Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş
Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL synagyndan ýokary bal gazanmakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesindäki akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy?
Amerikan geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar:
- Dowamlylygy 18 hepde (4 gün hepdede) bolan intensiw taýarlyk kursy
- Maksatnamanyň güýz möwsümi distansion okuw görnüşinde geçiriler
- Gatnaşyjylaryň kompýuter, planşet ýa-da öýjükli telefonlar arkaly internete baglanmagy zerurdyr. Okuw kursuna degişli materiallaryň ählisi elektron poçta ýa-da IMO arkaly ugradylar.
Bu kurslar ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmek üçin gerekli bolan TOEFL/ SAT synaglaryna/ akademiki okuwa we ýazuwa ýokary derejedäki taýarlykdan ybarat. Tejribeli maslahatçylar sizi ýokary derejeli okuw serişdeleriniň we usullaryň üsti bilen görkezilen ugurlar boýunça gönükdirerler.
Maksatnama kimler gatnaşyp biler:
- Orta mekdebi tamamlan;
- Bakalawr derejesini almadyk;
- Türkmenistanyň we daşary ýurdyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmedik (hünär mekdebini gutaranlar gatnaşyp bilýär);
- Orta we ýokary derejede Iňlis dilini bilýän;
- ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmäge we okamaga bolan uly höwes we gyzyklanma bildirýän;
- 18 hepdelik distansion intensiw kurslaryna gatnaşmaga höwesli;
- Kynçylyklara taýar bolmaly!
Kabul edişligiň soňky senesi: 3-nji sentýabr, 2020.
Maksatnamanyň internet sahypasy: http://americancouncilstm.org/p4s/
Habarlaşmak üçin: tel: +993 64521711 ýa-da associatep4s@americancouncilstm.org