Söwda teklibi üçin ýüz tutma: Tema: PR9600125: Generatoryň hyzmaty üçin göçme garşylykly ýük gurnamasy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy mümkin bolan üpjün Generatoryň hyzmaty üçin göçme garşylykly ýük gurnamasy (goşundylara ser.: sargydyň nusgasy (PDF 127KB) we enjamyň aýratynlyklary (PDF 89.7KB)) söwda tekliplerini bermeklige çagyrýar. Ilçihana iň bir amatly bahadan, makul görülen söwda teklibini berjek jogapkärli kompaniýa bilen Şertnama/Sargyt baglaşmakçy. Şertnama/Sargyt ara alyp maslahatlaşmasyz ýagdaýda ilkinji teklip edilen baha esaslanar, ýöne zerur bolan ýagdaýynda, bäsdeşligiň çäklerinde, kompaniýalar bilen baha meselesini ara alyp maslahatlaşmaklyk mümkindir.

Üpjün edijiler özleriniň tekliplerini, olaryň tehniki beýanlary bilen birlikde 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň 22-sine, ýerli wagt bilen sagat 17:00-a çenli AshgabatPROCUREMENT@state.gov salgyly elektron poçtasyna ugratmalydyr. Görkezilen seneden we wagtdan soň iberilen teklipler kabul edilmeýär.