ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy mümkin bolan üpjün edijileri Ilçihananyň ulag serişdeleri esasy hyzmatlar boýunça söwda tekliplerini bermeklige çagyrýar. Spesifikasiýasy (PDF 79 KB) we aýratynlyklar goşulýar (PDF 73 KB). Ilçihana iň bir amatly bahadan, makul görülen söwda teklibini berjek jogapkärli kompaniýa bilen Şertnama/Sargyt baglaşmakçy. Şertnama/Sargyt ara alyp maslahatlaşmasyz ýagdaýda ilkinji teklip edilen baha esaslanar, ýöne zerur bolan ýagdaýynda, bäsdeşligiň çäklerinde, kompaniýalar bilen baha meselesini ara alyp maslahatlaşmaklyk mümkindir.
Mümkin bolan satyjy mundan beýläkki aýratynlyklara eýermelidir:
- Awtoulag hyzmat ediş hyzmatlarynyň bahasyny beriň
- Üstünlik gazanan teklipçilerden DUNS belgisi bolmaly we SAM / CCR-de aşakdaky saýtlar arkaly hasaba alynmaly: DUNS – www.dnb.com we SAM / CCR www.sam.gov.
Üpjün edijiler özleriniň tekliplerini, olaryň tehniki beýanlary bilen birlikde 2020-nji ýylyň 3-nji iýunyna çenli 17:00-dan gijä galman AshgabatPROCUREMENT@state.gov salgyly elektron poçtasyna ugratmalydyr. Görkezilen seneden we wagtdan soň iberilen teklipler kabul edilmeýär.