Samarkant şäherindäki C5+1 formatda Sebitara baglanyşyk babatda ministrler ýygnagynyň netijeleriniň bilelikdäki beýannamasy

24-nji oktýabrda ABŞ-nyň Halkara Ösüş Guramasynyň (USAID) Administratory Samanta Pauer we Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň ministrleri bilen Samarkant şäherinde C5+1 sebitleýin diplomatik platforma esasynda duşuşdylar.

USAID we Özbegistan Respublikasynyň hökümeti tarapyndan bilelikde gurnalan C5+1 ministrleriň ýygnagynda Administrator Pauer, söwdany optimizirlemek, ikitaraplaýyn söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny berkitmek, eksport we import bazarlaryny diwersifikasiýa etmek, ýaşyl energiýa we energiýa netijeliligi ösdürmek, şeýle hem inkluziw we durnukly ykdysady ösüş arkaly Merkezi Aziýa bilen sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy nygtady. Gatnaşanlar adam hukuklaryny, şol sanda aýallaryň, çagalaryň we maýyplaryň hukuklaryny goramak borjuny tassykladylar.

Gatnaşanlar durnukly ýaşyl energiýany goldamak, ulag pudagyny ösdürmek, gümrük we serhet gözegçiligini güýçlendirmek ýaly sebitleýin ykdysady pudagynda ähmiýetli meselelerde hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini mälim etdiler. Gatnaşanlar global meseleleriň sebitleýin çözgütlerini tapmaga mümkinçilik berýän C5+1 platformasynyň çäginde hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler.

C5+1 ministrler ýygnagynda gatnaşyjylar:

  • Merkezi Aziýanyň geljekde gülläp ösmegini üpjün etmek üçin bilelikde işlemäge taýýardyklaryny mälim etdiler we soňky halkara ösüşleriň ýaramaz netijelerini azaltmagyň ýollaryny ara-alyp maslahatlaşdylar, esasanam inflýasiýa, migrasiýa, karz dolandyryş we iş üpjünçilik pudaklarynda.
  • Merkezi Aziýada inkluziw ykdysady ösüşi we ykdysady durnuklylygy ösdürmegiň sebitiň uzak möhletleýin gülläp ösmegi we durnuklylygy üçin möhümdigini ykrar etdi.
  • Howa krizisini çözmekde köpçülikleýin we milli borçnamalary öňe sürip şol sanda döwletleriň milli şertlerini we elýeterli çeşmeleri göz öňünde tutup, gaýtadan dikeldilýän energiýany ulanmagy giňeltmek, energiýa tygşytly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gazylyp alynýan energiýa we beýleki pudaklardan metanyň zyňyndylaryny çalt azaltmak we ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek ýaly çemeleşmeleri paýlaşdylar.
  • Energetika howpsuzlygy, arassa energiýa ösüşi we energiýa ulgamlarynyň sebitleýin integrasiýasy boýunça C5 hökümetleriniň milli we sebitleýin ileri tutulýan ugurlaryny goldaýan USAID-iň Merkezi Aziýa Energetika başlangyjyna ýokary baha berdiler.
  • Buzluklary gorap saklaýan, suw çeşmeleriň netijeliligini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrýan, sebitara suw dolandyryşyny gowulandyrýan we bar bolan çäreleri we maksatnamalary nähili ulanmalydygyna düşünýän, şol sanda USAID-iň sebitleýin suw we daşky gurşaw inisiatiwasyny öz içine alýan hyzmatdaşlygy ösdürip suw baýlyklara we oba hojalyk pudaklarynda umumy maksatlara we azyk howpsuzlygyna ýetmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.
  • Düzgünleşdiriji binýady gowulandyrmak arkaly amatly maýa goýumlaryny we iş gurşawyny gowulandyrmagyň möhümdigine göz ýetirdiler.
  • Ykdysady ösüşi höweslendirmek we täze iş ýerleri döretmek üçin sebitiň sanly, tehnologiki we innowasiýa ykdysadyýetini ösdürmegiň ähmiýetini ara-alyp maslahatlaşdylar.
  • Bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary ösdürmek we bar bolan taslamalary öňe sürmek arkaly sebitara söwda, ulag we üstaşyr baglanyşyklary berkitmegiň, şeýle hem Merkezi Aziýada ulag ýollarynyň aragatnaşygyny we durnuklylygyny giňeltmegiň möhümdigine göz ýetirdiler.
  • Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň, şeýle hem USAID-iň Merkezi Aziýa söwda maksatnamasynyň we ABŞ-nyň goşmaça maksatnamalarynyň kömegi bilen daşary ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa etmek we täze eksport bazarlaryny ösdürmek strategiýalaryny bilelikde durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp geçdiler.
  • Halkara tranzitiň köpelmegine we ýük daşamagyň giňelmegine goşant goşýan Kaspi söwda ýolunyň we goşmaça multimodal transport koridorlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi, şeýle söwda ýollaryna we üstaşyr geçelgelerine maýa goýumlaryny artdyrjak çärelere garadylar.
  • Sebitde aýal-gyzlaryň ykdysady kuwwatyny giňeltmek we işçi güýjüniň ösmegine we aýal-gyzlaryň, ýaşlaryň we maýyplaryň işe ýerleşmegine goldaw bermek üçin edilýän tagallalary artdyrmagyň möhümdigine göz ýetirdiler.
  • Elýeterliligi çözmek, sanly deňsizligi azaltmak we inkluziw tehnologiýalary ösdürmek boýunça sebitleýin tagallalaryň, bilim, iş, saglyk we durmuş mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly maýyplaryň durmuşyny ep-esli gowulaşdyryp biljekdigini ykrar etdiler.
  • Durnukly ykdysady ösüşe alyp barjak ýerlikli çözgütleri işläp düzmekde ýerli guramalaryň ähmiýetine ünsi çekdiler we,
  • Parahatçylykly we gülläp ösýän Merkezi Aziýanyň BMG-nyň Tertipnamasyna we ýörelgelerine laýyklykda ähli ýurtlaryň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine yzygiderli ygrarlydygyny talap etýändigini nygtadylar.