarapyndan tassyklanmagyny talap edýändiklerini habar berýärler. Hepdelik ybadatlary ýerine ýetirýändiklerine garamazdan, toparlar özlerine okuw seminarlaryny geçirmäge rugsat berilmeýändigini belleýärler.
“Forum-18-iň” maglumatlaryna görä, 26-njy Fewralda Mary şäherinde polis işgärleri ýerli Baptist kilisesiniň pastory bilen duşuşyp, her ýylda tomusda açylýan lageri açmazlyga duýduryş beripdirler. Pastory 90 minudyň dowamynda sorag edenlerinden soň, polis işgärleri, hamala onuň ozalky ýyllarda daşary ýurtdan lageri gurnamak üçin alýan maliýe ýardamy barada hemme zatlary bilýändiklerini aýdyp, ondan kanuny bozýandygy hakynda arza ýazmagyny talap edipdirler. Pastor muňa razy bolmandyr. Ýylyň ahyryna çenli tomusky lager barada hiç hili goşmaça maglumat bolmady.
Hökümet hasaba alynmadyk dini guramalara we dini guramalaryň hasaba alynmadyk bölümlerine jemgyýetçilik ýerlerinde we hususy jaýlarda ýygnaklar geçirmeklige gadagançylygy dowam etdirýär. Hasaba alynmadyk toparlar öz agzalarynyň “bikanun ýygnaklar” üçin tussag edilip, olara Kanunda görkezilen jerimäniň artygy bilen töledilendigini habar berýärler. Olar öz ýygnaklaryny, goňşulary ýerli häkimiýetlere arz edýänçäler, gizlinlikde, hususy ýaşaýyş jaýlarynda geçirýändiklerini beýan edýärler.
Sentýabr aýynda hökümet 2015-nji ýyldaky ýaly, Haja gidýän 188 zyýaratçynyň harajatlaryny öz üstüne alýandygyny habar berdi. Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, hökümet Haja özbaşyna gidýänlere öz başlaryny çaramaga rugsat etdi. Hökümet Noýabr aýynda köp adamlaryň hökümetden maliýe kömegini almazdan Haja gidendigini habar berdi, ýöne olaryň sany barada hiç zat aýdylmady.
Hökümet ýokary derejeli Musulman ruhanylarynyň hemmesini wezipä bellemegini dowam etdirdi. Musulmanlaryň käbirleri ruhanylaryň dini biliminiň derejesine, hökümetiň öň bellenen dini ýolbaşçylary çalyşmaklygyna alada bildirdiler. Rus Prawoslaw kilisesi hem-de beýleki dini toparlar öz-özlerini maliýeleşdirýärler we hökümet olaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen meşgullanmaýar.
Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň taryh bölümindäki teologiýa fakultetiniň agzalary ýokary Yslam bilimini professorlyk derejesinde berip biljek ýeke-täk adamlar bolup durýarlar. Hasabatlarda geljekki studentleriň okuwa girmezinden öň Milli Howpsuzlyk Ministrligi tarapyndan barlanylýandygy görkezilýär. Döwlet tarapyndan tassyklanmadyk Yslam teologiýasyny öwrenmäge mümkinçilik ýok. Aýal-gyzlar, ozalkysy ýaly, bu programmadan çetde galdyryldy.
Öz diniňi köpçilikde bikanun hasaplanýan hem bolsa, käbir hasaba alnan dini toparlar, mysal üçin, Bahaýylar köpçilik ýerlerinde öz dini barada gürrüň etmäge päsgelçiligiň ýokdugyny belleýärler.
Häkimiýetler aýry-aýry adamlara we dini toparlara birugsat dini işleri üçin jerime salmaklygyny dowam etdiler. “Forum-18” polis işgärleriniň hasaba alnan kilisäniň agzalaryny, hamala Tejende bikanun dini edebiýaty ýaýradandyklary üçin Fewral aýynda ilki tussag edip, soň bolsa olara 500 manat ($ 143) jerime salandyklaryny habar berýär.
Dini toparlar hökümetiň ýurduň daşyndan dini edebiýaty getirmegi we daşary ýurt dini edebiýatyna abuna ýazylmagy gadagan edýändigini habar berýärler. Olar Kanun boýunça hasaba alnan dini toparlara daşary ýurtdan dini edebiýaty almaga rugsat edilýän hem bolsa, hökümet tarapyndan girizilen çylşyrymly gümrük tertipleriniň muny juda kynlaşdyrandygyny beýan edýärler. Gurhanyň Aşgabatdaky kitap dükanlarynda elýeterli däldigine garamazdan, köp adamlaryň öýlerinde onuň arap dilindäki bir nusgasy ýa-da sowet döwründen galan rus diline terjime edileni bar. Türkmençä terjime edileni hem gabat gelýär. Döwlet kitap dükanlarynda Injil (Bible) satylmaýar.
Häkimiýetler Mart aýynda Aşgabatdaky Aksa metjidini buldozer bilen ýykyp düzlediler. “Forum-18-iň” maglumatlaryna görä, häkimietler metjidi “rugsatsyz salnandygy” üçin ýykandyklaryny beýan edýärler.
“Forum-18-iň” habarlarynda prezident Berimuhamedowyň 2012-nji ýylda yzyna gaýtarmak hakynda beren wadasyna garamazdan, Sowet döwründe konfiskasiýa edilen Türkmenbaşydaky Ermeni Apostol kilisesiniň yzyna gaýtarylyp berilmändigi bellenilýär.
Dini toparlaryň pikiriçe, hökümet we döwlet edaralary dini ygtykatlar üçin ýer we binalary satyn ýa uzak möhletleýin kireýine almak meselesine goşulýarlar. Hasaba alnan toparlar dini baýramlary bellemek üçin ýer we jaý kireýine almagyň, öý eýeleriniň hökümetiň oňlamazlygyndan çekinýändikleri sebäpli, kyn mesele bolup galýandygyny belleýärler. “Forum-18-iň” maglumatlarynda Daşoguzdaky “Gündogar Çyragy” kilisesiniň agzalarynyň 2015-nji ýylyň başyndan bäri duşuşyk geçirip bilmeýändikleri bellenýär.
Hökümet hasaba alynmadyk dini toparlara dini bilim bermeklige girizen gadagançylygyny güýjünde galdyrdy.
2014-nji ýylda alternatiw gulluk meselesini öwrenmäge taýýardygy hakyndaky beýannamasyna garamazdan, hökümet wyždany sebäpli harby gullukdan ýüz öwürýänler üçin başga bir alternatiw gulluk barada dini toparlar bilen çekişmä girişmekden saklanýar. Hökümetiň beren maglumatyna görä, ýylyň dowamynda Jehowanyň Şaýatlarynyň üçüsi goşunda gulluk edipdir.
Hökümet missionerçilik bilen meşullanýan we muňa meýil edýän daşary ýurt adamlaryna wiza bermezligini dowam edýär. Dini toparlaryň wekilleri dini myhmanlar üçin wizalaryň juda gysga möhlete berilýändigini we toparlardan çylşyrymly resminamalaryň talap edilýändigi barada habar berýärler. Hökümet dini mesele bilen daşary ýurtly myhmanlaryň näçesine rugsat berlendigi, näçesine bolsa wiza berilmändigi barada habar bermedi.
“Forum-18-iň” maglumatlaryna görä, dine uýýanlaryň uly bölegi IIM we gizlin gulluklar tarapyndan gara sanawa salynýar we daşary ýurda giden hem-de ol ýerden gaýdyp gelen wagtlary resmi gullukçylaryň berk barlagyndan geçirilýär.
Iýun aýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmadaşlyk Guramasy (ÝHHG) kanun çykaryjy we hukuk goraýjy guramalaryň wekilleriniň 20 sanysy üçin dini gatnaşyklary we beýleki dinleri öwrenmek meselesine bagyşlanan üç günlük seminar geçirdi. ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi bu okuwyň din we wyždan azatlygy meselesinde ýurduň halkara ölçeglerine gabat gelýän derejesine ýetmäge ýardam edendigini beýan etdi.
3-nji bölüm. Din Azatlygyna Jemgyýet Hormatynyň Statusy
Adaty dini ygtykatlardan we praktikadan ýüz öwrenler, öz maşgala agzalarynyň bazarlardan başlap köp ýerlerde jemgyýet tarapyndan kemsidilmelere we tankyda duçar edilýändiklerini habar berýärler. Hasaba alnan Hristian toparlarynyň agzalary öz dini degişliligi sebäpli tanyşlarynyň olara duşmançylykly garaýandyklaryny habar berýärler.
Adaty dinden daşlaşyp, adaty däl hasaplanýan dine goşulýanlar jemgyýet tarapyndan ýazgarylýarlar. Dini azlyklaryň wekilleri Yslamdan ýüz öwren etniki türkmenleriň, türkmen milletinden bolmadyklara garanyňda, köpçülik ýerlerinde, ylaýtanam, obalarda has berk ýazgarylýandyklaryny belleýärler.
Daşary ýurtda esaslandyrylan Jehowanyň Şaýatlary ýaly dini toparlaryň wekilleri ozalkylary ýaly, adamlaryň özlerine şübhe bilen seredýändiklerini beýan edýärler.
4-nji bölüm. ABŞ-nyň Hökümetiniň Syýasaty
Amerikanyň hökümeti wezipeli adamlar bilen geçirilen duşuşyklardan we resmi hat alyşmalardan soň, Amerikanyň hökümet resmileriniň, Ilçihananyň wekilleriniň, şol sanda, Döwlet Sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň saparynyň dowamynda bolan duşuşyklarda din azatlygyny goldamak ugrundaky tagallalary köpeltmäge çagyrdy. Olar Jehowanyň Şaýatlarynyň tussag we azatlykdan mahrum edilmeklerine, harby gullukdan ýüz öwürýänler üçin alternatiw graždan gullugyň ýoklugyna, dini toparlaryň hasaba alynmak hukugy, hasaba alynmagyň düzgünleri barada elýeterli maglumatyň bolmazlygyna, dini edebiýatyň getirilmeginiň we ýaýradylmagynyň çäklendirilmegine alada bildirdiler. Olar hökümeti Goranmak Ministrliginiň golastynda bolmadyk graždan gulluklaryny döretmäge hem-de gündeki meseleleri maslahatlaşar ýaly hökümet resmileri bilen dini toparlaryň wekilleriniň duşuşyklaryny ýola goýmaga çagyrdylar.
Mart aýynda ilçihana hökümeti Adalat Ministrligi bilen dini guramalaryň arasynda tegelek stol duşuşygyny geçirmäge çagyrdy, ol hem hökümet tarapyndan ahyry Dekabr aýynda gurnaldy. Ilçihana hasaba almaklygyň tertibine ünsi çeken hem bolsa, hökümet bu zatlary aýdyňlaşdyrmak barada hiç bir wada bermedi.
Ýylyň dowamynda Ilçi hasaba alnan we alynmadyk dini toparlaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirip, olaryň ýagdaýyndan habar alyp durdy.
Halkara Din Azatlygy Baradaky 1998-nji ýylyň Kanuny esasynda, dini azatlyklary has beter bozýandygy üçin, Türkmenistan 2014-nji ýyldan bäri aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hatarynda durýardy. Döwlet Sekretary 2016-njy ýylyň 31-nji Oktýabrynda Türkmenistany ýene-de aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hatarynda galdyrdy, ýöne weli ABŞ-nyň milli bähbitlerini göz öňünde tutup, munuň bilen bagly girizilýän sanksiýalary ulanmakdan häzirlikçe saklandy.