ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy mümkin bolan üpjün edijileri TOYOTA PRADO 2.7 ýa-da deň awtoullugy söwda tekliplerini bermeklige çagyrýar. Şu teklibe degişli aýratynlyklar goşulýar (goşundylara ser.: sargydyň nusgasy (PDF 127KB) we ulagyň aýratynlyklary (PDF 414KB)). Ilçihana iň bir amatly bahadan, makul görülen söwda teklibini berjek jogapkärli kompaniýa bilen Şertnama/Sargyt baglaşmakçy. Şertnama/Sargyt ara alyp maslahatlaşmasyz ýagdaýda ilkinji teklip edilen baha esaslanar, ýöne zerur bolan ýagdaýynda, bäsdeşligiň çäklerinde, kompaniýalar bilen baha meselesini ara alyp maslahatlaşmaklyk mümkindir.
Mümkin bolan satyjy mundan beýläkki aýratynlyklara eýermelidir:
- Ulagyň tehniki aýratynlygy bilen bahanyň bahasyny beriň
- Üstünlik gazanan teklipçilerden DUNS belgisi bolmaly we SAM / CCR-de aşakdaky saýtlar arkaly hasaba alynmaly: DUNS – www.dnb.com we SAM / CCR www.sam.gov.
- Getirmegiň görnüşi – CIP ASHGABAT ýa-da gapy-gapy (DOD)
- Öňünden töleg ygtyýary ýok
Üpjün edijiler özleriniň tekliplerini, olaryň tehniki beýanlary bilen birlikde 2021-nji ýanwaryň 3-ne ýerli wagt bilen sagat 17:00 çenli AshgabatPROCUREMENT@state.gov salgyly elektron poçtasyna ugratmalydyr. Görkezilen seneden we wagtdan soň iberilen teklipler kabul edilmeýär.