ABŞ-nyň Döwlet sekretary

Secretary of State Mike PompeoMaýk Pompeo ABŞ-nyň Döwlet sekretary hökmünde 2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde kasam kabul etdi. Ol ondan ozal 2017-nji ýylyň ýanwaryndan 2018-nji ýylyň aprel aýyna çenli Merkezi aňtaw gullugynyň müdüri wezipesinde işledi.

Prezident Trampyň administrasiýasynda işe başlamazdan ozal, jenap Pompeo Kanzas ştatynyň 4-nji etrapçasyndan dördünji gezek saýlanyp kongresmen wezipesinde işleýärdi. Ol ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Aňtaw komitetinde, şeýle-de Energetika we söwda hem-de Wekiller palatasynyň Bengazi boýunça ýörite komitetinde agza bolup işledi.

Kongresden ozal jenap Pompeo “Teyer Eýrspeýs” kompaniýasyny esaslandyryp bu kompaniýada on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda baş ýerine ýetiriji müdüri wezipesinde işledi. Soň ol nebiti gazyp alýan ýataklar üçin niýetlenen enjamlary öndürýän, satuwyny amala aşyrýan we tehniki taýdan hyzmat edýän “Sentri Interneşnl” kompaniýasynyň prezidenti bolup işledi.

Jenap Pompeo 1986-njy ýylda West Poýntdaky ABŞ-nyň Harby akademiýasyny öz synpynda iň ýokary bahalar bilen tapuwutlanyp tamamlady we Berlin diwary ýykylmazdan öň Demir perdä gözegçilik edip, kawaleriýa serkerdesi bolup gulluk etdi. Ol şeýle hem ABŞ-nyň Harby goşunlarynyň Dördünji pyýada goşunlary diwiziýasynyň 2-nji eskadrilýasynda gulluk etdi.

Aktiw harby gullukdan soň, jenap Pompeo Harwardyň Hukuk mekdebini tamamlady we şol bir wagtda ol bu ýerde “Harwardyň Hukuk syny” žurnalyň redaktory hem bolup işledi.

Jenap Pompeo 1963-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Kaliforniýa ştatynyň Oreýnj şäherinde doguldy. Maşgalaly – aýaly Sýuzan Pompeo we olaryň Nik atly bir ogly bar.