Prep4Success maksatnamasy güýzki okuwlaryna resminamalary kabul edýär

Türkmenistanda ýerleşyän Amerikan Geňeşlikleri höwesjeň we Türkmenistanyň ýaş raýatlary üçin ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna üstünlikli girmek üçin zerur bilim we ukyplary bilen üpjün edýär we gatnaşyjylaryň bäsleşik ukyplaryny kämilleşdirýär. Maksatnamanyň gatnaşyjylary TOEFL we SAT synaglaryna, akademiki ýazuw we okuw sapaklaryna üns berip, ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna üstünlikli girmek üçin zerur bolan ukyplara eýe bolýarlar. 18-hepdelik intensiw taýarlyk kursy Amerikan Geňeşlikleriniň Aşgabatdaky ofisinde geçirilýär.

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler:

  1. Orta mekdebi tamamlan;
  2. Bakalawr derejesini almadyk;
  3. Türkmenistanyň we daşary ýurduň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmedik (hünär okuwyny gutaranlar gatnaşyp bilýärler);
  4. Orta we ýokary derejede iňlis dilini bilýän;
  5. ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmäge we okamaga bolan uly höwes we gyzyklanma bildirýän;
  6. 18-hepdelik intensiw kurslaryna gatnaşmaga höwesli;

Anketa bukjasy: Ähli resminamalar elektron poçta arkaly ugradylmaly.

  • Doldurylan Prep4Success maksatnamasynyň anketasy PDF formatda (forma berkidilen, PDF 376KB);
  • Orta mekdep okuw ýetişigi (attestat) ;
  • Iňlis dilinde ýazylan we gol çekilen bir hödürnama haty;
  • Rezýume;
  • Türkmenistanyň içerki pasportynyň nusgasy;

Ähli resminamalar associatep4s@americancouncilstm.org poçtasyna 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 25-ne sagat 17:00-a çenli ugradylmaly. Doly maglumat almak üçin 36 90 16 (goş.113) belgi we associatep4s@americancouncilstm.org arkaly habarlaşyp bilersiňiz.