Döwlet sekretarynyň orunabasary Salliwanyň beýannamasy

ABŞ-nyň Döwlet departamenti
Metbugat sekretarynyň edarasy
Bada-bat ýaýratmak üçin
2018-nji ýylyň 19-njy marty

Baharyň gelmegi bilen, men Eýran halkyna we bu ajaýyp däbi belleýän hemmelere mübärek Nowruz arzuw edýärin.

Şu gün men iň ýagşy arzuwlarymy ABŞ-da, Owganystanda, Azerbeýjanda, Hytaýda, Gruziýada, Hindistanda, Eýranda, Irakda, Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda, Päkistanda, Russiýada, Siriýada, Täjigistanda, Türkiýede, Türkmenistanda, Özbegistanda we dünýäniň beýleki künjeklerinde bar bolan we bu gün Häftsiniň daşynda nahar bişirmek, tans etmek, aýdym aýtmak we öz ýakyn dostlary bilen wagt geçirmek üçin ýygnanýan hemme jemagatlara beýan edýärin.

Nowruz ýakynda bolup geçen wakalaryň netijesini jemeleme wagty. Öten ýyl men azatlyk, mertebe we adam hukularyna hormat ugrunda protest geçirip, öz seslerini duýuran Eýran halkyndan ylham aldym. ABŞ öz esasy azatlyklary bolan söz, din we parahat ýygnaklar azatlyklaryny yzyna gaýtaryp almaga çalyşýanlary goldaýar.

Şeýle hem Nowruz geljege bolan umytlarymyz barada oýlanmak üçin onaýly pursatdyr. Goý, geljekki ýyl hemmelere parahatçylyk, erkinlik we abadançylyk getirsin.