21-27-nji maýda ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynyň Albukerke şäherinden bolan dogan okaşan şäherler topary Türkmenistana gelýär. Bu topar Aşgabat we Albukerke dogan okaşan şäherleriniň 25 ýyllygy mynasybetli we 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin geldiler.
Topar agzalary Aşgabat we Mary şäherlerinde Aşgabat we Albukerke dogan okaşan şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ýerli hökümet wekilleri, talyplar, medeni we ylym guramalarynyň işgärleri bilen duşuşarlar. Şeýle hem olar ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat-serişdeler merkezinde 21-nji maý, penşenbe güni sagat 17:00-da dogan okaşan şäherler barada gürrüň bererler. Bu çärä giriş hemmeler üçin açyk we tölegsizdir.
Bu maksatnamanyň hemaýatkäri bolup “Sister Cities International” jemgyýetçilik guramasy çykyş edýär. Bu gurama birnäçe şahamçadan ybarat bolup, ol bütindünýä hyzmatdaşlygyny jebisletmek üçin ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegi göz öňünde tutýar. Maksatnamanyň 1990-njy ýylda esaslandyrylandan bäri ABŞ-nyň hökümeti Aşgabat we Albukerke şäherleriniň arasynda birnäçe alyş-çalyş maksatnamalary maliýeleşdirdi.
Goşmaça maglumat üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine aşakdaky telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz: (+99312) 473503 we (+99312) 473506