Prep4Success maksatnamasy – Distansion okuw

Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş

Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL testindan gowy bal almakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesi bolan akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy?

Amerikan Geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar:

  • Dowamlylygy 18 hepde (4 gün hepdede) bolan intensiw taýarlyk kursy
  • Prep4Success maksatnamasynyň güýz möwsümi distansion okuw görnüşinde geçiriljekdir
  • Gatnaşyjylar kompýuter, planşet ýa-da öýjükli telefonlar arkaly internete baglanyp bilmeli. Okuw kursuna degişli materiallaryň ählisi elektron salgysy ýa-da IMO arkaly ugradylar.

Bu kurslar ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmek üçin gerekli bolan TOEFL/SAT synaglaryna/akademiki okuw we ýazuwa ýokary derejedäki taýýarlykdan ybarat. Tejribeli maslahatçylar sizi ýokary derejeli kitaplaryň we usullaryň üsti bilen görkezilen ugurlar boýunça gönükdirerler.

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler:

  • Orta mekdebi tamamlan;
  • Bakalawr derejesini almadyk;
  • Türkmenistanyň we daşary ýurduň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmedik (hünär okuwyny gutaranlar gatnaşyp bilýär);
  • Orta we ýokary derejede iňlis dilini bilýän;
  • ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmäge we okamaga bolan uly höwes we gyzyklanma bildirýän;
  • 18 hepdelik distansion intensiw kurslaryna gatnaşmaga höwesli bolmaly;
  • Kynçylyklara taýýar bolmaly!

Anketa bukjasy: Ähli resminamalar HÖKMAN elektron poçta arkaly ugradylmaly.

  • Prep4Success maksatnamasynyň anketasy doldurylan PDF formatda bolmaly (forma görkezilen – PDF 183 kb);
  • Orta mekdep okuw ýetişigi;
  • Iňlis dilinde ýazylan we gol çekilen bir hödürnama haty;
  • Resume;
  • Türkmen pasport nusgasy;

Ähli resminamalar DIŇE associatep4s@americancouncilstm.org poçtasyna 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 4-i sagat 17:30-a çenli ugradylmaly. Doly maglumat almak üçin (+993 65) 277308 belgi arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Diňe anketany dolulygyna dolduran dalaşgärler synaga çagyrylar.