Adam söwdasy hakyndaky 2016-njy ýyldaky hasabat

Türkmenistan: 3-nji derejedäki gözegçilik sanawynda

Türkmenistan mejbury zähmete hem-de jynsy gulçulyga sezewar edilýän erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň gelip çykýan ýurdy bolup durýar. Türkmenistanly erkek adamlar we aýal-gyzlar işlemek üçin daşary ýurtlara çykanlaryndan soň, dokma senagatynda, oba hojalyk, gurluşyk we hyzmat ediş pudaklarynda zor bilen işlemäge mejbur edilýärler, şeýle-de daşary ýurtlarda türkmen aýal-gyzlary jynsy gulçulyga sezewar bolýarlar. Oba ýerlerinde ýaşaýan adamlaryň gulçulygyň esasy pidasy bolmak ähtimallygy has ýokary. Türkiýe we Orsýet türkmenistanlylaryň adam söwdasynyň pidasy bolýan esasy ýurtlarydyr. Olaryň yz ýanyndan bolsa Ýakyn Gündogar, Günorta we Merkezi Aziýa, Ýewropa ýurtlary barýar. Türkmenler ýurduň içinde hem gurluşyklarda mejbury ýagdaýda zor bilen işledilýärler. Halkara Zähmet guramasynyň Ekspertler komitetiniň hasabatynda pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň giňden ulanylýandygy uly alada bilen bellenýär. Hökümet tarapyndan bellenen pagta planyny dolmak üçin, ýerli häkimiýetler ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryndan, hususy sektoryň işgärlerinden, esgerlerden, jemgyýetçilik pudagynyň işgärlerinden (şol sanda mugallymlardan, lukmanlardan, şepagat uýalaryndan we beýlekilerden) jezalandyrmak bilen haýbat atyp, tölegsiz pagta ýygmagy talap edýärler. Döwlet pudagynyň işgärleri bu talaby berjaý etmeseler, hökümet çiniwnikleri olary işden çykarmak, iş sagatlaryny azaltmak we zähmet hakyny peseltmek ýaly çäreler bilen gorkuzýarlar. Häkimiýetler eger ýerli daýhanlar hökümet planyny ýerine ýetirmeseler, olaryň ekin ýerlerini ellerinden almak jezasy bilen haýbat atýarlar. Mundan başga-da, hökümet mugallymlary, lukmanlary we özge döwlet gullukçylaryny bag ekmek ýaly jemgyýetçilik işlerinde hökmany ýagdaýda ulanýar.

Türkmenistanyň hökümeti gulçulygyň ahyryna çykmak ugrunda iň minimal talaplary-da berjaý etmeýär, şol bir wagtyň özünde-de, geçen hasabat döwri bilen deňeşdireniňde, muny etmek ugrunda belli bir tagalla görkezýär. 2-nji derejäniň talaplaryna gabat gelmeýän hem bolsa, Türkmenistan bassyr soňky dört ýylyň içinde 2-nji derejeli sanawda durýardy. Indi ol 3-nji derejeli sanawa goşuldy. Hasabat döwründe hökümet mejbury zähmeti ulandy we pagta ýygymynda mejbury zähmeti togtatmak üçin çäreler görmedi. 2015-ji ýylyň Adam söwdasy baradaky hasabaty göz öňünde tutup, hökümet 2016-jy ýylyň 18-nji martynda 2016-2018-nji ýyllar üçin edilmeli işlerin planyny düzdi. Ol adam söwdasynyň 12 sany pidasyny kesgitledi, şonuň bilen bagly 3 sany jenaýat işi alnyp barylýar we 9 adam tussaglyga höküm edildi. Hökümet adam söwdasynyň pidalaryna ýardam berýän halkara guramalary Hökümete degişli däl guramalary (HDDG) maliýeleşdirmeýär, ýöne weli, özge ýurtlardan halkara guramalaryň üsti bilen gelýän maliýe ýardamyna rugsat berýär.

Türkmenistan üçin maslahatlar

Her ýylky pagta ýygym möwsüminde uly ýaşly adamlaryň mejbury pagta ýygymyna gatnaşdyrylmagyny bes etmek, hususan-da, işçi güýjüni pagta ýygymyna itekleýän hökümet syýasatyny üýtgetmek bilen degişli çäreler görmek; adam söwdasynyň pidalaryna göni ýa-da raýat jemgyýetine maliýe ýardamyny bermek arkaly goldamak; polis işgärlerini Türkmenistanda bolup geçýän adam hem-de jynsy gatnaşyk söwdasynyň üstüni açmak we derňemek üçin türgenleşdirmeli; adam söwdasynyň pidalaryny anyklamak we olary guraýaan gulluklara ýollamak üçin polisiýa, migrasiýa we beýleki degişli gulluklaryň işgärleri bilen türgenleşik işlerini geçirmek üçin ýörite resmi taýdan tassyklanan çäreleri ýazmaça işläp düzmek; 129-njy maddany ulanyp hem-de degişli hukuk düzgünlerine hormat goýup, adam söwdasyna gatnaşygy bolanlary ýüze çykarmak we olary jezalandyrmak; 129-njy maddany degerli ulanyp biler ýaly, döwlet işgärlerini bu ugurdan taýýarlamak işlerini dowam etmek; adam söwdasy baradaky maglumatlary köpçiligiň dykgatyna ýetirmek üçin hökümetiň garamagyndaky düzümleri ulanmak ýa-da bu işi eder ýaly HDDG-lara maliýe ýardamyny bermek.

Jenaýat jogapkärçiligine çekmek

Hökümet adam söwdasyna garşy göreşýän hukuk goraýyş guramalaryň tagallalaryny goldaýar. Hökümet jenaýat kodeksiniň 129-njy maddasy boýunça adam söwdasyny ähli görnüşlerini gadagan edýär. Bu madda boýunça jezanyň gerimi jerimeden tä 4 ýyldan 25 ýyla çenli tussaglyk arasynda. Bu jezalar degerli zabun we olary zorlamak ýaly beýleki agyr jenaýatlar üçin ulanylýan jezalar bilen deňeşdirmek mümkin. Ýöne weli, eger adam sowdasyna gatnaşan şahs öz pidasyny meýletin azatlyga goýberen bolsa, onda onuň sud jogapkärçiligine çekilmejekdigi hem 129-njy maddada bellenen. Hökümet 2015-nji ýylda 129-njy madda boýunça 3 sany iş gozgady, 2014-nji ýylda bolsa bu san 6-dy. Hökümet 2015-nji ýylda hem 2014-nji ýyldaky ýaly 9 adamyň jezalandyrylandygyny habar berdi. Hökümet döwlet gullukçylarynyň adam söwdasyny dahyllylyk boýunça yzarlanandygy ýa-da jezalandyrylandygy barada hiç hili maglumat bermedi. Hökümet adam söwdasyna garşy göreşýän gulluklaryň jogapkär işgärlerini özbaşdak türgenleşdirjekdigini mälim etdi.

Goramak

Hökümet adam söwdasynyň pidalaryny goramak we olara kömek bermek ugrunda çäklendirilen çäreleri amala aşyrdy. Hökümet 2015-nji ýylda adam söwdasynyň 12 sany pidasyny anyklady; hökümet 2014-nji ýylda 19 we 2013-nji ýylda hem pidalaryň 33-sini kesgitläpdi. Halkara guramalar jebir çeken 40 adama ýardam edendiklerini habar berýärler. Hökümet adam söwdasynyň pidalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermeýär hem-de şeýle kömegi berip biljek halkara guramalary we HDDG-lary maliýe taýdan goldamaýar. Türkmenistanda daşary ýurtdan maliýeleşdirilýän, adam söwdasynyň pidasy bolan aýal-gyzlar üçin gorag öýi bar. Ol 2015-nji ýylda adam söwdasynyň pidasy bolan 8 sany aýala hyzmat etdi. Hasabaty öz içine alýan döwürde hökümet adam söwdasynyň pidalaryny anyklaýan ýa-da olary ýardam berip biljek guramalara ýollar ýaly ýazmaça bir dokument kabul etmedi, ýöne weli geljekde beýle işleri ýerine ýetirjekdigini 2016-njy ýylyň mart aýynda habar berdi. Oňa çenli bolsa migrasiýa gullugynyň işgärleri adam söwdasynyň pidalaryny näresmi ýagdaýda ýokarda agzalan gorag öýüne iberip bilerler. Hökümet çinownikleri 2015-nji ýylyň Maý aýynda halkara gurama tarapyndan adam söwdasynyň pidalaryny anyklaýan we olary degişli guramalara ýollaýan mehanizmi işläp düzýän seminara gatnaşdylar we hökümet mehanizmi işläp düzmäge razylaşdy. Baş prokuratura adam söwdasynyň pidalarynyň fiziki gorag we mugt medisina kömegini almak üçin ýüz tutup biljekdiklerini habar berdi. Muňa garamazdan, resmiler ýylyň dowamynda şeýle kömegi alanlar barada maglumat bermedi, şeýle-de bolsa HDDG ejir jekenleriň käbirleriniň bejergi üçin pul tölemeli bolandyklaryny belleýär. Prokuratura ejir çekenleriň prokurorlara kömek hökmünde adam söwdasy barada meýletin maglumat bermäge hukuklarynyň bardygyny we bu ugurda olara basyş görkezilmejekdigini belledi. Ol ýerde şeýle kömek gözleýän adamlar barada habarlar bolmady. Hökümet jelepçilik bilen meşgullanyp tussag edilen aýallaryň arasyndan adam söwdasynyň pidalaryny anyklamak üçin hiç bir synanyşyk etmedi. Hökümet resmileri Türkmenistanda adam söwdasynyň bolmaýandygyny we zatlaryň diňe daşary ýurda giden türkmenleriň arasynda bolup biljekdigini tassyklaýarlar. Käbir daşary ýurtdan deportasiýa edilip gaýdyp gelen, şol sanda adam söwdasynyň pidasy bolan türkmenlere migrasiýa gullugy tarapyndan 5 ýyla çenli ýurtdan çykmagy gadagan edendigi barada habarlar boldy, ýöne weli hökümet daşary ýurtdan deportasiýa edilip çykarylanlary, şol sanda adam söwdasynyň pidalaryny hem jezalandyrmaýandygyny habar berdi.

Öňüni almak

Hökümet adam söwdasynyň öňüni almak ugrunda belli bir işewür tagallalar etdi, ýöne weli pagta ýygymynda mejbury zähmetiň öňüni almak ugrunda ädim ätmedi. Hökümet 2016-njy ýylyň mart aýynda adam söwdasynyň garşysyna göreşiň ilkinji milli planyny kabul etdi. Hereket plany raýat jemgyýetiniň ekspertleriiniň gatnaşmagynda işläp düzüldi we ol 2016-2018-jy ýyllary öz içine alýar. Özge maksatlar bilen bir hatarda, bu plan adam söwdasynyň pidalaryny anyklamagyň ugurlaryny, jebir çekenleriň reabilitasiýa üçin mümkinçilikleriň giňeldilmegini we adam söwdasyna garşy göreşde hukuk goraýjy guramalaryň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmegini göz öňünde tutýar. Hökümet tarapyndan kabul edilen 2016-njy ýyl üçin býujete bu işleri ýerine ýetirmek üçin maliýe çykdajylary hem girizildi. Hökümet halkara guramalar we HDDG tarapyndan jemgyýetçilige metbugatyň, şol sanda hökümete degişli gazatleriň üsti bilen maglumat bermek haýyşyny kabull etdi. Hökümet halkara guramalaryň ýurduň diplomatik wekillleri bilen adam söwdasyny garşysyna göreş boýunça okuw geçirjekdigini habar berdi. Esasan ozalky sowet graždanlaryndan ybarat bolan watansyz adamlar adam söwdasynyň pidasy bolup biläýjekleriň hataryndadylar. Ýöne weli migrasiýa gullugy BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissariaty bilen bilelikde olaryň 361-sine Türkmenistanyň raýatlygyny berdi. Hökümet pul üçin jynsy gatnaşykda bolmagyň öňüni almak üçin tagallalar edýär.