Prezident Josef R. Baýden Jr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirilýän ilkinji “C5+1” Prezident sammiti üçin Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri bilen duşuşdy. Liderler howpsuzlyk, söwda we maýa goýumlary, sebitara baglanyşyk, ähli halklaryň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine hormat goýmagyň zerurlygy, döwlet dolandyryşyny we kanunyň hökmürowanlygyny gowulandyrmak üçin alnyp barylýan özgertmeler ýaly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Prezident Baýden “C5+1” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde adam hukuklarynda öňe gidişlikler gazanmak bilen bir hatarda Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň özygtyýarlylygyny, çydamlylygyny we gülläp ösüşini has hem berkitmek üçin biziň halklarymyzyň bilelikde işlemegi baradaky öz kärdeşleriniň garaýyşlaryny oňyn kabul etdi. Prezident Baýden kärdeşlerine sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem serhet howpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreş we hukuk goraýyş meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydygyny mälim etdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlary “C5+1” diplomatik platformasynyň üstüni ýetirjek hususy işewürlik platformasynyň esaslandyrylmagy arkaly ABŞ-ly söwda we hususy ulgama maýa goýujylar üçin has oňaýly işewürlik gurşawynyň döredilmeginiň gymmatyny ara-alyp maslahatlaşdy, şeýle hem inkluziw we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin anyk hereketleri maslahatlaşmak üçin USAID-yň oktýabr aýynda sebitleýin aragatnaşyk boýunça ministrler derejesinde konferensiýa geçirjekdigini belläp geçdi. Prezident Baýden biziň ýurtlarymyzyň geljekki energiýa landşaftyny goldap biljek çydamly we ygtybarly üpjünçilik zynjyrlaryny gazanmak babatynda hyzmatdaşlyk etmelidigini kabul edendigi üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlary Merkezi Aziýanyň ägirt uly mineral gorlaryny işläp taýýarlamak we gazylyp alynýan wajyp minerallaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin “C5+1” çäklerinde möhüm minerallar boýunça gepleşikleri başlamagy teklip etdi. Bu tagallalar sebitleýin ykdysady utgaşyklylygy we durnuklylygy gazanmaga kömek etjek Global Infrastruktura we Maýa goýum Hyzmatdaşlygy arkaly Trans-Hazar söwda ýolunyň (“Orta koridor” diýlip hem atlandyrylýar) ösüşi we oňa maýa goýumyň çekilmegi üçin ABŞ-nyň dowamly goldawynyň bir bölegidir. Duşuşygyň soňunda, Prezident Baýden raýat jemgyýetine we zenanlary ykdysady taýdan güýçlendirmek ugrunda alnyp barylýan işlere dowamly goldaw berilmeginiň bähbidine çykyş etdi we ähli pudaklarda maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryna aýratyn üns berilmegini “C5+1”-yň täze üns merkezi hökmünde öňe sürdi.