Prezident Obamanyň we Birleşen Ştatlaryň halkynyň adyndan men Türkmenistanyň halkyny ýurduň garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk dabarasy bilen gutlaýaryn.
Garaşsyzlygy gazanmagyň guwançy gününden başlap, Birleşen Ştatlar Türkmenistan bilen sebitara durnuklylyk, energiýa howpsuzlygy, bilim we ykdysady ösüş babatynda meseleleriň giň gerimi boýunça ýakyndan işleşip gelýärler.
Şu aýda ilçihananyň jaýlarynyň täze toplumynyň hem-de amerikan mekdebiniň düýpleriniň tutulmagy biziň geljekki aragatnaşyklarymyzyň aýdyn nyşany bolup durýar. Biz şeýle hem ýurtda ilkinji iňlis dilinde bilim berýän uniwersitetiň açylmagyny we onda biziň iberen amerikan mugallymymyzyň okatmagyna örän şatdyrys.
Öňümizdäki ýylda biz täze gatnaşyklary ýola goýmaga, pikirleri alyş-beriş etmäge we umumy kynçylyklarymyzyň täze çözgütlerini tapmaga umyt edýäris. Biz şeýle hem ýene-de bir gezek özümiziň Türkmenistanyň garaşsyzlygyna, berkararlygyna we territorial bitewliligine hormat goýýandygymyzy aýdasym gelýär. Biz geljekde ähliumumy ynsan hukuklary, effektiw dolandyryş we Türkmenistanda raýat jemgyýeti meseleleri boýunça işleşmegi umyt edýäris.
Men Türkmenistanyň halkyna geljekki ýylda parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin. Garaşsyzlyk günüňiz gutly bolsun!