Tender/Söwda teklibi üçin ýüz tutma: PR10905895

Tema: Ilçihananyň perimetri boýunça beton we metal haýatlary abatlamak işleri

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy mümkin bolan üpjün edijileri (PDF 260KB) barada (goşunda ser.) söwda tekliplerini bermeklige çagyrýar (PDF 236KB). Ilçihana iň bir amatly bahadan, makul görülen söwda teklibini berjek jogapkärli kompaniýa bilen Şertnama/Sargyt baglaşmakçy. Şertnama/Sargyt ara alyp maslahatlaşmasyz ýagdaýda ilkinji teklip edilen baha esaslanar, ýöne zerur bolan ýagdaýynda, bäsdeşligiň çäklerinde, kompaniýalar bilen baha meselesini ara alyp maslahatlaşmaklyk mümkindir.

Üpjün edijiler özleriniň tekliplerini, olaryň tehniki beýanlary bilen birlikde 2022-nji ýylyň  awgust aýynyň 5-ne, ýerli wagt bilen sagat 17:00 çenli AshgabatPROCUREMENT@state.gov salgyly elektron poçtasyna ugratmalydyr. Görkezilen seneden we wagtdan soň iberilen teklipler kabul edilmeýär.

Bellik: Hyzmat berilýan ýere baryp görmek zerurlygy bar bolsa AshgabatProcurement@state.gov bilen habarlaşyň.