“Prep4Success” maksatnamasy – Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş

Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL testindan gowy bal almakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesi bolan akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy?

Amerikan geňeşlikleri, Türkmenistanyň raýatlaryny “Prep4Success” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar:

  • Dowamlylygy 18 hepde (hepdede 4 gün) taýýarlyk kursy

Bu kurslar ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine okuwa girmek üçin gerekli bolan TOEFL/SAT synaglaryna/ akademiki okuw we ýazuwa ýokary derejedäki taýarlykdan ybarat. Tejribeli maslahatçylar sizi ýokary derejeli kitaplaryň we usullaryň üsti bilen görkezilen ugurlar boýunça gönükdirerler.

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler:

  1. Orta mekdebi tamamlan;
  2. Bakalawr derejesini almadyk;
  3. Türkmenistanyň we daşary ýurdyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmedik (hünär okuwyny gutaranlar gatnaşyp bilýär);
  4. Orta we ýokary derejede Iňlis dilini bilýän;
  5. ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmäge we okamaga bolan uly höwes we gyzyklanma bildirýän;
  6. Kynçylyklara taýar bolmaly!

Anketa bukjasy: Ähli resminamalar HÖKMAN elektron poçta arkaly ugradylmaly.

Ähli resminamalar DIŇE associatep4s@americancouncilstm.org poçtasyna 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 19-y sagat 17:30-a çenli ugradylmaly.

Doly maglumat almak üçin 36-90-16/21 (goşmaça 113).