Täze ýarym aýyň mukaddes Oraza aýynyň başlamagy bilen, Mişel we men Birleşen Ştatlarda we bütin dünýäde agyz bekleýänleriň ählisini mähirli gutlaýarys.
Oraza aýyndamaşgalalar we dost-doganlar agzaçarlarda we bilelikde namaz okamak üçin bileleşýärler. Bu bolsa öz gezeginde musulman jemgyýetleriniň we milletleriniň baý we köpdürli däp-dessurlaryny beýan edýär.
Şeýle hem bu aý Allanyň rehimine has-da göz ýetirmek we minnetdar bolmak üçin, pikirleriň täzelenmeginiň we çuňňur ruhlanma wagtydyr. Musulmanlar Oraza aýynyň her bir gününe agyz beklemek arkaly sabyr edip, her bir gijesine bolsa alkyş namazlaryny okap sylag-hormat goýýarlar. Bu aý dini ynanjy güýçlendirmek, rehim etmek we günä geçmek, hem-de kynçylyklary erjellik bilen ýeňip geçmek aýydyr. Bu aýda bütin dünýäniň musulmanlary uruşlardan, açlykdan, garyplykdan we kesellerden ejir çekýän adamlara kömek berýärler. Birleşen Ştatlarda hem amerikan musulmanlary kömege mätäç adamlara ýardam etmek üçin biziň ählimiziň bir amerikan maşgaladygymyzy ýatladýan ýörite çäreleri geçirip bileleşýärler. Amerikanyň dini köpdürliligi we watançylygy biziň hemmämize güýç-kuwwat berýär, dini azatlygymyz bolsa bize umumy gymmatlyklarymyz barada ýatladýar.
Men Amerikan musulmanlaryň ýurduň ähli çetlerinde edýän hyzmatyna hormat goýmak üçin, olary Ak tamdaky Oraza aýyna bagyşlanan her ýylky agzaçarynda gaýtadan garşy almagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Magşalamyň adyndan “Orazaňyz kabul bolsun!” diýýärin.