ABŞ-nyň Döwlet departamenti Amerikan merkezine we burçlaryna gelýänleriň we işgärleriniň saglygyny we howpsuzlygyny goramak üçin çäreleriň tertibini kabul etdi. Şu wagtdan başlap, Aşgabatdaky Amerikan merkezi we Mary, Türkmenabat we Daşoguz şäherlerindäki amerikan burçlary indiki bildirişe çenli ýapylýarlar.
Şol wagtyň dowamynda Amerikan merkezinde we burçlarynda kitaplary we DVD diskleri tabşyrmak we almak mümkin bolar. Soraglar ýüze çykan ýagdaýlarda (+99312) 473503, or (+99312) 473506 (goşmaça 1) duşenbe-anna günleri 9:00-18:00 aralygynda jaň edip ýa-da websaýtymyzdan maglumat alyp bilersiňiz.
Dörän oňaýsyzlyklar üçin Sizden ötünç soraýarys we hyzmatdaşlygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Häzirlikçe bolsa, wirtual Amerikan merkezimiz, wiktorinalar, gyzykly maglumatlar we gysgaça iňlis dili sapaklary üçin bize IMO-da (+99363 598135) goşulyň!
Hormat bilen,
Amerikan merkeziniň topary