Söwda teklibi üçin ýüz tutma: Tema: RFQ 19TX1021Q0001: Tanyşdyrma serişdeleri

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy mümkin bolan üpjün edijileri Tanyşdyrma serişdeleri boýunça (PDF 2MB) söwda tekliplerini bermeklige çagyrýar. Ilçihana iň bir amatly bahadan, makul görülen söwda teklibini berjek jogapkärli kompaniýa bilen Şertnama/Sargyt baglaşmakçy. Şertnama/Sargyt ara alyp maslahatlaşmasyz ýagdaýda ilkinji teklip edilen baha esaslanar, ýöne zerur bolan ýagdaýynda, bäsdeşligiň çäklerinde,  kompaniýalar bilen baha meselesini ara alyp maslahatlaşmaklyk mümkindir.

Teklipler talaba laýyk gol çekilen we möhürlenen ýagdaýda AshgabatProcurement@state.gov elektron saglysyna ýa-da möhürlenen konwertda  poçtanyň/ekspress (gyssagly) poçtanyň üsti bilen aşakda görkezilen salgysyna 2021-nji ýylyň 6-njy awgusty, Aşgabat wagty bilen sagat 12:00-a çenli ibermeli.

GSO, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy
1984 (Puşkin) köçesi, 9-njy jaý
Aşgabat ş., Türkmenistan 744000