ABŞ-nyň Türkmenistany ykrar etmeginiň, diplomatik we konsullyk gatnaşyklary ýola goýmagynyň taryhy

Gysgaça maglumat

1991-nji ýylda Sowet Sosialistik Respublikalar Soýuzy dargandan soň ABŞ-nyň Prezidenti Jorj Buş Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi. Şol pursatdan başlap ABŞ Türkmenistan bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýýar. 2007-nji ýylyň fewral aýynda ABŞ bilen Türkmenistan syýasat, adam hukuklary, ykdysadyýet, oba hojalyk, bilim, saglygy goraýyş, energiýa hem-de howpsuzlyk pudaklarda reforma geçirmek babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemäge ylalaşdylar.

ABŞ-nyň Türkmenistany ykrar etmegi, 1991-nji ýyl

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň garaşsyzlygyny 1991-nji ýylyň 25-nji dekabrynda ykrar etdi. Bu barada Prezident Jorj Buş Amerikanyň halkyna Sowet Sosialistik Respublikalar Soýuzynyň dargamagy barada eden ýüzlenmesinde yglan etdi.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, 1992-nji ýyl

ABŞ-nyň Prezidenti Jorj Buş öz karary barada metbugat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin eden çykyşynda yglan edip 1992-nji ýylyň 19-nji fewralynda Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabat şäherindäki Ilçihanasynyň açylmagy, 1992-nji ýyl

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabat şäherindäki Ilçihanasy 1992-nji ýylyň 17-nji martynda açyldy. Täze açylan Ilçihana ABŞ-nyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekil hökmünde Jeffri Uaýt ýolbaşçylyk etdi.