Jenap Abilow, hormatly myhmanlar, hanymlar we jenaplar, salam we hoş geldiňiz! Şu gün ABŞ-nyň Ilçihanasynyň täze binasynyň düýbini tutmak dabarasyna gatnaşyp bilendigiňiz üçin sag boluň!
Biz şu wagt birnäçe aýdan täze ilçihanaň binasy galdyrylyp başlanjak ýerde durýarys. Şu günden şeýläk Arçabil şaýolunyň ugry bilen barýarkaňyz, gurluşykçylaryň işjeň depginde iş alyp barýandygyny we täze binalaryň galyp barýandygyny görüp bilersiňiz. 2018-nji ýylyň soňuna çenli, Aşgabatdaky Halkara Mekdebiň golaýynda diplomatik korpusynyň işgärleri üçin niýetlenen jaýlary we ilçihanaň täze binasyny öz içine aljak Ilçihanaň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy bolar.
Bugün biz Aşgabatda ýene-de bir täze gurluşyk taslamaň başlangyjyny däl, eýsem şu ýerde täze ulyrak Ilçihana gurmak kararymyz simwolik mana eýe. Täze ilçihanaň binalar toplumy biziň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyza ygrarlydygymyzyň görkezijisidir. Şeýle-hem, tutuş binalar toplumyny gurýandygymyz diňe bir ofis jaýyny däl, eýsem bir jemgyýet gurýandygymy aňladýar. Şu binalar toplumy maşgalalara gujak açyp mekdebiň işgärleri, beýleki jemgyýet toparlary we Türkmenistanyň halky bilen hyzmatdaşlygymyzy berkider.
Biz Türkmenistanyň geljegine maýa goýup, ilerde şu binalar toplumy Aşgabadyň uly jemgyýetçilik bileleşiginiň bir bölegi bolar diýip umyt edýäris. Men ABŞ Türkmenistanyň özbaşdaklygyny, durnuklylygyny we garaşsyzlygyny goldamaga ygrarlydygyny birnäçe gezek gaýtalapdym, we şu binalar toplumy şol wadaň subutnamasy. Şugünki düýbini tutmak dabarasy bilen biz Türkmenistanda uzak-möhletleýin maýa goýumlara we özara bähbitli maksatlaryň ugrunda işleşmäge ygrarlydygymyzy nygtaýarys.
Şu ähmiýetli çäräni alyp barmak meniň üçin uly hormat, siziň ähliňizi täze ilçihanaň meýdançasyna ilkinjileriň hatarynda göz atmaga çagyrýaryn. Saçagymyzyň nygmatlaryndan dadyp täze ilçihanaň binalar toplumynyň 3D formatdaky suratlaryny görmäge çagyrýaryn. Taslama boýunça edilmeli işleriň asyl möçberini we meýilleşdiriş tapgyryny öz gözüňiz bilen görüp bilersiňiz. 2018-nji ýylda täze ilçihanaň binalar toplumynyň açylyş dabarasynda siziň ähliňizi görmäge umyt edýäris.
Sag boluň.