
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald J. Trampyň we amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara gününiň ýyllyk bellenilmesi Birleşen Milletler Guramasynyň 47/3 belgili karary arkaly 1992-nji ýylda yglan edildi. Şu günüň maksady jemgyýetiň we özgerşiň ähli pudaklarynda mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň hukuklaryny we abadançylygyny ösdürmek, şeýle hem mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň syýasy, sosial, ykdysady we medeni durmuşyň her ugrundaky ýagdaýlary barada maglumaty artdyrmak bolup durýar. Şu ýyl halkara günüň temasy «Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň gatnaşyjylyk we ýolbaşçylyk derejelerini artdyrmak».
2017-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Prezident Tramp: «Şu gün, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we dünýäniň beýleki ülkelerinde, biz mümkinçilikleri çäklendirlen adamlaryň möhüm goşantlaryny we mertebesini belleýäris» diýdi. Şeýle hem ol «mümkinçilikleri çäklendirilen adamalar we olaryň maşgalalary üçin mümkinçilikleri azaltýan sosial böwetleri» aradan aýyrmaga çagyrdy.
Türkmenistanda Amerikan Ilçihanasy, mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň möhüm goşantlaryny bellemek üçin ýurduň dürli künjeklerinde çäreler geçirýär. Mümkinçilkleri çäklendirilen adamlaryň böwetleri ýykyp doly möçberde goşant goşmaklaryny kepil edenimizde, olaryň zehinlerinden we güýjinden hemmämiz peýdalanýarys.
4-nji dekabrda Aşgabatda, biz iňlis dili ikinji dil hökmünde owredýänler üçin seminar geçirip, görme we eşitme ukyplary çäkli bolan owrenýänler üçin okuw materiallary taýýarlamaga ýardam ederis. Marynyň we Türkmenabadyň Amerikan Burçlarynda 4-nji dekabr, mümkinçilikleri çäklendirilen adamlara bagyşlanyp, ýörite çäreler gurnalar. Türkmenabatda üç myhman doly we önjeýli ýaşamak üçin çäklendirilen mümkinçilikler bilen bagly böwetleri nädip aşandyklary barada maglumat paýlaşarlar. 8-nji dekabrda Daşoguz Amerikan Burçynda, Daşoguzyň mümkinçilkleri çäklendirilen adamalar üçin sport klubynyň agzalary bilen taslama gurnalar. Taslamanyň çäklerinde türgenler, ABŞ-da has böwetsiz we içine alyjy bir jemgyýet gurmak üçin amala aşyrylan işler barada maglumat bilen tanyşarlar.
Türkmenistanda Mümkinçilkleri çäklendirilen adamlaryň halkara günini belleýän wagtymyzda, Tükmenistanyň Hökümetiniň hem bu ugurda eden tagallaryny bellemek isleýäris. Türkmenistanyň Mümkinçilkleri çäklendirilen adamlar üçin sport klublarynyň we Paraolimpiýa komitetiniň tagallalaryny aýratyn nygtamak isleýäris. Mümkinçilikleri çäklendirlen adamalar üçin böwetleri bilelikde galdyrmagy dowam etmegi umyt edýäris we sizi gutlaýarys!