Pul goýbermek komitetiniň öňünde 2015-nji ýylyň 5-nji martynda eden çykyşy
Türkmenistanyň Owganystana ynsanperwer kömegi we sebitde ykdysady jebisligi gazanmak aladalary Orta Aziýa sebitiniň durnuklylygy üçin möhüm ädimdir. Emma Türkmenistanyň yglan eden pozitiw bitaraplyk syýasaty biziň pugta harby hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerimizi çäklendirýär. Entegem, Hazar deňziniň howpsuzlygy ugrunda, tebigy betbagtçylyklara taýýar bolmak, lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek we professional harby bilim babatynda meseleler bar, ýöne olar çäklendirilendir. Ýaňy-ýakynda türkmen tarapy özüniň Owganystan bilen günorta serhetinde howplara garşy göreşmek üçin amerikan harby tehnikasyny we tehnologiýalaryny satyn almak islegini beýan etdi. Biz bu haýyşy goldamak üçin elimizden gelenini ederis.