Türkmenistanda 2017-nji ýylda din azatlygy barada hasabat

Jemleýji netije

Konstitusiýa din azatlygyny kepillendirýär we her bir şahsyň öz dinini saýlap bilmek, öz dini garaýşyny bildirmek we ony ýaýratmak, dini çärelere gatnaşmak hukugyny göz öňünde tutýar. Konstitusiýa häkimiýetiň we diniň biri-birinden aýrydygyny belleýär hem-de dini guramalara döwlet işlerine gatyşmagy gadagan edýär. Dini guramalar we din azatlygy baradaky kanun ähli dini guramalaryň, şol sanda ozalky kanuna laýyklykda hasaba duranlaryň hem kanuny taýdan iş alyp barmak üçin Adalat ministrliginde täzeden hasaba alynmagyny talap edýär. Hasaba alynmak işine Daşary işler ministrligi (DIM), Milli howpsuzlyk ministrligi (MHM), Içeri işler ministrligi (IIM) we beýleki döwlet edaralary gatnaşýarlar.

Kanuna laýyklykda dini guramanyň maksatlary we hereketleri ýurduň Konstitusiýasyna ters gelýän bolsa ýa-da gurama dini däl diýilip bilinse, onda olary Adalat ministrligi hasaba almaýar. Ony baş müfti tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Dini guramalar bilen işleşmek we dini maglumat resurslarynyň ekspertizasynyň döwlet komissiýasy (SCROEERIR – Mundan aňyrda – Komissiýa) kesgitleýär.

Kanunda şeýle-de raýatlaryň kanuny bähbitlerine ters gelýän, ýa-da olaryň saglygyna we ahlagyna zyýan berýän dini guramanyň hökümet tarapyndan ýatyrlyp bilinjekdigi bellenýär. Kanun hasaba alynmadyk dini guramalaryň işlerini gadagan edýär. Hökümet wyždany sebäpli harby gullukdan ýüz öwürýänlere alternatiw gulluk hödürlemeýär. Hökümete degişsiz guramanyň (HDG) maglumatlaryna görä, 2013-nji ýylda tussag edilen musulman adam tussaghanada aradan çykypdyr we onuň jesedi örän hor we urlup-ýenjilmeden galan gök tegmiller bilen örtülen. Ol dini barlag işlerini geçirýän toparyň agzalarynyň biri bolup, häkimiýeti zor bilen basyp almaklykda hem-de sosial, etnik we dini ýigrenji tutaşdyrmakda aýyplanyp tussag edilipdi.

“Forum-18” atly HDG-nyň maglumatlaryna görä, Jehowanyň Şaýatlary we protestant toparlar yzarlanmalara, gynamalara, jerimelere, edebiýatynyň konfiskasiýasyna we öýleriniň dökülmegine sezewar edilýärler. Sud türk dini ýolbaşçysy Fethullah Gülen bilen gatnaşygy bolan 18 adamyny 25 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Halkara HDG-nyň habarlarynda erkek adamlaryň gynamalara sezewar edilendigi bellenilýär. Häkimiýetler Serdar şäherinde ofiserleri “adaty däl yslamy” wagyz etmekde aýyplap, olary uzak möhletleýin tussaglyga höküm etdi. Habarlarda döwlet edaralarynyň dini çärelere gatnaşandyklary, şol sanda, çokunandyklary üçin işgärleri işden boşadandygy bellenilýär. Ýylyň dowamynda hökümet hiç bir täze dini guramany hasaba almady, emma weli “Forum-18” hökümetiň Aşgabatda we Daşoguzda “elliçileriň” jemgyýetini täzeden hasaba alandygyny belleýär. Hökümet ýokary dini ýolbaşçylary wezipä bellemek, dini edebiýatyň getirilmegini gadagan etmek, jaý ýa-da ýer satyn ýa kireýine almak isleýän dini guramalara päsgelçilik döretmek ýaly işlerini dowamly alyp barýar. Yslamdan ýüz öwürýän etnik türkmenler, başga dine geçen beýleki milletleriň wekillerine garanyňda hökümet tarapyndan özlerine has beter üns berilýändigini belleýärler.

Adaty milli-dini ynamlara we hereketlere eýermeýän adamlar özlerini başga dine çekmek üçin beýleki adamlar, şol sanda, öz maşgala agzalary, dostlary we goňşulary tarapyndan tankyda we yzarlanmalara duçar bolýandyklaryny habar berýärler. Hasaba alnan hristian guramalarynyň agzalary öz tanyşlary tarapyndan dini ygtykaty üçin duşmançylykly garalýandyklaryny habar berýärler.

Hökümet agzalary bilen duşuşyklarda hem-de hat alyşmalarda, ABŞ-nyň ilçihanasynyň işgärleri, Amerikanyň hökümet wekilleri tussag edilmelere we tussaghanalardaky agyr şertlere (şol sanda artykmaç adamlar, ýylylygyň ýa-da kondisioneriň ýetmezçiligi, ýaramaz iýmit, suwa düşülýän ýerleriň bolmazlygy, erbet medisina gullugy ýaly zatlara) hem-de dini jemgyýetleriň agzalarynyň saklanylmagyna alada bildirdiler. ABŞ-nyň wezipeli adamlary hökümet çinownikleri bilen duşuşyklarda hökümeti dini azlyklara bolan garaýşy gowulandyrmaga, wyždany sebäpli harby gullukdan ýüz öwürýänlere başga alternatiwany hödürlemäge, dini guramalaryň hasaba almak düzgünlerini aýdyňlaşdyrmaga, dini edebiýatyň getirilmegine girizilen gadagançylygy aradan aýyrmaga çagyrdy. Oktýabr aýynda ilçihana dürli dini guramalaryň wekilleri bilen täzeden hasaba durmaklygyň düzgünlerini maslahatlaşmak üçin tegelek stol çäresini geçirdi.

Halkara din azatlygy hakyndaky kanun esasynda, 2014-nji ýyldan başlap Türkmenistan «Aýratyn alada döredýän döwletleriň» hataryna girizildi. Döwlet Sekretary 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistany Aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hataryna goşdy we munuň bilen bagly Birleşen Ştatlaryň milli bähbidine görä girizilýän sanksiýalardan ýüz öwürdi.

1-nji bölüm. Dini demografiýa

ABŞ-nyň hökümeti ilatyň umumy sanyny 5,4 million diýip hasaplaýar (2017-nji ýylyň iýul aýyndaky çaklama). ABŞ-nyň hökümetiniň berýän bahasyna görä, ilatyň 89 göterimi musulmanlar, 9 göterimi prawoslaw hristianlar we ýene 2 göterimi bolsa özge dinlere uýýanlar. Ýurtdaky musulmanlaryň aglabasy sünniler. Jehowanyň Şaýatlarynyň, şaýylaryň, Bahaileriň we ýewangelist hristianlaryň, şol sanda baptistleriň we elliçileriň uly bolmadyk toparlary bar.

Etnik ruslaryň we ermenileriň aglabasy hristianlar we adatça, Rus Prawoslaw Kelisesiniň agzalary. Käbir etnik ruslar we ermeniler beýleki uly bolmadyk dini toparlaryň hatarynda durýarlar.

Şaýy musulmanlaryň uly bolmadyk ojaklary bar we ondakylaryň köpüsi eýran serhetiniň golaýynda we günbatardaky Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýan etnik eýranlylar, azerbaýjanlar we kürtler.

Soňky çaklamalara görä, ýurtda 200-250 sany ýewreý ýaşaýar.

2-nji bölüm. Hökümetiň din azatlygyna hormaty

Kanunlaryň çarçawasy

Konstitusiýa din azatlygyny kepillendirýär we her bir şahsyň öz dinini saýlap bilmek, öz dini garaýşyny bildirmek we ony ýaýratmak, dini çärelere gatnaşmak hukugyny göz öňünde tutýar. Konstitusiýa häkimiýetiň we diniň biri-birinden aýrydygyny belleýär hem-de dini guramalara döwlet işlerine gatyşmagy gadagan edýär. Konstitusiýa ýurtda bilim dünýewi häsiýetde diýip tassyklaýar. Konstitusiýa dini garaýyşlaryna seretmezden, kanunyň öňünde hemmeleriň deňdigini kepillendirýär.

2016-njy ýylda kabul edilen Kanun ähli dini guramalardan, şol sanda ozal hasaba alnanlardan hem täzeden hasaba durmagy talap edýär. Köne Kanundan tapawutlylykda, täze Kanun “dini toparlar” (50 adamdan az agzasy bolan) barada hiç zat aýtmaýar. Onda diňe ýaşy 18-den geçen 50 ýa-da ondan hem köp agzasy bolan “dini guramalara” hasaba durmaklyga rugsat berilýär. Kanun guramany din bilen baglanyşykly çäreleri we ybadatlary geçirmek, şeýle-de dini bilimi üpjün etmek we ýurduň kanuny esasynda hasaba durmak üçin raýatlaryň (graždanlaryň) meýletin birleşmesi diýip kesgitleýär.

Dini guramalar hasaba durmak üçin Komissiýa öz salgylaryny (telefon, adres), onuň tassyklamasyny, guramaçylar we agzalar tarapyndan hasaba durmak baradaky arzany, guramanyň düzgünnamsynyň iki nusgasyny, 200 manat ($57) möçberinde hasaba alyş ýygymyny bermeli we guramaçylaryň atlaryny, salgylaryny we doglan senelerini görkezmeli. Komissiýa tarapyndan arza gol çekilenden soň, ol Adalat ministrligine berilýär. Ol hem öz gezeginde arzany tassyklamak meselesini DIM, MHM, IIM we beýleki hökümet edaralary hem-de Adalat ministrliginiň özüniň gatnaşmagynda çözýär. Düzgüne laýyklykda, Adalat ministrligi goşmaça guramanyň ähli agzalarynyň terjimehal maglumatlaryny hem alyp bilýär. Kanuna laýyklykda, dini guramanyň ýolbaşçysynyň wezipesini “degerli dini ylym alan” raýat eýeläp bilýär.

Häzir hem öz güýjünde galýan, ozaldan gelýän salgyt kodeksi hasaba alnan dini guramalary salgytlardan azat edýär.

Kanun Adalat ministrligi komissiýasy tarapyndan dini gurama diýip tassyklanmadyk we maksady hem-de hereketleri ýurduň konstitusiýasyna ters gelýän guramalary hasaba almaýar. Kanunda Komissiýanyň haýsy ölçegler bilen ýokarda agzalanlary kesgitleýändigi görkezilmeýär. Täze kanun Baş prokuratura dini guramanyň konstitusiýany berjaý edişine gözegçilik etmegi tabşyrýar. Täze kanunda ýurduň sudlarynyň konstitusiýany bozan dini guramalaryň işlerini togtadyp bilýändigini belleýär. Täze kanunda şeýle-de, “raýatlaryň hukugyny, azatlygyny we kanuny bähbitlerini bozýan” ýa-da “olaryň saglygyna we ahlagyna zyýan berýän” hereketleri dini guramanyň ýapylmagyna esas bolup biljekligi bellenýär.

Dini guramalary hem öz içine alýan administratiw kodeks guramanyň düzgünnamasynda görkezilmedik çäreleri geçirendikleri üçin jerimäniň möçberini birin-birin beýan edýär.

Kanun Adalat ministrliginiň wezipeli adamlarynyň hasaba alnan dini guramanyň geçirýän islendik çärelerine gatnaşmaga we dini ýolbaşçylaryň alyp barýan işlerine şübhe bildirmäge haklarynyň bardygyny belleýär.

Administratiw kodeks adamlaryň ygtykat etmek ýa-da etmezlik hukugyny bozan wezipeli adamlar üçin 200-500 manat ($57-140) jerimäni göz öňünde tutýar.

Hasaba alnan dini guramalaryň agzalaryna azar berýän ynsanlar jenaýat ve administratiw kodeksi boýunça jezalandyrylýarlar. Dini azatlyga päsgel bermeklik administratiw kodeksine laýyklykda 1000 ($290) manada çenli jerimäni ýa-da 15 gün tussaglygy göz öňünde tutýar. Jenaýat kodeksi bolsa yokarda agzalanlary 6,500 ($1,900) manada çenli jerime ýa-da 1 ýyl düzediş işleri jezasyny göz öňünde tutýar. Eger-de dini azatlygyna päsgel berilende hasaba alnan dini guramalaryň agzalaryna şikes ýeten bolsa onda 2 ýyl türme möhleti bilen jezalandyrylýar.

Hasaba alynmadyk dini guramalar we hasaba alnan dini guramalaryň hasaba alynmadyk filiallary kanuny ýagdaýda iş alyp baryp bilmeýärler; sežde edilýän ýerleri döredip bilmeýärler; dini ygtykatlary ýerine ýetirmek üçin hususy jaýlarda hem ýygnanşyp bilmeýärler; dini materiallary öndürip we olary ýaýradyp bilmeýärler. Şular ýaly islendik hereketler administratiw düzgün bozma hasaplanýar we 100-1000 manat ($29-290) aralygynda jerime bilen jezalandyrylýar. Jerimeler dini ýolbaşçylar üçin has ýokary, ýönekeý gatnaşyjylar üçin bolsa has ýeňilräk.

Kanun hasaba alnan dini guramalara, lisenziýa alanlaryndan soň, din wekillerine we özgelere bilim bermek üçin dini okuw jaýlaryny açmaga rugsat berýär. Lisenziýa almagyň düzgünlerini Ministrler Kabineti işläp düzýär. Kanun şeýle-de dini mekdepde okadýanlaryň degişli dini biliminiň bolmalydygyny we işini Komissiýanyň merkezi guramasynyň rugsady bilen alyp barmalydygyny belleýär. Protestant guramalar dini bilimi daşary ýurtda ýa-da gaýybana okuw arkaly alýarlar.

Kanuna laýyklykda Komissiýa hasaba alnan dini guramalara döwlet edaralary bilen işleşmäge, dini guramalara kanuny düşündirmäge, kanuna laýyk geler ýaly, dini guramalaryň işine gözegçilik etmäge, dini edebiýaty terjime we çap etmek işlerinde ýardam bermäge, dürli dini guramalaryň arasynda düşünişmekligi ýola goýmaga borçly. Kanun dini guramalaryň ýolbaşçylaryny Komissiýa tarapyndan tassyklanmagyny talap edýär. Komissiýa baş müfti ýolbaşçylyk edýär. Komissiýanyň işine Ministrler Kabinetiniň başlygynyň bilim, saglygy goraýyş, sport, turizm, ylym, täze tehnologiýalar we din boýunça jogapkär orunbasary gözegçilik edýär.

Kanuna laýyklykda, ýerli häkimiýetler öz çäklerindäki dini ýagdaýa gözegçilik edip, ony derňäp, Komissiýa din azatlygy boýunça kanuny kämilleşdirmek üçin öz tekliplerini ýollap, dini binalardan daşarda geçirilýän çäreleri ugrukdyrmaga ýardam berip bilýärler.

Kanun “dini, milli, etnik we jynsy ýigrenji” döredip biljek dini edebiýaty köpçülikleýin çap etmegi gadagan edýär. Emma weli bu kesgitlemäni haýsy edaranyň çözýändigi anyk edilmeýär. Dini edebiýaty daşary ýurtdan diňe hasaba alnan dini guramalar getirip bilýärler, ony bolsa Komissiýa tassyklamaly. Hasaba alnan guramalar hökümetden rugsatsyz dini edebiýaty çap edeni ýa-da ýaýradany üçin jerimä sezewar edilip bilinýär. Administratiw kodeksde rugsatsyz dini edebiýatyň çap edileni, daşary ýurtdan getirileni we ýaýradylany üçin 200 manatdan 2000 manada ($57-570) çenli salynýan jerime jikme jik anyklanýar.

Kanun dini ygtykatlar we çäreler ýaşaýyş jaýlarynda geçirilip biliner diýip tassyklaýar. Emma weli ýaşaýyş jaý kodeksi köpçilikleýin ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýyşdan başga maksatlar üçin ulanylmagyny gadagan edýär.

Kanun ýerli häkimiýetlere, Komissiýanyň razylygy bilen, öz wezipeleriniň çäklerinde dini binalary gurmaga rugsat berýär.

Döwlet mekdeplerinde dini sapaklar ýok. Täze kanun hasaba alnan dini guramalara ene-atasynyň we Komissiýanyň razylygy bilen hepdede dört sagada çenli dini bilim berip bilýärler. Din ugrundan ýokary okuw jaýlaryny tamamlan we Komissiýa tarapyndan oňlanan adamlar dini bilim berip bilýärler. Kanuna laýyklykda, raýatlaryň dini bilim almaga hukuklary bar. Muňa garamazdan, hususy jaýlarda dini bilim bermek gadagan we dini bilim bermegi hödürleýän adamlar sud jogapkärçiligine çekilip bilinýär.

Kanun hasaba alynmadyk dini toparlara we hasaba alnan dini guramalaryň hasaba alynmadyk şahamçalaryna dini bilim bermegi gadagan edýär.

Heniz hem öz güýjündäki administratiw kodeks çagalara degişli rugsatsyz dini okuw okadylany üçin 100 manatdan 500 manada çenli ($29-140) jerimäni anyklaşdyryp görkezýär.

Konstitusiýa 18 ýaşy dolan erkek adamlaryň hökman iki ýyl harby gullukda bolmalydygyny göz öňünde tutýar. Konstitusiýanyň we Kanunyň talaplaryna laýyklykda, wyždany boýunça harby gullukdan boýun towlaýanlara alternatiw graždan gullugy hödürlemeýär. Ýöne weli dini sebäpli goşunda gulluk etmek islemeýänlere goşunyň ýarag ulanylmaýan bölümlerinde gulluk etmegi hödürleýär. Hökmany iki ýyllyk harby gullukdan ýüz öwürýänler iki ýyla çenli tussaglyk ýa-da iki ýyl düzediş işleri bilen jezalandyrylýarlar. Hökümet düzediş işlerini sud edileniň öz ýaşaýan ýeriniň golaýynda, ýa-da ýaşaýan ýerinden daşdaky başga bir ýerde belläp bilýär. Din baradaky ozalky kanunda anyklanmadyk alternatiw gulluklara salgylanýan hem bolsa, Kanun Konstitusiýada we Din boýunça Kanunda görkezilen borçlary dini sebäplere garamazdan, hemmeleriň ýerine ýetirmelidigini belleýär.

Konstitusiýa we Kanun dine esaslanýan syýasy partiýalary döretmegi, Din baradaky kanun bolsa dini toparlaryň syýasata gatyşmaklygyny gadagan edýär.

Kanun daşary ýurtly missionerleriň we daşary ýurt dini guramalaryň işine täsir etmeýär, ozalky kanun bolsa beýle işleri gadagan edýärdi. Ýöne weli administratiw kodeks hasaba alnan dini guramalara gadagan edilen işler üçin daşary ýurt guramalaryndan ýardam almagy gadagan edýär.

Kanun dini toparlaryň ähli daşary ýurtdan alýan ýardamlarynyň Adalat ministrliginde hasaba alynmagyny, olaryň ulanylyşynyň aralyk we ahyrky hasabatyny talap edýär. Administratiw kodeksde rugsatsyz ýurduň daşyndan ýardam alýan dini toparlara 10000 manada ($2900) çenli jerimäni göz öňünde tutýar.

Ýurt Graždan (raýat) we syýasy hukuk boýunça halkara paktyň (şertnamanyň) agzasydyr.

Hökümet praktikasy

2013-nji ýylda Türkmenabatda dini barlaglar geçirýän topara gatnaşandygy üçin tussag edilen musulman adam, hökümetiň berk düzgünli koloniýasynda aradan çykdy. HDG onuň jesediniň juda hordugyny we endamynda ýenjilmeler zerarly gök tegmiller bilen örtülendigini belleýär. Sud 18 adamyny türk ruhany ýolbaşçysy Fetullah Gülen bilen aragatnaşygy güman edip 25 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Halkara HDG tussaglykda ol adamlaryň gynalandygyny belleýär. Häkimiýetler Serdar şäherinde12 sany goşun ofiserini adaty däl yslamy propaganda edeni üçin uzak möhletleýin tussaglyga höküm etdiler.

Jehowanyň Şaýatlary we protestant toparlar gysylmalara, ýowuz daramalara, jerimelere, edebiýatyň zor bilen alynmagyna we öýleriniň dökülmegine sezewar edilýärler. Döwlet edaralary dini döredijiligi we doga okany üçin işgärleri işden kowýarlar. Ýylyň dowamynda hökümet hiç bir dini guramany hasaba almady, Ýöne weli “Forum-18” “Elliçileriň” Aşgabatda bir we Daşoguzda hem ýene birisini hökümetiň täzeden hasaba alnandygyny belleýär. Hökümet ähli ýokary dini ýolbaşçylary wezipä bellemekligini, dini edebiýatyň getirilmeginiň öňüni almaklygyny we dini maksatlar üçin ýer hem-de jaý satyn ýa kireýine almakçy bolýan dini toparlara päsgelçilik döretmegini dowam etdiridi.

“Forum-18-iň” maglumatlaryna görä, 2013-nji ýylda Türkmenabatda tussag edilen musulman Aziz Gafurow tomusda Owadandepedäki berk düzgünli tussaghanada aradan çykdy. Gafurow dini barlaglara gatnaşan, köpsanly düzgün bozmalar, şol sanda hökümeti güýç bilen basyp almak, sosial, etnik we dini agzalalygy öjükdirmek ýaly zatlar bilen günälenip, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen 20 musulmanyň biridi. “Forum-18-iň” maglumatlarynda Gafurowyň “Türkmenabat” toparynyň türmede ölen üçünji agzasydyr diýilip bellenilýär. “Forum-18” “Türkmenabat” toparynyň agzalaryny garyndaşlary bilen duşuşdyrmaýarlar, şol sebäpden olaryň diridigi hem belli däl diýip tassyklaýar. Şaýatlar Gafurowyň jesediniň juda hordugyny we urulmalar zerarly gök tegmiller bilen örtülendigini aýdýarlar.

“Forum-18” Jehowanyň Şaýatlarynyň we protestant toparlaryň yzarlanmalara, gynamalara, jerimelere, edebiýatyň konfiskasiýa edilmegine we öýleriniň dökülmegine sezewar edilýändiklerini habar berýär. 17-nji maýda üç sany polis işgäri Türkmenabatda sanksiýasyz Jehowanyň Şaýatlarynyň biriniň öýüni döküp, onuň pasportyny, noutbukyny we şahsy kitaplaryny aldylar. Öý dökülýän mahaly polisler Jehowanyň Şaýadyny ýere ýykyp, elini towlap we gygyryp kömege çagyrmaz ýaly güýç bilen agzyny bagladylar. 20-nji ýanwarda polis işgärleri başga bir Jehowanyň Şaýadynyň öýüne kürsäp girip, maşgala agzalarynyň birnäçesini, şol sanda 14 ýaşly oglany hem urdular we dini edebiýatyň göçürme nusgalaryny, noutbuky we el telefonlaryny aldylar. 19-njy maýda iki sany polis işgäri Jehowanyň Şaýatlarynyň biriniň eline şikes ýetirip, güýç bilen maşyna itekläp saldylar we ol aýal maşgalyny takmyndan sekiz sagat sakladylar. Polisler ondan düşündiriş ýazmagyny we öz dini ygtykaty barada hiç kime gürrüň bermezligi talap etdiler. Jehowanyň Şaýadyny polis bölüminden goýberenlerinden soň, ol keselhana baryp, polis işgärleriniň oňa özüne gödek darandyklaryny resmileşdirmek üçin medisina synagyndan geçdi. Ondan soň polis işgärleri keselhana gelip, oňa administratiw çäreler bilen haýbat atdylar. Jehowanyň Şaýatlary şeýle hadysalaryň ýarysyndan köpräginiň Türkmenabatda bolup geçýändigini habar berýärler.

Bir aýal goňşusynyň ýygnaklaryň birine gatnaşyp, Injili ogurlap, toparyň ýolbaşçysy barada habar edenden soň maý aýynyň ortalarynda polis işgärleriniň protestantlaryň ýygnagyna kürsäp girip, olaryň ýolbaşçysyny saklandyklaryny “Forum-18” habar berýär.

Hýumen Raýts Watç (HRW) guramasy Gülen bilen baglanyşykly türk mekdeplerine dahyly bar diýip hasaplanýan 18 adamyny 8-nji fewralda sud 25 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi diýip habar berýär. Ol 18 adam sentýabr we oktýabr aýlarynda tussag edilen takmyndan 100 adamyň arasyndady. Häkimiýetler beýlekileri goýberdiler. Bu iş bilen tanyş adamlar, tussagdakylaryň gynamalara sezewar edilendiklerini aýdýarlar.

HRW guramasy aprel aýynyň aýagynda Lebap welaýatynda Güleniň hereketine degişlilikde aýyplap, polisiýanyň 20 sany adamyny tussag edendigini habar berýär. “Türkmenistanyň Hronikasy” (TH) atly web-sahypada 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda 19 sany telekeçiniň polisiýa tarapyndan tussag edilendiklerini, resmi günä bildirilmezden tussag astynda saklanandyklaryny we şol wagt näbelli adamlar tarapyndan fiziki daramanyň dürli görnüşlerine duçar edilendiklerini habar berýär. Habarlarda saklananlaryň Türkmen-Türk mekdepleriniň we Türkmen-Türk uniwersitetiniň ozalky talyplarydygy aýdylýar.

Sentýabr aýynda “jenaýatçylykly guramany gurnamakda ýa-da oňa gatnaşmakda” we “sosial, milli ýa-da dini dartgynlygy döretmekde” aýyplanyp, 2016-njy ýylyň dekabr aýynda 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Annamyrat Atdaýewiň maşgalasy “Forum-18” guramasyna sud mejlisinden soň hiç kimiň ony görmändigini habar berdi. “Forum-18-iň” maglumatlaryna görä, Atdaýew 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda, Müsürde yslamy öwrenip gelenden bir ýyl geçenden soň tussag edilipdir. Habarlarda MHM-de Atdaýewi sorag edip, ondan Müsürdäki türkmen talyplary barada maglumat bermegi we Aşgabatdaky beýleki musulmanlar boýunça Ministrligiň şugulçysy bolmagy sorandygy aýdylýar. Ol bu işi ret edipdir.

“Forum-18-iň” habarlarynda hökümetiň yslamyň dürli görnüşlerini wagyz edýän we ekstremistler diýip hasap edýän musulman toparlaryň agzalaryny türmä basmagyny dowam edýändigi aýdylýar. Ýanwar aýynda ozalky tussaglar türmedäkileriň “wahhabitler” diýilip atlandyrylýandyklaryny we olara ýowuz daralýandygyny, özleriniň hem türmäniň aýratyn bölüminde saklanýandyklaryny aýdýarlar. “Forum-18-iň” tassyklamasyna laýyklykda, wezipeli adamlary sylamaýan her bir arassa musulmany “wahhabit” diýip aýyplap bolýar.

Hökümet 12-nji Maýda umumy günä geçişligiň çäklerinde Jehowanyň Şaýady Mansur Maşeripowy tussaglykdan boşatdy. “Forum-18” 2016-njy ýylyň iýun aýynda Maşeripowyň 2014-nji ýylda polis işgärine hüjüm etmekde aýyplanyp, bir ýyl azatlykdan mahrum edilmäge höküm çykarylandygy barada habar beripdi.“Forum-18-iň”maglumatlaryna görä, ol birinji gezek tussag edilende, onuň öýündäki dini edebiýat konfiskasiýa edilip, onuň özüni bolsa polis bölümine alyp gidip, urup-ýenjip, näbelli bir neşe maddasyny sanjypdyrlar. Habarlara görä, Maşaripow neşe goýdurylýan merkeze ýerlşdirilipdir we ondan gaçypdyr. Ol Aşgabatda iýun aýynda ýene tussag edilipdir.

Iýun aýynda TH web-sahypasy häkimiýetleriň Serdar şäherinde 12 sany goşun ofiserini “adaty däl yslamy” wagyz etmekde aýyplap, olary 10-15 ýyldan 18-23 ýyla çenli türmä basandyklaryny habar berdi.

Jehowanyň Şaýatlary Bahram Hemdemowyň her ýylda üç gezek hökümet tarapyndan yglan edilýän günä geçişlige düşmändigini habar berýärler. “Forum-18-iň” maglumatlaryna görä, Jehowanyň Şaýady Bahram Hemdemow, hamala, dini agzalalygy öjükdireni üçin günälenip, oňa 2015-nji ýylyň maý aýynda dört ýyl iş kesilipdi. Ol häzir hem Seýdidäki zähmet koloniýasynda bolmagynda galýar. Ol 2015-nji ýylyň mart aýynda öz Türkmenabatdaky öýünde ybadat edýän mahaly tussag edilipdir. Polisde gorag astynda saklanan wagty, toslanyp tapylan günäleri boýun aldyrmak üçin ony her hili basyşlara sezewar edipdirler we gynapdyrlar. 2016-njy ýylyň awgust aýynda BMG-nyň Adam hukuklary baradaky guramasyna Hemdemowyň adyndan şikaýat gelip gowuşdy.

“Forum-18” hökümetiň tussaglar barada maglumat bermekden ýüz öwürýändigini habar berýär. Tussaglar bilen habarlaşmaga girizilen gadagançylyklar zerarly ozal türmä basylan musulmanlaryň ýagdaýyny, şol sanda olaryň diridigi barada hem bir zat bilmek mümkin däl. Mysal üçin, türkmenabatly musulman Renat Bektemirow ýerli müftiniň wagyzlaryny sorag astyna alany sebäpli 2008-nji ýylda tussag edilipdi. Onuň türmede galany ýa galmany belli däl.

“Forum-18” Jehowanyň Şaýatlarynyň häkimiýetler tarapyndan köpçüligi bimaza etmekde aýyplanyp 15 güne çenli gysga wagtlaýyn tussag edilýändiklerini habar berýär.

Oktýabr aýynda “Forum-18” Adalat ministrliginiň elliçileriň bir jemgyýetini Aşgabatda, ýene birisini hem Daşoguzda täzeden hasaba alandygyny habar berdi.

Hökümetiň maglumatlaryna görä, ýurtda 130 sany dini gurama hereket edýär. Ol guramalaryň 106 sanysy musulmanalaryň, şol sanda 101 sanysy sünni musulmanlaryň, bäşisi şaýylaryň, 13-si rus prawoslawlarynyň we 11 sanysy hem özge dinleriň, şol sanda katolikleriň, bahaýylaryň, Halkara Krişnanyň Aňy jemgyýetiniň we protestant hristianlaryň guramalarydyr.

Hökümet ýylyň dowamynda hiç bir dini guramany hasaba almady hem-de hasaba durmak üçin arza beren guramalaryň sanyny hem beýan etmedi. Dini toparlaryň birnäçesi özleriniň ýazan arzalaryny Adalat ministrliginiň administratiw ýalňyşlara salgylanyp yzyna gaýtarandygyny habar berdi.

“Forum-18-iň” maglumatlaryna görä, döwlet edaralary dini sebäpler boýunça adamlary işden boşadýarlar. Bir musulman Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna (AÝ/AR) doga okamagy dowam edeni üçin ýaragly güýçleriň hataryndan çykarylandygyny aýdypdyr. Häkimiýetler ilki oňa iş ýerinde ybadat etmeklige gadagançylyk girizdiler, soň bolsa onuň öýüni barlap, ol ýerden Gurhany alypdyrlar. Ol çokunmagyny dowam edýändigi üçin, Goranmak Ministrliginiň wezipeli işgärleri oňa işden çykmaga arza ýazmagy talap edipdirler. Ondan soň ony we onuň maşgalasyny harbylara berilýän öýden çykmaga mejbur edipdirler. Başga bir döwlet edarasynyň aýal işgäri hem doga okamagy dowam edeni üçin işden boşadylandygyny AÝ/AR-a habar beripdir. AÝ/AR-yň maglumatlarynda doga-namaz sebäpli goşundan we beýleki döwlet edaralaryndan işden boşadylanlaryň sany gitdigiçe köpelýändigi aýdylýar.

Gizlinlikde iş alyp barýan hukuk üçin göreşýän ýerli aktiwistler MHM-niň we Içeri işler ministrliginiň guramaçylykly jenaýata we terrorizme garşy göreşýän bölümleriniň işgärleriniň dini azlyklara, şol sanda hristian toparlara gizlin we telefon diňlemek arkaly gözegçilik edýändigini belleýärler. Aktiwistleriň bellemeklerine görä, kanunyň din azatlygyny kepillendirýändigine seretmezden, hökümetiň ýokary wezipeli resmileriniň dine bolan garaýşy sowet döwrüni ýada salýar.

Hasaba alynmadyk toparlaryň agzalary “rugsatsyz ýygnaklar” geçirendikleri üçin salynýan jerimeden ötri tussag hem edilýändiklerini habar berýärler. Ol toparlaryň agzalary tä goňşulary ýerli häkimiýetlere arz edýänçäler, öz ýygnaklaryny görünmez ýaly gizlinlikde, esasan hem, hususy jaýlarda geçirýändiklerini gürrüň berýärler.

“Forum-18-iň” maglumatlaryna görä polisiýanyň gizlin bölümleriniň işgärleri dini guramalaryň wekilleri bilen yzygiderli duşuşyp, olardan guramanyň işi barada maglumat bermeklerini talap edýärler.

Hasaba alnan hristian toparlaryň wekilleri käbir hökümet işgärleriniň olardan her hepdede geçirilýän ybadat, haýyr-sahawat ýaly adaty alnyp barylýan işleriň şol sanda, çagalar üçin tomusky lagerleri açmaklygyň hem özleri tarapyndan tassyklanmagyny talap edýändiklerini habar berýärler. Hepdelik ybadatlary ýerine ýetirýändiklerine garamazdan, toparlar özlerine okuw seminarlaryny geçirmäge rugsat berilmeýändigini belleýärler.

“Forum-18” hökümet Aşgabatdaky metjitleri ýykmak işini dowam etdirdi diýip 9-njy oktýabrda habar berdi. 2000-nji ýyllaryň başlarynda paýtagtda 14 sany metjit bardy, ýöne olaryň 8 sanysy 2016-njy ýylyň apreline çenli häkimiýetler tarapyndan weýran edildi. 4-nji oktýabrda Aşgabadyň bir ýaşaýjysy ýene bir metjidiň ýykylýandygyny habar berdi. Ýylyň aýagynda “Parahat-7/3” ýaşaýyş toplumynda täze metjit gurulýardy.

Awgust aýynda hökümet haja gitmekçileriň 160-synyň harajatlaryny öz üstüne alýandygyny yglan etdi. Bu san ozalky ýyllardakydan az we 2009-njy ýyldan bäri iň pes görkeziji bolup durýar. “Forum-18-iň” maglumatlarynda hökümetiň haj zyýaratyny maliýeleşdirmek maksady bilen haja gitmekçi bolýanlar birnäçe döwlet guramasyndan, şol sanda MHM we IIM tarapyndan gollanylmaly. “Forum-18-iň” tassyklamagyna görä, hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän programma goşulmak üçin 7000 manat (2000 dollar) tölemeli. Hökümet 1340 adamyň öz serişdeleri bilen haja gidendigini habar berýär, ýöne haja gitmek üçin näçe adamyň isleg bildirendigini aýan etmeýär. Ozalky ýyllardaky ýaly, hökümet öz-özüni maliýeleşdirip bilýan adamlara öz başlaryny çaramaga ýol berýär.

Hökümet ýokary derejeli musulman ruhanylaryny wezipä bellemegini dowam etdirdi. Musulmanlaryň käbirleri ruhanylaryň dini biliminiň derejesine, hökümetiň öň bellenen dini ýolbaşçylary çalyşmaklygyna alada bildirdiler. Rus prawoslaw kelisesi hem-de beýleki dini toparlar öz-özlerini maliýeleşdirýärler we hökümet olaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek işine goşulmaýar.

Dini toparlar hökümetiň ýurduň daşyndan dini edebiýaty getirmegi we daşary ýurt dini edebiýatyna abuna ýazylmagy gadagan edýändigini habar berýärler. Olar kanun boýunça hasaba alnan dini toparlara daşary ýurtdan dini edebiýaty almaga rugsat edilýän hem bolsa, hökümet tarapyndan girizilen çylşyrymly gümrük tertipleriniň muny juda kynlaşdyrandygyny beýan edýärler. Gurhanyň Aşgabatdaky kitap dükanlarynda elýeterli däldigine garamazdan, köp adamlaryň öýlerinde onuň arap dilindäki bir nusgasy ýa-da sowet döwründen galan rus diline terjime edileni bar. Türkmençä terjime edileni hem gabat gelýär. Hökümet Orsýetde çap edilen Injiliň türkmen diline terjime edilenini ýaýratmaga rugsat bermedi.

Dini toparlaryň pikiriçe, hökümet we döwlet edaralary dini ygtykatlar üçin ýer we binalary satyn ýa uzak möhletleýin kireýine almak meselesine goşulýar. Hasaba alnan toparlar dini baýramlary bellemek üçin ýer we jaý kireýine almagyň, öý eýeleriniň hökümetiň oňlamazlygyndan çekinýändikleri sebäpli, kyn mesele bolup galýandygyny belleýärler.

“Forum-18” Jehowanyň Şaýatlarynyň we protestantlaryň çagalarynyň Aşgabadyň daşyndaky mekdeplerde yzarlanmalara duçar bolýandyklaryny belleýär. Daşoguzda döwlet mekdebiniň Jehowanyň Şaýady bolan bir işgärini dini garaýyşlary sebäpli işden boşatdylar. Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň dünýä dilleri institutynyň bir aýal işgäri Jehowanyň Şaýatlary bilen Injili öwrenýändigi üçin 14-nji ýanwarda işden boşadyldy. “Forum-18-iň tassyklamagyna görä, mugallymlar, ýerli ýolbaşçylar, musulman din wekilleri musulman bolmadyk çagalary köpçülikde “garalaýarlar”. Jehowanyň şaýatlarynyň çagalary dini matlaplar sebäpli eşiklerinde milli baýdagy götermeýändikleri, milli gimni ýerine ýetirmeýändikleri, milli kasamy aýtmaýandyklary üçin goşmaça basyşa sezewar bolýarlar. Türkmenabatdaky bir mekdebiň direktory 30-njy ýanwarda Jehowanyň Şaýatlarynyň iki sany çagasyny “başga dine ynanmajakdyklary” barada dilhaty ýazdyrdy. Direktor okuwçylaryň ejesini öz iş otagyna çagyrýar we ol ýerde polis işgärleri näme üçin olaryň milli baýdagy götermeýändiklerini, milli gimni aýtmaýandyklaryny we milli kasamy gaýtalamaýandyklaryny soraýarlar. Ol aýal bu zatlary talap edýän kanuny görkezmekligi soranda, oňa öýüni dökmek bilen haýbat atdylar.

Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh bölümindäki teologiýa fakultetiniň agzalary ýokary yslam bilimini professorlyk derejesinde berip biljek ýeke-täk adamlar bolup durýarlar. Hasabatlarda geljekki studentleriň okuwa girmezinden öň Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan barlanylýandygy görkezilýär. Döwlet tarapyndan tassyklanmadyk Yslam teologiýasyny öwrenmäge mümkinçilik ýok. Aýal-gyzlar, ozalkysy ýaly, bu programmadan çetde galdyryldy.

Jehowanyň Şaýatlary ýaş adamlaryň wyždany sebäpli harby gullukdan ýüz öwreni üçin türmä basylmandyklaryny, ýöne weli özge gysyşlara duçar bolýandyklaryny belleýärler.

14-nji fewralda Jehowanyň Şaýady Wepa Mätýakobow goşunda gulluk etmekden boýun towlany üçin şertleýin 2 ýyl düzediş işlerinde işlemeli edildi. Mätýakubow 2016-njy ýylda Kanunçylyk edarasynyň wekilleriniň basyşy sebäpli, goşunda gulluk etmäge borçlandyrýan “gulluga çagyrylyş” kagyzyna gol çekdi. Mätýakubow höküme şikaýat etmedi.

8-nji fewralda Jehowanyň Şaýatlary IIM-niň wekilleri bilen duşuşyp, özleri üçin alternatiw gulluk barada maslahatlaşdylar. Hökümet 2014-nji ýylda wyždany sebäpli gullukdan ýüz öwürýänler üçin alternatiwalaryň öwrenilmelidigini beýan edipdi.

Hökümet Missionerçilik bilen meşgullanýan we muňa meýil edýän daşary ýurt adamlaryna wiza bermezligini dowam edýär. Dini toparlaryň wekilleri dini myhmanlar üçin wizalaryň juda gysga möhlete berilýändigini we toparlardan çylşyrymly resminamalaryň talap edilýändigi barada habar berýärler. Hökümet dini mesele bilen ýurtly myhmanlaryň näçesine rugsat berlendigi, näçesine bolsa wiza berilmändigi barada habar bermedi.

“Forum-18-iň” maglumatlaryna görä, dine ynanýanlaryň uly bölegi IIM we gizlin gulluklar tarapyndan “gara sanawa” salynýar we olar daşary ýurda giden hem-de ol ýerden gaýdyp gelen wagtlary resmi gullukçylaryň berk barlagyndan geçirilýärler.

3-nji bölüm. Din azatlygyna jemgyýet hormatynyň statusy

Adaty dini ygtykatlardan we praktikadan ýüz öwrenler, öz maşgala agzalarynyň bazarlardan başlap köp ýerlerde jemgyýet tarapyndan kemsidilmelere we tankyda duçar edilýändiklerini habar berýärler. Hasaba alnan hristian toparlarynyň agzalary öz dini degişliligi sebäpli tanyşlarynyň olara duşmançylykly garaýandyklaryny habar berýärler.

Adaty dinden daşlaşyp, adaty däl hasaplanýan dine goşulýanlar jemgyýet tarapyndan ýazgarylýarlar. Dini azlyklaryň wekilleri Yslamdan ýüz öwren etniki türkmenleriň türkmen milletinden bolmadyklara garanyňda köpçülik ýerlerinde, ylaýtanam obalarda has erbet görülýändiklerini belleýärler.

“Forum-18” Jehwanyň Şaýatlaryna bolan basyşyň artýandygyny we ozalkysy ýaly ýaşaýjylaryň olara şübhe bilen garaýandyklaryny belleýär. Mart aýynda “Forum-18” Tejende ýerli ymamyň Jehowanyň Şaýatlary” atly sektanyň howpludygy barada duýduryş berýändigini we ýerli Jehowanyň Şaýadynyň ahlak taraplaryna töhmet atandygyny habar berdi.

4-nji bölüm. ABŞ-nyň Hökümetiniň syýasaty we borçlary

Hökümetiň wezipeli wekilleri bilen geçirilen duşuşyklardan we resmi hat alyşmalardan soň, Ilçi, ilçihananyň wekilleri, ABŞ-nyň hökümet edaralarynyň wekilleri dini azlyklaryň agzalarynyň tussag edilmelerine we türmelerdäki agyr şertlere alada bildirdiler. Aprel aýynda Ýakyn Gündogar, Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlarynda dini azlyklar boýunça ýörite geňeşçi we Döwlet Departamentiniň beýleki wezipeli adamlary Daşary işler ministrliginiň we Adalat ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyp, parahatçylykly geçirilýän duşuşyklary üçin din wekillerini tussag etmek ýaly dini azatlyga görkezilýän gysyşlary maslahatlaşdylar we hökümeti din azatlygyny gowulandyrmak üçin oňaýly işler etmäge çagyrdylar. Ýörite Geňeşçi we ABŞ-nyň beýleki wezipeli adamlary hökümeti wyždany sebäpli harby gullukdan ýüz öwürýänler uçin alternatiw gullugy döretmäge, dini toparlary hasaba alyş proseduralaryny aýdyňlaşdyrmaga, täze toparlaryň hasaba alnyşyny düzgünleşdirmäge, dini edebiýatyň daşary ýurtdan getirilmegine we ýaýradylmagyna girizilen çäklemeleri aradan aýyrmaga çagyrdylar.

Oktýabr aýynda ilçihana 9 sany dini guramanyň wekilleri bilen tegelek stol geňeşini geçirip, olaryň statusy we hasaba durmak meseleleri hem-de olaryň dini hukuklarynyň bozulyşy barada gürrüň etdi.

2014-nji ýylda Halkara din azatlygy baradaky 1998-nji ýylyň Kanuny esasynda dini azatlyklary has beter bozýandygy üçin, Türkmenistan aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hataryna goşulypdy. Döwlet Sekretary 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistany ýene bir gezek aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hataryna goşdy we munuň bilen bagly Birleşen Ştatlaryň wajyp milli bähbidine laýyk girizilýän sanksiýalardan ýüz öwürdi.