Sekretar Kerri: Jenap Prezident, bizi kabul edeniňiz üçin örän minnetdar. Men bu ýere gelendigime örän şat, we meniň pikirimçe men 1992-nji ýylda Sekretar Jim Beýkeriň saparyndan soň ilkinji gezek gelen Döwlet sekretary. Bu iki saparyň arasyna diýseň uzak ara düşüpdir. Şonuň üçin, öňümizdäki ýylyň içinde Türkmenistana dolanyp gelip, ýurduňyzy görmäne we şu gepleşiklerimizi dowam etmäne köpräk wagtym bolar diýip umyt edýärin.
Men, iki hepde mundan ozal Waşingtona (düşnükli däl) ugradanyňyz üçin Daşary işler ministri Meredowa minnetdarlygymy bildiresim gelýär, we size sag bolsun aýtmak isleýärin – iki hepde mundan ozal biziň wekilçilik toparlarymyzyň arasynda geçirilen duşuşyklar – ykdysadyýet, adam hukuklary, howpsuzlyk, durnuklylyk ugurlary babatynda hyzmatdaşlygymyzyň çäginde edilmeli işleriň meýilnamasyny bilelikde işläp düzmek üçin örän peýdaly boldy. Şeýle-hemde şu günki duşuşykda hem şol meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýarlygyňyzy bildireniňiz üçin men Size minnetdar. Men Siz bilen razylaşýan; meniň pikirimçe hem häzirki wagtda sebitara howpsuzlygy örän wajyp we maslahatlaşmaly mesele bolup dur.
Men BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň tagallalaryna, ýakynda gol çekiler diýip umyt edýän strategik howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamasyna we şol Ähtnamanyň çäklerinde edýän hyzmatdaşlygymyza ýurduňyzyň berýän goldawy üçin minnetdar. Oňa bolan berlenligiňiz üçin hem örän minnetdar. Men, şeýle hem, Sizi Türkmenistanyň bitaraplygynyň ýetip gelýän 20 ýyllyk şanly baýramy bilen gutlaýaryn. Men bu wakanyň, bu pursadyň Siz üçin örän möhümdigini wakadygyny bilýärin. Gynansakda, men klimatyň üýtgemegi boýunça Parižda geçiriljek gepleşiklere gatnaşmaly bolýaryn, ýogsa men bärde bolmagy islärdim. Eger-de ýagdaý üýtgäp, ylalaşyk bilen bagly işlerimizi oňa çelni tamamlasak, men ýurduňyza dolanyp, Size goşulanyma örän şat bolardym.
Ýakynda biz Samarkantda diýseň konstruktiw duşuşyk geçirdik, we men Size bu duşuşuga Daşary işler ministriňizi ugradanyňyz üçin minnetdar. Men birnäçe ýurtlaryň Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň bilelikde bir ýere jemlenip formatynda gepleşikler geçirende konstruktiw bolup biljekdigine şübhelenýändigini bilýärin. Meniň pikirimçe, şol duşuşyk haýran galdyryjy derejede oňyn boldy geçdi. Siziň Daşary işler ministriňiz bu pikiri makullaýandyr diýip pikir edýärin. Biz duşuşygyň dowamynda sebitara bilelikdäki gatnaşygyň pugtalanmagy, ykdysady ösüş, serhetler we howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk, we meniň pikirimçe biziň ýurtlarymyz we aýratynlykda sebit üçin peýdaly şekilde duşuşygyň netijelerini durmuşa geçirmek boýunça iş toparyny döretdik.
Geljegiň ykdysadyýeti we ykdysady ösüş barada gürrüň edilende energetika gürrüňsiz uly örän ähmiýete eýe bolup durýar. Hut şu mowzuk hem – meniň Siz bilen ara alyp maslahatlaşasym gelýän mowzuklarymyň biridir. Şeýle hem, men Siziň belläp geçen adamçylyk ölçegi bilen bagly meselelerine degişli gowy gürrüňimiz bolar diýip garaşýaryn. Meniň pikirimçe, Siziň halkyňyza häzirki zaman ykdysadyýetiniň we diýseň talap ediji döwrüniň talaplaryna laýyk bolmak üçin gerek bolan ukyp- başarnyklaryny ösdürmek babatynda kömek bermek ugrunda biz bilelikde köp iş edip bileris. We elbetde, Owganystan – siz örän täsin sebitde ýaşaýarsyňyz we oňa degişlilikde biziň bilelikde işlemeli ençeme mesele bar.
Şeýlelik bilen men bu gepleşigimize sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn we Siziň bu duşuşygymyzyň, ýurtlarymyzyň arasyndaky gepleşiklerimiziň täzelenmeginiň biraz gysga başlangyjy bolandygyna düşünýändigiňize minnetdar. Emma, men Size biziň maslahatlaşmaly zatlarymyz kändigini söz berýärin we biziň toparlarymyzyň ysnyşykly işleşjekdiklerine umyt edýärin.