Döwlet sekretary Jon Kerri Awstriýa, Gyrgyzystana, Özbegistana, Gazagystana, Täjikistana we Turkmenistana 28-nji oktýabrdan 3-nji noýabra çenli sapar edýär.
Wena şäherinde Döwlet sekretary Kerri Siriýa döwletinde bolup geçýän krizisi ara alyp maslahatlaşmak özüniň daşary ýurt egindeşleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar geçirer.
Soňra Döwlet sekretary Bişkek, Samarkand, Astana, Duşenbe we Aşgabat şäherlerine şol ýurtlaryň ýokary hökümet baştutanlary bilen ikitaraplaýyn maslahatlary geçirmek üçin ugrar. Bu sapar Döwlet sekretary Kerriniň Merkezi Aziýa we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň bäş sany Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisine taryhda ilkinji gezek gelmegi bolar.
Bişkek şäherinde Döwlet sekretary Orta Aziýa Amerikan uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşar hem-de ABŞ-nyň ilçihanasynyň täze jaýyna baryp görer.
Samarkant şäherinde Döwlet sekretary ähli bäş döwletiň daşary ýurt ministrleri bilen bilelikdäki duşuşyga gatnaşar. Bu duşuşyk Birleşen Ştatlaryň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda “C5+1” ady bilen belli bolan gepleşikleriň täze görnüşi bolup, ol Döwlet sekretaryna we ministrlere sebitara we bütindünýä mümkinçiliklerini we kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.
Astana şäherinde Döwlet sekretary ABŞ bilen Gazagystanyň strategiki hyzmatdaşlyk gepleşiklerine gatnaşyp, Nazarbaýew adyndaky uniwersitetde bütindünýä meselelerinde Orta Aziýanyň roly barada çykyş eder.
Aşgabat we Duşenbe şäherlerinde Döwlet sekretary ýokary derejeli hökümet wekilleri bilen taraplary gyzyklandyrýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşar.
Döwlet sekretary Kerriniň saparlaryna şu salgylar boýunça ýüzlenip bilersiňiz: Twitter: @JohnKerry we @StateDept we Döwlet departamentiniň Flickr hasaby. http://blogs.state.gov/socials we http://www.state.gov/secretary/travel/index.htm.