Prep4Success maksatnamasy – gatnaşmaga isleg bildirýänler üçin bildiriş

Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL synagyndan gowy bal almakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesindäki akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy?

Amerikan geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar:

  • Dowamlylygy 18 hepde (hepdede 4 gün) taýýarlyk kursy

Bu kurslar ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmek üçin gerekli bolan TOEFL/SAT synaglaryna, akademiki okuwa we ýazuwa ýokary derejedäki taýýarlykdan ybarat. Tejribeli maslahatçylar sizi ýokary derejeli kitaplaryň we usullaryň üsti bilen görkezilen ugurlar boýunça gönükdirerler.

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler:

  1. Orta mekdebi tamamlan;
  2. Bakalawr derejesini almadyk;
  3. Türkmenistanyň we daşary ýurdyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmedik (hünär okuwyny gutaranlar gatnaşyp bilýär);
  4. Orta we ýokary derejede Iňlis dilini bilýän;
  5. ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmäge we okamaga bolan uly höwes we gyzyklanma bildirýän;
  6. Kynçylyklara taýar bolmaly!

Anketa bukjasy: Ähli resminamalar HÖKMAN elektron poçta arkaly ugradylmaly

  • Prep4Success maksatnamasynyň anketasy doldurylan we düzme PDF formatda bolmaly (forma berkidilen);
  • Orta mekdep okuw ýetişigi;
  • Iňlis dilinde ýazlan we gol çekilen bir hödürnama haty;
  • Rezýume;
  • Pasport nusgasy;
  • Golaýda düşürlen pasport ölçegdäki surat;

Ähli resminamalar DIŇE associatep4s@americancouncilstm.org salgysyna 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 1-i, sagat 17:30-a çenli ugradylmaly. Doly maglumat almak üçin 36-90-16/21 (goşmaça 113).

Diňe anketany dolulygyna dolduran dalaşgärler synaga çagyrlar.