Sizi amerikan filmleriniň her ýyl geçirilýän tomusky görkezilişine çagyrýarys. Şu ýylky saýlanylyp alnan filmler – “WALL-I”, “Gizlin şekiller” we “Aýyň üstündäki adam” – 1969-njy ýylda Apollo 11-iň Aýa gonmagynyň 50-ýyllygy mynasybetli görkezilýär we älem giňişliginiň öwrenilmeginiň şanyna bagyşlanýar. Filmler Türkmenabat, Mary, Aşgabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şaherlerinde görkeziler we “Kosmosy öwrenmegiň taryhy we ylmy” atly surat sergisi bilen bilelikde geçiriler. Aşakda filmleriň görkeziljek wagtlary we ýerleri berilendir ýa-da olaryň PDF görnüşindäki bildirişlerini (PDF 1 MB) ýükläp alyp bilersiňiz. Giriş tölegsizdir we hemmeler üçin açyk. Filmleriň hemmesi rus dilinde görkeziler.
Türkmenabat ş.
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry
2019-njy ýylyň 1-nji iýuny
10:30 Surat sergisiniň açylyşy
11:00 “WALL-I” (multfilm)
15:00 “Gizlin şekiller” (çeper film)
18:00 “Aýyň üstündäki adam” (çeper film)
18:30 Surat sergisiniň ýapylyşy
Mary ş.
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry
2019-njy ýylyň 2-nji iýuny
14:30 Surat sergisiniň açylyşy
15:00 “Gizlin şekiller” (çeper film)
18:00 “Aýyň üstündäki adam” (çeper film)
2019-njy ýylyň 3-nji iýuny
11:00 “WALL-I” (multfilm)
11:30 Surat sergisiniň ýapylyşy
Aşgabat ş.
“Aşgabat” kinoteatry
2019-njy ýylyň 2-nji iýuny
10:30 Surat sergisiniň açylyşy
11:00 “WALL-I” (multfilm)
15:00 “Gizlin şekiller” (çeper film)
18:00 “Aýyň üstündäki adam” (çeper film)
18:30 Surat sergisiniň ýapylyşy
Daşoguz ş.
Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry
2019-njy ýylyň 8-nji iýuny
17:30 Surat sergisiniň açylyşy
18:00 “Gizlin şekiller” (çeper film)
2019-njy ýylyň 9-njy iýuny
11:00 “WALL-I” (multfilm)
18:00 “Aýyň üstündäki adam” (çeper film)
18:30 Surat sergisiniň ýapylyşy
Balkanabat ş.
Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry
2019-njy ýylyň 14-nji iýuny
17:30 Surat sergisiniň açylyşy
18:00 “Aýyň üstündäki adam” (çeper film)
2019-njy ýylyň 15-nji iýuny
11:00 “WALL-I” (multfilm)
14:00 “Gizlin şekiller” (çeper film)
14:30 Surat sergisiniň ýapylyşy
Türkmenbaşy ş.
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumy
2019-njy ýylyň 16-njy iýuny
10:30 Surat sergisiniň açylyşy
11:00 “WALL-I” (multfilm)
15:00 “Gizlin şekiller” (çeper film)
18:00 “Aýyň üstündäki adam” (çeper film)
18:30 Surat sergisiniň ýapylyşy