Şu gün, iki ýyla çeken gepleşiklerden soň, Birleşen Ştatlar biziň halkara hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde Eýran bilen köptaraply, uzak wagtlaýyn ylalaşyk gazandy. Bu onlarça ýyl duşmançylykda gazanylmadyk ylalaşyk Eýran döwletini atom ýaragyny döretmekden saklaýar.
Bu ylalaşyk biziň hem-de bütin dünýäniň howpsuzlygyny berkidýän üýtgeşme bolup, amerikan diplomatiýasynyň hakyky we manyly üýtgeşmesidir. Mundan başga-da, bu üýtgeşme amerikan öňdebaryjylyk däp-dessury ruhunda gazanyldy. 50 ýyl mundan ozal, prezident Kennedi Birleşen Ştatlar bilen Sowet Soýuzynyň arasyndaky gepleşikleriň dowamynda amerikan halkynyň öňünde çykyş edip “Geliň hiç haçan gepleşikleri gorkymyz sebäpli geçirmäli, emma hiç haçan gepleşikleri geçirmekden gorkmaly” diýdi. Şol gepleşikleriň netijesinde atom ýaraglarynyň ýaýradylmagyny çäklendirýän çäreler tassyklanyldy.
Şol wagt iki uly döwletiň arasynda atom urşunyň başlanmagynyň howpy bardy. Biziň günlerimizde bolsa atom ýaraglarynyň köp ýurtlara, ylaýta-da dünýäniň iň uly uruş ojagy bolup duran Ýakyn Gündogara, ýaýramagynyň howpy bar.
Häzirki wagtda Amerikanyň güýç we ynanç nukdaý nazaryndan gepleşikleri alyp barany üçin, biz bu sebitde atom ýaragynyň ýaýramagyny sakladyk. Bu ylalaşygyň netijesinde, halkara bileleşigi Eýran Yslam Respublikasynyň atom ýaragyny döretmeýänligine gözegçilik edip biler.
Bu ylalaşyk biziň bahar aýlarynda ylalaşan her bir şertimiziň berjaý edilmeginde kabul edildi. Atom ýaragyny döretmegiň islendik mümkinçiligiň öňi alynýar. Bu maksada ýetmek üçin gözegçilik we aýdyňlyk tertibi ýola goýlar. Bu ylalaşygyň çäklerinde, Eýran atom bombasyny ýasamak üçin gerek bolan çig mallary, ýagny baýlaşdyrylan urany we ýokary derejeli plutoniýi öndürmez.
Bu ylalaşygyň netijesinde, Eýran özüniň bomba ýasamak üçin baýlaşdyrylan urany öndürýän sentrifugalarynyň ikiden üçini aýyrar, hem-de olary hemişelik halkara gözegçiligi astynda saklar. Indiki on ýylyň dowamynda Eýran baýlaşdyrylan urany öndürmek üçin özüniň ösen we kämil sentrifuglaryny ulanmaz. Şeýle hem, Eýran özüniň şu wagta çenli toplan baýlaşdyrylan uranynyň 98 göterimini ýok eder.
Aýdyňlyk üçin, Eýranda häzir on sany atom ýaragyny öndürmek üçin toplan serişdeleri bardygyny aýtmak gerek. Bu ylalaşygyň netijesinde, şol toplanan serişdeler diňe bir sany ýarag öndürmek üçin ýeterlik bolan mukdara çenli azaldylar. Şeýle toplanan serişdeleriň çäklendirilmesi 15 ýyl dowam eder.
Bu ylalaşygyň netijesinde, Eýran özüniň Arak obasynda ýerleşýän ýarag öndürmek üçin ýokary derejeli plutoniýi ýasaýan reaktorynyň işini üýtgeder. Mundan başga-da, Eýran reaktorda ulanylan ýangyjyň ýurtdan çykarylmagyna, hem-de onuň reaktoryň ulanylýan döwrüniň soňuna çenli ýurtdan daşarda saklanylmagyna razy boldy. Indiki 15 ýylyň dowamynda Eýran hiç hili täze reaktor gurmaz.
Bu ylalaşygyň netijesinde, biz taryhda ilkinji gezek bu şertleriň ählisiniň berjaý edilmegine gözegçilik edip bileris. Başgaça aýdylanda, bu ylalaşyk ynam esasynda däl-de, gözegçilik esasynda gurlandyr. Gözegçileriň Eýranyň atom stansiýalaryna her gün 24 sagadyň dowamynda barmaga hukuklary bolar.
Gözegçileriň Eýranyň atom ýaragyny ýasamak üçin niýetlenen islendik we hemme ýerlerine, ýagny gazyp alyş ýerleridir, baýlaşdyrylan urany ýasaýan fabriklerine, we sentrifugalaryň ýasalýan we saklanýan ýerlerine barmak hukugy bolar. Şeýle aýdyňlyk düzgünleriň bir näçesi 25 ýyllap dowam eder.
Bu ylalaşygyň netijesinde, gözegçileriň islendik şübhe döredýän ýerlere hem barmak mümkinçiligi bolar. Aňsatlaşdyryp aýdylan-da, gözegçilik üçin jogapkär bolan guramanyň, ýagny Atom energiýasy boýunça halkara guramasynyň haçan we nirä gerek bolanda barmak mümkinçiligi bolar. Bu ylalaşyk hemişelikdir. Mundan başga-da, Atom energiýasy boýunça halkara guramasy Eýran bilen ýene-de bir ylalaşyk gazandy. Bu ylalaşyga esasynda, gurama Eýranyň öň geçiren atom ylmy-barlag işleriniň harby aspektlerini derňemäge mümkinçilik gazandy.
Galybersede, Eýran “Atom ýaragyny ýaýratmazlyk ylalaşygy” esasynda atom ýaragyny ýasamak mümkinçiligini hemişelik ýitirýär. Bu ylalaşyk öz gezeginde, halkara bileleşigine Eýrana täsir edip bilmäge ýagdaý döretdi.
Şu ylalaşygyň şertlerini ýetine ýetirýänçä, Eýran ABŞ-nyň we BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň onuň atom maksatnamasy zerarly goýan sanksiýalaryndan azat bolar. Sanksiýalar etaplaýyn aýrylar. Her indiki sanksiýalar aýrylmazdan öň, Eýran öz atom maksatnamasyna degişli kesgitli wajyp işleri ýerine ýetirmeli bolar. Goşmaça sanksiýalar aýrylmazdan öň, Eýran bu ylalaşygy indiki on ýylyň dowamynda ýerine ýetirmeli bolar. Goşmaça sanksiýalar ýarag babatynda bäş ýyl we ballistik raketalar babatynda sekiz ýyl çäklendirmeleri öz içine alýar.
Bu zatlaryň hemmesi Birleşen Milletler guramasynyň howpsuzlyk geňeşiniň täze rezolýusiýasynda öz beýanyny tapar. Eger-de Eýran ylalaşygy bozsa onda ähli sanksiýalar dessine gaýtadan dikeldiler. Şeýlelikde, Eýran üçin ylalaşygy bozmasyz berjaý etmek üçin itergi bar.
Ylalaşygyň bar manysy şundadyr. Halkara bileleşigi ony doly suratda goldaýar. Indi Kongres ylalaşyk bilen jikme-jik tanşyp biler. Meniň diwanym bolsa bu işiň gidişi barada hemmetaraplaýyn hasabat bermäge taýýar.
Amerikan halkyna we Kongresyna by ylalaşygy alternatiw ýagdaý bilen bilelikde göz öňünde tutmak möhümdir. Şu ylalaşyk bolmasa dünýäde näme bolardy diýip pikirlenip görüň. Şu ylalaşyk bolmadyk bolsady, Eýran tä özüniň atom maksatnamasyny doly ýatyrýança dünýä biziň Eýrana garşy sanksiýalarymyza goşulmazdy. Eýran hökümeti barada ähli bilýän zatlarymyzy göz öňünde tutsak, biziň ol ýöne ýerden boýun eger diýip pikir etmäge esasymyz ýokdur. Dünýä bolsa Eýrana garşy sanksiýalary elmydama goldamaz. Biz sanksiýalary diplomatik çözgüt tapmak üçin ulandyk, we ony gazandyk.
Bu ylalaşyk gazanylmadyk ýagdaýynda, Eýranyň atom maksatnamasyny çäklendirip bolmazdy. Eýran sentrifugalary has uly mukdarda öndürerdi, işlederdi we barlap görerdi. Ol reaktoryň ýangyjyny ulanyp, atom bombasyny ýasamak üçin gerek bolan plutoniý öňdürerdi. Biziň bolsa gizlin atom maksatnamasynyň bardygyny aýan edýän hiç hili gözegçilik işlerini geçirmäge mümkinçiligimiz bolmazdy. Başga sözlerde aydylanda, bu ylalaşyk bolmadyk bolsa, onda Eýranyň atom maksatnamasyna uzak möhletli çäklendirmeler hem bolmazdy.
Şeýle ýagdaý dowam eden bolsa, onda sebitiň beýleki ýurtlary hem özleriniň atom maksatnamalaryny işläp başlardylar. Netijede bolsa, dünýäniň iň uly uruş ojagy bolup duran sebtinde atom ýaragyny öndürmek bäsleşigi başlanardy. Mundan başga-da, ABŞ-nyň Eýranyň atom ýaragyny edinmäge päsgel bermäge mümkinçilikleri azalardy.
Men alty ýyldan bäri Prezident we ýaragly güýçleriň Ýokary serkerdesi wezipesinde işleýärin. Men birnäçe gezek ýarag ulanmak we ulanmazlyk barada karar etmeli boldum. Bu prezidentiň iň bir agyr kararydyr. Men başga döwletler babatynda hem şeýle karar çykarypdym, we döwletimiziň howpsuzlyk bähbitleri üçin gerek bolsa säginmän ýene-de hem karar çykarmaga elmydama taýýardyryn. Biziň şu günki howpsuzlygymyz Eýranda atom ýaragynyň döredilmeginiň öňüni almak bilen bagly diýip, men pugta ynanýaryn. Bu diplomatik çözgüt bolmadyk ýagdaýynda men ýa-da geljekki prezident Eýrana atom ýaragyny döretmäge mümkinçilik bermek ýa-da şeýle netijä gelmez ýaly oňa garşy harby güýç ulanmak barada karar etmeli bolýandygyny aňladýar.
Aňsatlaşdyrylyp aýdylan-da, ylalaşyk bolmadyk bolsa Ýakyn Gündogarda uly urşyň turmagynyň howpy köpelýär. Mundan başga-da, biz bu meseläni parahatçylyk ýoly bilen çözenimizde ýitirýän zadymyz ýok. Iň ýaramaz ýagdaýda, eger-de Eýran ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirmese, onda ABŞ-nyň islendik geljekki prezidentiniň hem edil men ýaly ädimleri amala aşyrmak mümkinçiligi bolar. 10-15 ýyldan soň bolsa, meniň wezipämde işlejek adam maňa garanda has güýçli ýagdaýda bolar, çünki Eýranda atom ýaragyny ýasamak mümkinçilikleri has-da azalr. Gözegçilikler we aýdyňlyk şertleri bolsa, bize Eýranyň atom maksatnamasyna gözegçilik etmäge mümkinçilik doredýär.
Şonuň üçin men bu ylalaşygy ulanmazlyk jogapkärçiliksiz bolar diýip pikir edýärin. Emma bu çylşyrymly meselede amerikan halkynyň we onuň Kongresdäki wekilleriniň bu ylalaşygy öwrenmekleri üçin doly mümkinçilikleriniň bolmagy möhümdir. Çünki jikme-jik detallar möhümdir we bu ylalaşygyň detallarynyň üstünde dünýäniň iň oňat atom alymlary işledi. Mundan başga-da, biz Eýran, ýagny 35 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň duşmany bolan ýurt bilen iş salyşýarys. Şonuň üçin men bu meselede Kongresde gyzgalaňly maslahatlaşmalary goldaýaryn, we ylalaşyň ähli detallaryny jikme-jik öwrenmeklige çagyrýaryn.
Şeýle hem, men Kongrese dostlar bilen beýle ylalaşyk baglanmaýar diýip ýatladasym gelýär. Biz Sowet Soýuzy bilen atom ýaraglaryna gözegçilik etmek barada ylalaşyga gol çekenimizde, ol döwletiň bizi ýok etmek maksady bardy. Indi bolsa şol ylalaşyklar biziň howpsuzlygymyzy berkitdi.
Bu ylalaşyk ABŞ-nyň we biziň ýaranlarymyzyň milli howpsuzlyk bähbitlerine jogap berýär diýip men ynanyaryn. Şonuň üçin men şu ylalaşygyň ýerine ýetirilmegine päsgel berýän islendik kanunyň taslamasyna weto goýaryn.
Biz dawa duçar bolarys diýip pikir etmeli däldiris we elbetde, biz oňa ymtylmaly hem däldiris. Edil şu sebäpden hem syýasatçylyga ýer ýokdur. Waşingtonuň çürt-kesik çykyşlary meseläni çözmez. Dünýäniň güýçli döwletlerini bileleşdirýän berk diplomatiýa, öňdebaryjylyk wezipesi Eýrana atom ýaragyny ýasatmazlygyň has peýdaly usulydyr.
Elbetde bu ylalaşyk biziň Eýran bilen ähli gapma-garşylyklarymyzy çözmez. Biz hem Ýakyn Gündogar ýurtlary, şol sanda Yzraýyl we Pars aýlagynyň ýurtlary ýaly Eýranyň terrorizme goldawy hem-de sebitde durnuklylygy bozmak üçin araçylary ulanyşy barada aladalanýarys. Emma edil şu sebäpler zerarly biz bu ädimi ätýäris – sebäbi atom ýaragy bolan Eýran mundan beýläk-de durnuklylygy bozar we biziň dostlarymyz bilen bilelikde bütin dünýä mundan uly hem howp salar.
Şol bir wagtyň özünde biz terrorizme goldaw, ballistik raketalar maksatnamasy we ynsan hukuklar zerarly Eýrana garşy sanksiýalarymyzy dowam etdirýäris. Biz Yzraýylyň howpsuzlygyny berkitmek üçin öňki ähli amerikan prezidentleriniň eden hereketlerinden birnäçe esse uly hereketlerimizi dowam ederis. We biz Kemp-Dewide Pars aýlagynyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygymyzy berkitmek, we olaryň Eýrandan we Yslam döwleti ýaly terrorçylyk topary tarapyndan abanýan terrorizme garşy durup bilmek ukuplaryny ösdürmek babatynda başlan işimizi dowam ederis.
Emma meniň pikirimçe, biz şeýle köp azap çeken we gan döken bu sebiti başga ugur boýunça gönükdirmelidiris.
Eýran halkyna ýüzlenip, men ýene-de biziň elmydama-da birik-birege hormat goýmak we ikitaraplaýyn bähbitler esasynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymyzy gaýtalaýaryn. Biziň gapma-garşylyklarymyz hakykydyr, we biz ýurtlarymyzyň çylşyrymly gatnaşyklar taryhyny ret edip bilmeýäris. Emma ony üýtgedip bolar. Goňşylaryňa çozmak, Yzraýyly ýok etmek haýbatynda hem-de zorluk we berk ideologiýanyň esasynda gurlan daşary syýasat ýoly hiç ýere alyp barmaýar. Çydamlylygy hem-de gapma-garşylygyň parahatçylykly çözgüdini tapmaga bolan niýeti subut edýän täze ugurda bolan bu hereket, bütin dünýä ykdysadyýetine bolan çuňňur inetegrasiýa üçin, dünýä bileleşigi bilen has giňişleýin gepleşik we eýran halkynyň gülläp ösmegi üçin amatly ýagdaý doreder.
Häzirki ylalaşyk täze ugurda hereket etmäge mümkinçilik berýär. Biz hem ondan peýdalanmalydyrys.
Biz şu pursata ýetmek üçin uzak ýol, ýagny eýran atom maksatnamasynyň onlarça ýyl howpy, köpýyllyk sanksiýalar we birnäçe aýa çeken gepleşikler ýoluny geçdik. Şu gün men Kongresiň iki palatasynyň agzalaryna we bize peýdasyny subut eden sanksiýalary girizmekde kömek eden döwletlere, şeýle hem bizi goldan döwletlere minnetdarlyk bildiresim gelýär.
Men biziň gepleşikleri geçirmekde hyzmatdaşlyk eden ýurtlara, ýagny Beýik Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa, Rossiýa, Hytaýa we Ewropa Bileleşigine tagallarymyzyň jebisligi üçin, we bu jebisligiň parahatçylyk ýoly bilen gapma-garşylygy ýok etmek babatynda ajaýyp netijeleri gazanmagyň mümkindigini subut edenligi üçin minnetdarlyk bildiresim gelýär. Biz bilelikde näme gazanyp biljekdigimizi görkezdik.
Sözümiň ahyrynda, men gepleşikleri alyp baran amerikanlara minnetdarlyk bildiresim gelýär. Biziň hünärmenlerimiziň topary, şol sanda Energetika ministri Erni Moniz, birnäçe hepdeläp dyngysyz işledi. Biziň Döwlet sekretarymyz Jon Kerri üçin hem aýratyn minnetdarlyk aýdasym gelýär. Çünki ol biziň döwletimiziň bähbidi üçin öz işini, harby egin-eşigini geýip, urşa gidip, ýurdumyz üçin gulluk etmekden başlady. Indi bolsa ol ýurdumyzyň howsuzlygyny, güýçli amerikan demokratiýasyna özüni peşgeş edip berkidýär.
Taryh bize Amerika dünýäde güýç bilen däl-de, öz düşünjeleri bilen öňdebaryjylyk etmelidir diýip görkezýär. Ol biziň güýjümiziň ýekelikde däl-de, dünýäni berkitmek ukybyndadygyny görkezýär. Şu günki habar, has açyk we has howpsuz dünýä alyp barýan bu ýolda ädilen ýene-de bir ädimi boldy.
Köp sag boluň. Sizi Alla gorap saklasyn. We Amerikany Alla öz penasynda saklasyn.