ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýulan gatnaşyklar
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Sowet Sosialistik Respublikalar Soýuzy dargap Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň 1992-nji ýylda Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. Türkmenistan Owganystan we Eýran bilen serhetdeş bolup, Owganystan we Günorta Aziýa ýurtlary bilen üstaşyr, ynsanperwer we ykdysady aragatnaşyk nokady hökmünde orun alýar we sebitleýin durnuklylygy ilerledýär. Türkmenistan awtoritar syýasy sistemasy we merkezleşdirilen ykdysadyýeti bolan ýapyk döwletdir. Türkmenistanyň energiýa çeşmeleri, dürli eksport ugurlary gurlan ýagdaýda, sebitde energiýa gytçylygy bolan ýurtlaryň kynçylyklaryny çözmäge ukyplydyr. Reforma ýoly bilen özgertmeklik yzygider alnyp barylmady, we bu ugurda iş alyp barmaklyk ençeme wagt, tagalla we serişdeleri talap edýär.
Türkmenistanyň hökümeti Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen köp ugurlar, ýagny serhet we sebitleýin howpsuzlyk, bilim we medeni alyş-çalyş maksatnamalary, iňlis dilini okatmak boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan adam hukuklary babatda birnäçe reformalary kabul etse-de, ýurdyň adam hukuklary babatynda ýagdaýy pesligine galýar. Şol sebäpli, 2014-nji ýylda Türkmenistan dine ynanma azatlygy pes ýagdaýda bolandygy üçin ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Aýratyn alada döredýän döwletleriň hataryna goşuldy.
ABŞ-nyň Türkmenistana ýardamy
ABŞ-nyň daşary ýurtlara edýän ýardamynyň maksatlary – Türkmenistanyň halkara serhetlerini goramak ukybyny berkitmek, sebitleýin howpsuzlyk ugrynda hyzmatdaşlyk etmek, raýatlary raýat jemgyýetinde has uly orun eýelemäge höweslendirmek, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny we bilim almaga bolan mümkinçilikleri ösdürmek, hususy sektoryň ösmegini we ykdysady reformalary ilerletmek.
ABŞ-nyň Türkmenistana ýardamy barada magumatlar şu ýerde ýerleşdirilendir.
Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar
Türkmenistanyň ägirt uly tebigy gaz we nebit ýataklary ýurtda işewürlik alyp barmak mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen daşary ýurt kompaniýalary özüne çekmegi dowam edýär, emma Türkmenistanyň hökümeti daşary ýurt maliýe goýumlaryny çekmek we amatly işewürlik şertlerini döretmek üçin zerur bolan reformalary kabul etmelidir. Türkmenistan ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek barada çarçuwaly ylalaşyga gol çekip Merkezi Aziýada söwda we maýa goýum şertlerini ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin sebitleýin forum esaslandyrdy.
ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda has amatly şert ýorelgesine eýerýän söwda ylalaşygy bar. ABŞ-nyň hökümeti ABŞ we Türkmenistanyň arasynda sowet döwründe kabul edilen ikitaraply salgyt salma konwensiýasy dowam edýär diýip hasaplaýar.
Türkmenistanyň halkara guramalarynda agzalygy
Türkmenistan we Amerikanyň Birleşen Ştatlary Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa-Atlantik Hyzmatdaşlyk Geňeşi, Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä Banky hem de Atom energiýasy boýunça Halkara Agentligi ýaly birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolup durýarlar. Şeýle hem, Türkmenistan Demirgazyk Atlantik Ylalaşygy Guramasynyň (NATO) Parahatçylyk hyzmatdaşlygynyň agzasydyr.
Ikitaraplaýyn wekilçilik
Jenap Allan Mastard – ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi; ilçihananyň beýleki esasy işgärleri ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Esasy işgärleriniň sanawynda görkezilendir.
Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy Waşington şäheriniň demirgazyk-günbatarynda Massaçusets şaýolunyň 2207-nji jaýynda ýerleşýär, (indeks 20008); tel: (202) 588-1500.
Türkmenistan barada has doly maglumaty iňlis dilinde ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň internet sahypasynda ýa-da şu agzalan çeşmelerde tapyp bilersiňiz:
- ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Türkmenistan boýunça sahypasy
- ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Esasy işgärler sahypasy
- ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Esasy işgärler sahypasy (PDF 418 KB)
- Merkezi derňew gullugynyň (CIA) Türkmenistan boýunça sahypasy
- USAID-niň Türkmenistan boýunça sahypasy
- ABŞ-nyň Türkmenistan bilen aragatnaşyklarynyň taryhy sahypasy
- Ynsan hukuklary barada hasabatlar
- Halkara din erkinligi barada hasabatlar
- Adam söwdasy barada hasabatlar
- Neşe serişdelerine garşy göreşmek barada hasabatlar
- Maýa goýum üçin dürli ýurtlardaky şertler baradaky beýannamalar
- “gov” websaýtynyň daşary ýurtlardaky wekilçilik edaralary