Söwda teklibi üçin ýüz tutma: Tema: PR9208713 Alty (6) aý (01.08.2020-31.01.2021) möhlet bilen 80mBit/s tizligi bolan Internet birikdirme hyzmaty

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy potensial üpjün edijileri 6 aý möhletli (01.08.2020-31.01.2021) 80mBit/s tizligi bolan Internet birikdirme hyzmatyna (goşunda serediň, PDF 243 KB) söwda tekliplerini bermäge çagyrýar. Ilçihana iň bir amatly bahadan, makul görülen söwda teklibini berjek jogapkärli kompaniýa bilen Şertnama/Sargyt baglaşmakçy. Şertnama/Sargyt ara alyp maslahatlaşmasyz ýagdaýda ilkinji teklip edilen baha esaslanar, ýöne zerur bolan ýagdaýynda, bäsdeşligiň çäklerinde, kompaniýalar bilen baha meselesini ara alyp maslahatlaşmaklyk mümkindir.

Üpjün edijiler özleriniň tekliplerini, olaryň tehniki beýanlary bilen birlikde 2020-nji ýylyň 3-nji iyulyna, ýerli wagt bilen sagat 17:00 çenli AshgabatPROCUREMENT@state.gov salgyly elektron poçtasyna ugratmalydyrlar. Görkezilen seneden we wagtdan soň iberilen teklipler kabul edilmeýär.