Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň beýannamasy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Türkmenistanyň halkyny 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda bellenilýän Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlaýaryn.

Otuz ýylyň dowamynda Türkmenistan we Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna, garaşsyzlygyna we territorial bitewiligine goldaw bermekde esaslanýan, ýakyn we netijeli gatnaşyklary saklaýarlar. Bu berk we ösüp barýan gatnaşyklar üçin minnetdarlygymy bildirýärin we ýurtlarymyzyň arasyndaky has ýakyn hyzmatdaşlygyň ykdysady ösüşe, Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyna goşant goşjakdygyna, şeýle hem neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy, saglygy goraýyş, halkara terrorçylyk we howanyň üýtgemegi ýaly global meseleleri çözmek üçin bilelikde işlemäge mümkinçilik döretjekdigine ynanýaryn.

Şu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.