Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş
Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL testindan gowy bal almakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesi bolan akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy?
Amerikan Geňeşlikleri, Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar:
- Dowamlylygy 18 hepde (4 gün hepdede) bolan intensiw taýarlyk kursy
- Prep4Success Maksatnamasynyň güýz möwsümi distansion okuw görnüşinde geçiriljekdir
- Gatnaşyjylar kompýuter, planşet ýa-da öýjükli telefonlar arkaly internete baglanyp bilmeli. Okuw kursuna degişli materiallaryň ählisi elektron salgysy ýa-da sosial media arkaly ugradylar.
Bu kurslar ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmek üçin gerekli bolan TOEFL/SAT synaglaryna/ Akademiki okuw we ýazuwa ýokary derejedäki taýarlykdan ybarat. Tejribeli Maslahatçylar sizi ýokary derejeli kitaplaryň we usullaryň üsti bilen görkezilen ugurlar boýunça gönükdirerler.
Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler:
- Orta mekdebi tamamlan;
- Bakalawr derejesini almadyk;
- Türkmenistanyň we daşary ýurdyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmedik (hünär okuwyny gutaranlar gatnaşyp bilýär);
- Orta we ýokary derejede Iňlis dilini bilýän;
- ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmäge we okamaga bolan uly höwes we1 gyzyklanma bildirýän;
- 18 hepdelik distansion intensiw kurslaryna gatnaşmaga höwesli bolmaly;
- Kynçylyklara taýar bolmaly!
Anketa bukjasy: Ähli resminamalar HÖKMAN elektron poçta arkaly ugradylmaly.
- Prep4Success maksatnamasynyň anketasy doldurylan PDF formatda bolmaly (forma görkezilen);
- Orta mekdep okuw ýetişigi;
- Iňlis dilinde ýazylan we gol çekilen bir Hödürnama haty;
- Resume;
- Türkmen pasport nusgasy;
Ähli resminamalar DIŇE associatep4s@americancouncilstm.org poçtasyna 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 16-sy sagat 17:30-a çenli ugradylmaly. Goşmaça maglumat almak üçin +993 65 27 73 08 belgi arkaly habarlaşyp bilersiňiz.
Diňe anketany dolulygyna dolduran dalaşgärler synaga çagyrylar.