2019-nji ýylyň 9-njy iýuly, Aşgabat – “Ari Roland Jazz Quartet” amerikan jaz topary Türkmenistana saparyny Aşgabatly tomaşaçylara Türkmenistanly sazandalar bilen bilelikde konsert we jam session hödürlemek bilen tamamlady. Kwartet 26-njy iýun -3-nji iýul aralygynda Türkmenistana birnäçe seminar we konsert geçirmek maksady bilen geldi. Konsertlere we seminarlara 1600 kişi gatnaşdy.
26-nji iýunda Türkmenistana gelen Ilçi Mät Klimow konsertde giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol şeýle belledi: “Jaz diňe bir saz ýa-da sungat däl. Amerikan jazy siziň duýma şekliňizi üýtgedip biler. Bu hem, öz gezeginde, siziň pikirlenme şekliňizi üýtgedip biler.”
Türkmenistanda saz topary Maryda, Türkmenabatda we Aşgabatda üç konsertde we Aşgabatdaky Amerikan merkezinde amerikan jaz sazynyň prezentasiýasynda çykyş etdi. Aşgabatdaky konsertde “Ari Roland Jazz Quartet ” toparynyň türkmen sazandalar bilen bilelikdäky çykyşy ýer alyp, amerikan jazz sazynyň we türkmen sazynyň garyşymy ýaňlandy.
Kwaretiň aşakdaky agzalary Türkmenistanda çykyş etdiler:
- Jenap Ari Roland (kontrabas)
- Jenap Zaýd Nassar (alt-saksofon)
- Jenap Kris Baýars (tenor-saksofon)
- Jenap Kit Balla (deprek)
1987-nji ýyldan şu güne çenli, bilelikde çykyş edýän bu kwartetiň sazy, Lui Armstrong, Dýuk Ellington, Çarli Parker we Dizzi Jillepsi ýaly amerikan jazz ussalaryndan ylham alýar. Kwartet 2007-nji ýyldan bäri, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň goldawy bilen, dünýäniň 140-dan gowrak döwletinde medeni alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşdy. “Ari Roland Jazz Quartet” 2007-njy ýyldan şu wagta çenli Türkmenistana ýedi sapar edip, türkmen sazandalar bilen ençeme çykyş etdi we türkmen we amerikan sazlaryny öz içine alýan kompakt disk ýazdy.
Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da AmericanCenterAshgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.