Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Size hem-de Türkmenistanyň Hökümetine şu ýylyň awgustynda we sentýabrynda Owganystandan raýatlary çykarmak işi wagtynda beren kömegiňiz hem-de hyzmatdaşlygyňyz üçin hoşallyk bildirýärin. Biz Siziň üstaşyr uçuşa, ýangyç guýmaga öz wagtynda dessin rugsat bermekdäki kömegiňize, ýolagçylary barmaly ýerlerine äkitmekdäki ýardamyňyza ýokary baha berýäris.
Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar wajypdyr hem-de men onuň ýyldan-ýyla pugtalandyrylýandygynyň şaýady bolýandygyma şatdyryn. Sebäbi biz howa, sebit howpsuzlygy, adam hukuklary we ykdysady mümkinçilik ulgamlarynda tagallalarymyzy goldamak üçin bilelikde iş alyp barýarys.
Birleşen Ştatlar, ozalkysy ýaly, Türkmenistanyň özbaşdaklygyny, Garaşsyzlygyny hem-de çäk taýdan bitewüligini pugta goldaýar.
Hormatlamak bilen,
Jozef BAÝDEN,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.
[Terjime: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) – Türkmenistan Bu gün].