ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň iňlis dili mugallymlarynyň hünär tejribesini artdyrmak üçin okuw maslahatyny geçirdi

Okuw maslahata gatnaşyjylar bilen toparlaýyn surat

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň bilim ministriligi bilen bilelikde Iňlis dili mugallymlarynyň hünär tejribesini artdyrmak üçin iki günlük okuw maslahatyny geçirdi. Bu okuw maslahaty 2017-nji ýylyň maý aýynyň 20 we 21-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Maslahatyň esasy sapaklaryny iňlis dilini okatmak boýunça üç amerikan hünärmenleri alyp bardy we olar özleriniň bilim bermek tejribelerini we usulyýetini maslahatyň gatnaşyjylary bilen paýlaşdylar. Maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we bäşinji ýyl talyplary, şeýle hem, Aşgabat şäheriniň we Türkmenistanyň ähli welaýatyndan gelen orta mekdep iňlis dili mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Allan Mastard açylyş gutlaglary bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýurdyň ösmegi üçin iňlis dilini okatmagyň wajyplylygyny nygtap geçdi. Şeýle hem, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň prorektory Durdymyrat Annaýew bu okuw maslahatynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasatynyň maksatanamasyna laýyk bolup durýandygyny belledi.

Okuw maslahatynyň ahyrynda gatnaşyjylaryň ählisine sertifikatlar we iňlis dilini okatmak boýunça okuw materiallary gowşuryldy.