Şahsy maglumatlaryň goraglylygyna degişli düzgünler
Siz biziň internet sahypamyza gereniňizde, Siziň razyçylygyňyz bolmasa, Siz barada hiç-hili şahsyýeti tanadýan maglumatlary (ŞTM) toplamaýarys. Biziň internet sahypamyz arkaly şahsyýeti tanadýan maglumatlary bermeklik meýletindir. Siz şeýle maglumatlary bize bermek bilen şol maglumatlary beýan edilen maksatlar üçin ulanmaga bize rugsat berýärsiňiz. Belli bir maglumatlaryň berilmezligi Size zerur bolan käbir hyzmatlary biziň berip bilmezligimize eltmegi mümkindir. Eger de Siz bize ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň internet sahypasynda internet arkaly anketalary dolduranyňyzda ýa-da elektron poçta arkaly hat ugradanyňyzda ŞTM berseňiz, biz şol maglumatlardan peýdalanyp Size zerur bolan maglumaty berip ýa hyzmaty amala aşyryp bileris , ýa bolmasa Siziň hatyňyza jogap berip bileris. Sizden alynýan maglumatlar biziň Internet sahypamyza näme sebäpli girýändigiňize görä üýtgäp biler.
Biz awtomatiki usulda Siziň internete çykýan domeniňiziň adyny ( .com, .edu, we şuňa meňzeşler), biziň internet sahypamyza gelen senäňizi we wagtyňyzy, hem de biziň sahypamyza girmek uçin ulanan saýtyň salgysyny (mysal üçin, gözleg saýtynyň salgysy ýa-da biziň saýtymyza gelmekligi maslahat beren saýt) ýygnaýarys we saklaýarys. Bu maglumatlar bize saýtymyzyň dürli sahypalaryna gelýan ulanyjylary sanamaga we Siziň ýaly ulanyjylar üçin saýtymyzyň has-da peýdaly bolmagyny gazanmaga kömek edýär.
Eger-de bize elektron poçta arkaly hat ugratsaňyz
Siz bize özüňiz barada şahsy maglumatlary, mysal üçin, elektron poçta arkaly öz pikiriňizi aýdanyňyzda ýa-da sorag bilen ýüzleneniňizde berip bilersiňiz. Biz bu maglumaty hödürlenýän hyzmatlarymyzy gowylandyrmak üçin ýa-da Size jogap gaýtarmak üçin ulanýarys. Käbir ýagdaýlarda Siziň hatlaryňyzy soraglaryňyza has takyk jogap berip biljek ABŞ-nyň beýleki gulluklaryna hem ugradyp bileris. Kanuna laýyklykda hukuk goraýjy edaralarynyň derňew işlerinden galan ýagdaýlarda, biz elektron hatlarymyzy beýleki hiç bir gurama bermeýäris.
Üçünji taraplaryň websaýtlary we web goşundylary
Biziň internet sahypamyzda ABŞ-nyň beýleki gulluklaryna, ilçihanalara, halkara guramalara we hususy kärhanalara köp sanly sepler bardyr we bu guramalaryň ABŞ-da ýa-da beýleki döwletlerde ýerleşýän bolmagy mümkindir. Siz beýleki internet sahypalaryna salgylar boýunça geçeniňizde, Siz biziň sahypamyzdan çykyp şol internet sahypasynyň konfidensiallyk düzgünlerine degişli bolýarsyňyz.
Biz maglumatlaryň takyk we doly bolmagy üçin tagalla edýäris. Emma, biz hiç hili ýalňyşyň ýokdygyna güwä geçmeýäris. Şu websaýtda ýerleşdirilen resminamalar we maglumatlar babatynda, ne ilçihana ne de işgärleri ýa da potratçylary hiç hili güwä geçmeýär, şeýle güwä geçmezlik ýazylan ýa-da aňşyrylan güwälere, şol sanda harytlyk ýagdaýyna, we şu internet sahypasyndan alynan resminamalaryň belli bir maksada laýyklydygyna güwä geçmezlik hem degişlidir. Ondan daşary hem, ilçihana şu ýerde aýdylýan maglumatlaryň, önümleriň we prosessleriň takyklygy, dolulygy ýa-da peýdalylygy boýunça ýa da şol maglumatlaryň, önümleriň we prosessleriň ulanylşynyň şahsyýetlere degişli awtorlyk hukugyny bozmajakdygy boýunça hiç hili kanuny jogapkärçiligi üstüne almaýar.
Internet sahypasynyň howpsuzlygy üçin, we şu hyzmatyň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny üpjin etmek maksady bilen, ABŞ-nyň Döwlet departamenti websaýta birugsat maglumat ýüklemäge, onuň mazmunyny üýtgetmäge ýa-da başgaça zyýan bermäge edilen synanşyklary ýüze çykarmak üçin kompýuter programmalaryndan peýdalanýar. Şu websaýtda birugsat maglumat ýüklemäge ýa-da onuň mazmunyny üýtgetmäge synanşyk etmek kanun tarapyndan berk gadagan edilýär, we 1986-njy ýylda kabul edilen Kompýuter aldawçylygy we zyýankeşligi baradaky ABŞ-nyň Kanuny esasynda şol hereketler kanuny jogapkärçilige degişli bolýar. Şeýle hem, kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, maglumat hukuk goraýjy edaralaryň derňew işlerinde ulanylyp bilner. Şu ýagdaýlardan galan ýagdaýlarda ulanyjylary kesgitlemäge ýa-da olaryň ulanyş endiklerini öwrenjek bolmaga synanşyk edilmeýär. Şu websaýtda birugsat maglumat ýüklemäge ýa-da onuň mazmunyny üýtgetmäge synanşyk etmek kanun tarapyndan berk gadagan edilýär, hem de 1986-njy ýylda kabul edilen Kompýuter aldawçylygy we zyýankeşligi baradaky ABŞ-nyň Kanuny we ABŞ-nyň kanunlar toplumynyň 18-nji bölüminiň 1001 we 1030-njy bölekleri esasynda şol hereketler kanuny jogapkärçilige degişli bolýar.
Ýatda saklamak we islege laýyk sazlamak üçin maglumatlar (Cookies)
Maglumatlar faýly (Cookies) – bu kiçijik tekst faýly bolup, ony islendik bir websaýt Siziň websaýtda bolan wagtyňyz Siziň amala aşyran sessiýaňyz barada anyk maglumatlary ýatda saklamak üçin Siziň kompýuteriňize geçirýär. Siziň kompýuteriňiz bu “Cookies” faýlyny diňe şol faýly iberen websaýt bilen paýlaşýar, emma beýleki saýtlar ony talap edip bilmeýär. “Cookies” faýly iki görnüşi bolýar:
“Cookies” sessiýa faýly: “Cookies” sessiýa faýly diňe web-brauzeriňiz açyk wagty Siziň kompýuteriňiziň ýadyna ýazylýar. Eger de Siz web-brauzeriňizi ýapsaňyz, onda “Cookies” faýly ýitip ýok bolýar. Websaýtlar “Cookies” sessiýa faýlyny tehniki maksatlar üçin, mysal üçin, websaýt boýunça aňsat gezmek üçin ýa-da websaýtdan peýdalanan wagtyňyz websaýty siziň islegiňize görä sazlamak üçin ulanyp bilerler.
“Cookies” durnukly faýly: “Cookies” durnukly faýly ulanyjynyň kompýuteriniň gaty diskine ýazylýar we haýsy ulanyjylaryň täzedigini ýa da gaýtadan girýändigini kesgitleýär, hem de gaýtadan girýän ulanyjylara “ForeSee” kompaniýasynyň işläp düzen pikir soragnamasyna çakylygy täzeden ibermegiň öňüni almak üçin ulanylýar. Eger-de Siz “Cookies” sessiýa faýly ýa-da “Cookies” durnukly faýly kompýuteriňizde saklamak islemeseňiz, Siz öz web-brauzeriňizde “Cookies” faýllaryny saklamak funksiýasyny öçürip bilersiňiz. Muňa garamazdan, Siz biziň saýtymyzda ähli maglumatlardan we serişdelerden peýdalanyp bilersiňiz. Emma “Cookies” faýllaryny saklamak funksiýasyny öçürmeklik käbir websaýtlaryň işlemegine täsir edip biler. Eger-de Siz öz web-brauzeriňizde “Cookies” faýllaryny saklamak funksiýasyny öçurseňiz, Siziň girýän ähli websaýtlarda “Cookies” faýllarynyň ulanylyşyna täsir etjekdiginden habarly boluň.
Beýleki websaýtlara sepler
Biziň internet sahypamyzda ABŞ-nyň beýleki gulluklaryna, ilçihanalara, halkara guramalara we hususy kärhanalara köp sanly sepler bardyr we bu guramalaryň ABŞ-da ýa-da beýleki döwletlerde ýerleşýän bolmagy mümkindir. Siz beýleki internet sahypalaryna salgylar boýunça geçeniňizde, Siz biziň sahypamyzdan çykyp şol internet sahypasynyň konfidensiallyk düzgünlerine degişli bolýarsyňyz.
Biz maglumatlaryň takyk we doly bolmagy üçin tagalla edýäris. Emma, biz hiç hili ýalňyşyň ýokdygyna güwä geçmeýäris. Şu websaýtda ýerleşdirilen resminamalar we maglumatlar babatynda, ne ilçihana ne de işgärleri ýa da potratçylary hiç hili güwä geçmeýär, şeýle güwä geçmezlik ýazylan ýa-da aňşyrylan güwälere, şol sanda harytlyk ýagdaýyna, we şu internet sahypasyndan alynan resminamalaryň belli bir maksada laýyklydygyna güwä geçmezlik hem degişlidir. Ondan daşary hem, ilçihana şu ýerde aýdylýan maglumatlaryň, önümleriň we prosessleriň takyklygy, dolulygy ýa-da peýdalylygy boýunça ýa da şol maglumatlaryň, önümleriň we prosessleriň ulanylşynyň şahsyýetlere degişli awtorlyk hukugyny bozmajakdygy boýunça hiç hili kanuny jogapkärçiligi üstüne almaýar.
Internet sahypasynyň howpsuzlygy üçin, we şu hyzmatyň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny üpjin etmek maksady bilen, ABŞ-nyň Döwlet departamenti websaýta birugsat maglumat ýüklemäge, onuň mazmunyny üýtgetmäge ýa-da başgaça zyýan bermäge edilen synanşyklary ýüze çykarmak üçin kompýuter programmalaryndan peýdalanýar. Şu websaýtda birugsat maglumat ýüklemäge ýa-da onuň mazmunyny üýtgetmäge synanşyk etmek kanun tarapyndan berk gadagan edilýär, we 1986-njy ýylda kabul edilen Kompýuter aldawçylygy we zyýankeşligi baradaky ABŞ-nyň Kanuny esasynda şol hereketler kanuny jogapkärçilige degişli bolýar. Şeýle hem, kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, maglumat hukuk goraýjy edaralaryň derňew işlerinde ulanylyp bilner. Şu ýagdaýlardan galan ýagdaýlarda ulanyjylary kesgitlemäge ýa-da olaryň ulanyş endiklerini öwrenjek bolmaga synanşyk edilmeýär. Şu websaýtda birugsat maglumat ýüklemäge ýa-da onuň mazmunyny üýtgetmäge synanşyk etmek kanun tarapyndan berk gadagan edilýär, hem de 1986-njy ýylda kabul edilen Kompýuter aldawçylygy we zyýankeşligi baradaky ABŞ-nyň Kanuny we ABŞ-nyň kanunlar toplumynyň 18-nji bölüminiň 1001 we 1030-njy baplary esasynda şol hereketler kanuny jogapkärçilige degişli bolýar.