ABŞ-nyň Döwlet departamenti Amerikan merkezine we burçlaryna gelýänleriň we işgärleriniň saglygyny we howpsuzlygyny goramak üçin çäreleriň täzelenen tertibini kabul etdi. Şu wagtdan başlap, Aşgabatdaky Amerikan merkezi we Mary, Türkmenabat we Daşoguz şäherlerindäki amerikan burçlary indiki bildirişe çenli ýapylýarlar.
Şol wagtyň dowamynda Amerikan merkezine diňe yzyna gaýtarylyp getirilen kitaplary we DVD diskleri kabul ediş gutusynda goýup geçmek üçin gelmek bolar. Täzelikleri bilmek üçin wagtal-wagtal ýüzlenip durmagyňyzy haýyş edýäris: https://tm.usembassy.gov.
Dörän oňaýsyzlyklar üçin Sizden ötünç soraýarys we hyzmatdaşlygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Häzirlikçe bolsa, wirtual Amerikan merkezimiz, wiktorinalar, gyzykly maglumatlar we gysgaça iňlis dili sapaklary üçin bize IMO-da (+99363 598135) goşulyň!