Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti

President Donald J. TrumpDonald J. Tramp Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna mahsus bolan üstünlikli durmuş ýoly hakyndaky hekaýatyň aýdyň mysalydyr. Ol özüniň geçen tutuş durmuş ýolunda biznesiň we telekeçiligiň, hususan-da, gozgalmaýan emläk, sport we şüweleňli maksatnamalar pudaklarynda iň ýokary ülňülere yzygiderli ýetmegi maksat edindi. Onuň syýasata we döwlet gullugyna girişi hem haýran galdyryjy bolup döwlet wezipesine ilkinji dalaşgärligi Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagyna alyp bardy.

Warton maliýe mekdebini tamamlandan soň, jenap Tramp kakasynyň ýoluna eýerip Nyu-Ýork şäherinde gozgalmaýan emlägiň gurluşygy bilen meşgul boldy. Tiz wagtyň içinde Manhattandaky we şondan biraz wagt soňra tutuş dünýädäki iň abraýly binalar Trampyň ady bilen baglanyşdyrylyp başlandy. Tanymal ýazyjy hökmünde, jenap Tramp uly meşhurlyk gazanan on dörtden gowrak kitaby ýazdy; onuň “Bähbitli ylalaşyk gazanmagyň sungaty” atly ilkinji kitaby diňe ýylyň kitaby bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol biznesde nusgawy eser hasaplanylýar.

Jenap Tramp dalaşgärligini 2015-nji ýylyň 16-njy iýunynda yglan etdi, we Respublikan partiýasynyň on ýedi dalaşgäri öz kampaniýalaryny togtadandan soň 2017-nji ýylyň iýulynda Respublikan partiýasyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine hödürlenmegini kabul etdi. Jenap Tramp 2016-njy ýylyň 8-nji noýabrynda saýlawlarda ýeňiş gazandy, we bu geçen 28 ýylda Respublikan partiýasynyň saýlawçylyr kollegiýasynyň iň aglaba köpçüliginiň sesini gazanandygyny görkezdi. Ol ýurt boýunça 2,600 okrugda ýeňiş gazandy we bu 1984-nji ýylda Prezident Reýgandan soňra iň ýokary görkeziji boldy. Şeýle hem, oňa şu wagta çenli Respublikan partiýasyndan hödürlenen dalaşgärleriň arasynda iň köp ses bolan 62 million adam ses berdi. Mundan başga-da, saýlawçylyr kollegiýasy oňa 306 ses berdi – bu Respublikan partiýasyndan bolan dalaşgär üçin 1988-nji ýylda H.W.Buşdan soňra berlen iň köp ses möçberidir. Millionlarça amerikanlylar Trampyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny gaýtadan dikeltmek we şu wagtky ýagdaýydan çykmak baradaky maksatnamalaryny goldap jebisleşdiler – bu tüýs hakyky milli ýeňiş we taryhy hereket boldy.

Ykdysady taýdan ösmek baradaky maksatnamalaryny ähli amerikanlylara ýetirmek maksady bilen, Donald Tramp özüniň saýlawçylar bilen duşuşyklaryny respublikanlaryň ýeňiş gazanmagy kyn bolan ýerlerde – Miçigan ştatynyň Flint şäherinde, Kiwlenddäki özygtyýarly mekdeplerde we Floridadaky ispan buthanalarynda geçirdi.  Täze respublikan tarapdarlarynyň millionlarçasy Trampyň has oňaýly söwda ylalaşyklary arkaly rowaçlygy we ösüşi gazanmaga gönükdirilen tagallalary üçin öz seslerini oňa berip jenap Trampy saýladylar, we netijede täze “gyzyl” territoriýalarda respublikanlar saldamly ýeňiş gazandylar. Trampyň gazanan ýeňşi dürli şertlerde ýaşaýan amerikanlylary jebisleşdirendiginiň aýdyň mysaly bolup  Prezident Trampyň ilkinji günden başlap tä ahyrky iş günine çenli halky üçin netijeli işlemäge taýýardygyny subut edýär.

Prezident Tramp on iki ýyl mundan ozal aýaly Melaniýa bilen durmuş gurýar;  olaryň Barron atly bir ogly bar. Jenap Trampyň başga-da dört çagasy: Donald, Iwanka, Erik we Tifani, hem de sekiz agtygy bar.

Terjimehal Ak Tamyň resmi “whitehouse.gov” websaýtyndan alyndy