Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wise-prezidenti

Vice President Mike PenceMaýkl R. Pens Indiana ştatynyň Kolumb şäherinde 1959-njy ýylyň 7-nji iýunynda Edward we Nensi Pensleriň maşgalasynda alty çaganyň biri bolup dünýä indi. Ol ýetginjek ýyllary amerikan arzuwynyň amala aşmagyny ýakyndan synlady. Onuň atasy 17 ýaşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna göçüp gelenden soň, onuň maşgalasy ýurdyň orta-günbatarynda orun tutýarlar. Geljekki Wise-Prezident öz ejesiniň we kakasynyň esasy gymmatlyklaryň ählisini – maşgalany, biznesi we at-abraýy ýeke-ýekeden gurup baryşlaryny synlady. Indiana ştatynyň bir kiçi şäherinde uly bolmadyk azyk we beýleki derwaýs harytlar dükanynyň düýbini tutan ejesiniň we kakasynyň üstünlikli göreldelerine eýerip, ol janypkeş zähmet çekmegiň, ynanjyň we maşgalanyň wajypdygyna aň ýetirmek bilen terbiýelendi.

1981-nji ýylda Wise-Prezident Pens Ganower kollejine okuwa girýär we taryh ugrundan bakalawr derejesini gazanýar. Okuw döwründe ol özüniň durmuşynda itergi berýän güýç bolan hristian ynanjyny gaýtadan berkitdi. Ol soňra Indiana uniwersitetiniň Hukuk mekdebinde okaýar we öz söwer ýary Karen Pens bilen tanyşýar.

Okuwyny tamamlandan soň Wise-Prezident hukuk bilen meşgullanýar, Indiana ştatynyň Syýasat barlaglary gaznasyna ýolbaşçylyk edýär we Indiana ştatynda bilelikdäki “Ze Maýk Pens Şou” atly şowhunly radiogepleşigi hem-de jemgyýetçilik aragatnaşygy boýunça hepdelik telegepleşigi alyp barýar. Şol wagtlarda hem onuň üç çagasy- Maýkl, Şarlot we Odri dünýä inýär.

Indiana ştatynda hoşgylaw ildeşleriniň arasynda önüp-ösen Wise-Prezident Pens elmydama oňa şeýle köp zady peşgeş beren ştatyna we ýurdyna janypkeş zähmeti bilen gaýtaryp bermelidigini bilýärdi.  2000-nji ýylda ol ABŞ-nyň Kongresiniň ýerli wekiliniň orny üçin üstünlikli kampaniýasyny alyp barmak bilen heniz 40 ýaşynda  Kongresiň Wekiller palatasyna saýlandy.

Gündogar-merkezi Indiananyň halky Wise-Prezident Pensi alty gezek Kongresde özlerine wekilçilik etmek üçin saýladylar. Kapitoliýde ol özüni çäklendirilen hökümetiň, maliýe jogapkärçiliginiň, ykdysady ösüşiň, bilim almaga mümkinçilikleriň hem-de ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň goragçysy we goldawçysy hökmünde tanatdy. Tiz wagtyň içinde egindeşleri onuň liderlik başarnyklaryny ykrar edip, ony biragyzdan Wekiller palatasyndaky Respublikan partiýasynyň barlag komitetiniň başlygy we Wekiller palatasyndaky Respublikan partiýasynyň maslahatynyň başlygy wezipesine saýladylar. Bu wezipede Wise-Prezident hökümetiň kiçiräk we has netijeli bolmagyna, çykdajylary azaltmaga hem de ştatlara we ýerli häkimýetlere has giň hukuklaryň berilmegine ýardam etdi.

2013-nji ýylda ildeşleri Wise-Prezidenti Indiananyň 50-nji häkimi wezipesine saýlandygy sebäpli ol ýurdyň paýtagtyndan öz ştatyna gaýdyp bardy. Ol şol çäklendirilen hökümet we pes salgyt pelsepesini  Indiana ştatynyň kanunçykaryjylyk edarasyna hem alyp geldi. Indiananyň häkimi hökmünde ol ştatyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem de täze maýa goýumlaryny we oňat aýlyk tölenýän işleri çekmek üçin Indiana ştatynyň taryhynda salgytlaryň: hususy girdejä salynýan salgydyň, biznesde şahsy emläk üçin salgydyň we kompaniýalar üçin girdejä salynýan salgydyň möçberleriniň  uly göwrümde peseldilmegini gazandy. Iş orunlary bilen üpjünçilik meselesine berýän egsilmez tagallasy netijesinde onuň ýolbaşçylyk eden ilkinji dört ýylda ştatda işsizlik iki esse azaldy we möhletiniň ahyryna çenli iş bilen üpjün indianalylaryň sany ştatyň 200-ýyllyk taryhynda iň ýokary derejä ýetdi.

Indiananyň häkimi hökmünde, Wise-Prezident Pens mekdeplere goýberilýän maliýe serişdeleriniň artmagyna hem-de mekdep saýlap almaga giň mümkinçilik döretdi we Indiananyň taryhynda ilkinji gezek ştatyň häkimiýeti tarapyndan maliýeleşdirilýän mekdebe çenli çagalar üçin maksatnamalara ýol açýan “Pre-K” meýilnamasyny döretdi. Ol mekdepde  ýokary synplar üçin hünär we tehniki bilimiň ileri tutulmagyny üpjün etdi. Wise-Prezident Pensiň ýolbaşçylygynda “Amerikanyň çatrygy” ady bilen hem tanalýan Indianada ştatyň ýollary we köprüleri üçin 800 million ABŞ-nyň dollary möçberinde maliýe serişde göýberildi. Wise-Prezident Pens Indiana ştatynyň Baş Assambleýasy bilen ýakyndan işleşip iki sany deňagramly büjet kabul edilmegini gazanandygy sebäpli, salgytlaryň görülmedik derejede peselendigine hem-de ýollar we mekdepler üçin göýberilen täze maýa goýumlara garamazdan, ştatyň häkimiýeti maliýe borçnamalaryna jogäpkärçilikli çemeleşmäge dowam etdi. Şol büjetiň saýasynda ştatda ätiýäçlyk maliýe serişdeler gory ygtybarly bolup islendik ýurdyň buýsanjy boljak  kredit ygtybarlylyk derejesi “AAA” görkezijisine eýe boldy.

Indiana ştatynyň üstünlik gazanmagynyň mysaly, Wise-Prezidentiň kanunçylyk we ýolbaşçy ugrundaky tejribesi hem-de onuň berk maşgala gymmatlyklary 2016-njy ýylyň iýulynda Prezident Donald Trampyň prezidentlik wezipesine dalaşgärlik ýolunda  Maýk Pensi öz egindeşi hökmünde saýlamagyna hem esas boldy. Amerikan halky 2016-njy ýylyň 8-nji noýabrynda Prezident Donald Trampa we Wise-Prezident Pense seslerini berdiler. Prezident Donald Tramp we Wise-Prezident Pens 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda öz wezipelerine girişdiler.

Wise-Prezident Maýk Pens amerikan halky bilen bilelikde işleşip, “Amerikany gaýtadan beýgeltjek” işleri amala aşyrmaga umyt edip Hudaýyň ýalkamagy, öz maşgalasynyň söýgüsi we goldawy hem-de her bir amerikalynyň aýrylmaýan hukugy bolan azatlygyň peşgeşi üçin minnetdarlygyny gaýgyrmaýar.

Terjimehal Ak Tamyň resmi “whitehouse.gov” websaýtyndan alyndy