Мettýu S. Klimow, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi

Мettýu S. Klimow, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi

Ilçi Mettýu S. Klimow 2019-njy ýylyň maý aýynyň 30-na Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi hökmünde kasam kabul etdi. Mundan ozal, ol Ak Tamda, ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde, Demirgazyk Atlantik Ylalaşygy Guramasynda (NATO) ýolbaşçylyk wezipelerde işledi, şeýle-hem ABŞ-nyň Ýaragly güýçlerinde serkerde bolup gulluk etdi. Iň soň Ilçi Klimow ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň baş inspektorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirdi.

2012-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli ilçi Klimow Belgiýanyň Brýussel şäherinde NATO-nyň Baş sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary wezipesinde işledi. Bu wezipede ol NATO-nyň täze ştab- kwartirasy üçin dolandyryş we dessin meýilleşdiriş reformasyna ýolbaşçylyk etdi. Ilçi Klimowyň beýleki diplomatik işleri Dolandyryş we maglumat tilsimatlary dolandyrmak býurosynda ýerine ýetiriji müdir (2010ý-2012ý.), terjime bölüminiň müdiri (2008ý-2010ý.) we Konsul meseleleri býurosynda ýerine ýetiriji müdiri (2003ý.-2008ý.) wezipelerinden ybarat.

Ilçi Klimow Ak Tamyň administrasiýasynda ABŞ-nyň wise-prezidentiniň ýörite geňeşçisi (2002ý.- 2003ý.), we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň harby geňeşçisi (1995ý.-1998ý.) bolup işledi. Ilçi Klimow ýurt baştutanlaryň derejesinde geçirilen sammitleriň altysyna gatnaşdy; SNW-III ylalaşygyň esaslary bilen baglanşykly gepleşikler alyp barýan ýaraglara gözegçilik etmek boýunça edaraarasy toparyň agzalygynda boldy; Orsýet-NATO Geňeşiniň düzgünnamasyny işläp düzilmegine goşandyny goşdy.
Harby gullukda ilçi Klimow wzwoddan başlap tä brigada çenli pyýada goşunlara serkerdelik etdi, şeýle-hem Demirgazyk Karolina ştatynyň Fort-Bregg şäherinde harby howa güýçleriniň 18-nji desant korpusynyň dessin maksatly brigadanyň 2000 desant gullukçylarynyň serkerdesi boldy (1998ý.-2000ý.). Ilçi Klimow söweşde görkezen gaýduwsyzlygy üçin ABŞ-da üçünji iň beýik baýragy bolan “Kümüş ýyldyzy” medaly bilen sylaglandy. 2000-2002 ýyllarda ştab serkerdebaşylar komitetiniň başlygynyň we orunbasarynyň ýerine ýetiriji kömekçisi bolup gulluk etdi. 2001-nji ýylyň sentýabr aýynyň 11-e terrorçylyk hüjümi bolan wagty ilçi Klimow Pentagondady, we ştab serkerdebaşylar komitetiniň başlygy hem-de goranmak ministri bilen bilelikde Ýaragly güýçleriniň dolandyryş merkezinde galyp harby taýýarlyk işleri utgaşdyrmaga ýardam berdi.

Ilçi Klimow Nýu-Ýork ştatynyň Jonson-siti şäherinde dünýä inip West-Poýntdaky ABŞ-nyň Harby Akademiýasyny tamamlady. Ilçi Klimowyň birnäçe çap edilen işleri bar. Ol döwlet dolandyryş ugry boýunça magistr derejesini, şeýle hem harby ylymlar ugry boýunça magistr derejesini gazandy; mundan başga-da Kanadanyň Kuins Uniwersitetinde harby saparlar maksatnamasynyň stipendiýasyna mynasyp boldy. Ilçi Klimowyň aýaly – maýor (otstawkada) Edit Gannels, olaryň bir ogly we iki agtygy bar.