Tender/Söwda teklibi üçin ýüz tutma: PR11005423

Tema: Tehniki bölüm (TB) – ýörite geýim

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy mümkin bolan üpjün edijileri barada söwda tekliplerini (PDF 1MB) bermeklige çagyrýar. Ilçihana iň bir amatly bahadan, makul görülen söwda teklibini berjek jogapkärli kompaniýa bilen Şertnama/Sargyt baglaşmakçy. Şertnama/Sargyt ara alyp maslahatlaşmasyz ýagdaýda ilkinji teklip edilen baha esaslanar, ýöne zerur bolan ýagdaýynda, bäsdeşligiň çäklerinde, kompaniýalar bilen baha meselesini ara alyp maslahatlaşmaklyk mümkindir.

Üpjün edijiler özleriniň tekliplerini, olaryň tehniki beýanlary bilen birlikde 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-ine, ýerli wagt bilen sagat 17:00 çenli AshgabatPROCUREMENT@state.gov salgyly elektron poçtasyna ugratmalydyr. Görkezilen seneden we wagtdan soň iberilen teklipler kabul edilmeýär.