Prep4Success maksatnamasy – Distansion okuw Ýaz möwsümi 2022

Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş

Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL-dan ýokary bal almakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesindäki akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Sizde Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy?

Amerikan geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar:

  • 18 hepdelik (hepdede 4 gün) intensiw taýarlyk kursy
  • Prep4Success maksatnamasynyň ýaz möwsümi distansion okuw görnüşinde geçiriler
  • Gatnaşyjylardan kompýuter, planşet ýa-da öýjükli telefonlar arkaly internete baglanmak talap ediler. Okuw kursuna degişli materiallar internet arkaly ugradylar.

Bu kurslar ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmek üçin gerekli bolan TOEFL/SAT synaglaryndan we akademiki okuw we ýazuwa ýokary derejedäki taýýarlykdan ybarat. Tejribeli maslahatçylar sizi ýokary derejeli kitaplaryň we usullaryň üsti bilen görkezilen ugurlar boýunça gönükdirerler.

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler:

  1. Orta mekdebi tamamlan;
  2. Bakalawr derejesini almadyk;
  3. Türkmenistanyň we daşary ýurduň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmedik (hünär okuwyny gutaranlar gatnaşyp bilýärler);
  4. Orta we ýokary derejede Iňlis dilini bilýän;
  5. ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmäge we okamaga bolan uly höwes we gyzyklanma bildirýän;
  6. 18 hepdelik distansion intensiw kurslaryna gatnaşmaga höwesli;
  7. Kynçylyklara taýar bolmaly!

Anketa bukjasy: Ähli resminamalar HÖKMAN elektron poçta arkaly ugradylmaly.

Ähli resminamalar DIŇE associatep4s@americancouncilstm.org poçtasyna 2022-nji ýylyň yanwar aýynyň 20-ne sagat 17:30-a çenli ugradylmaly.

Doly maglumat almak üçin +993 65 27 73 08 belgi we associatep4s@americancouncilstm.org arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Diňe anketany dolulygyna dolduran dalaşgärler synaga çagyrylar.