ABŞ-nyň Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli sowgat arkaly Türkmenistanyň döwlet sirki bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirýär

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 22-nji sentýabry – Sişenbe güni, 22-nji sentýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sirkine sirk enjamlaryny sowgat hökmünde gowşurdy. Bu sowgat, Döwlet sirki we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň üsti arkaly ABŞ-nyň Türkmenistanda sirk sungatyna berýän goldawyny dowam etdirýär. ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan gurnalan wirtual dabarada Ilçihanaň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Waleri Çittenden enjamlary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri hanym Bilbil Babaýewa, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň müdiri jenap Annamuhammet Ilamanowa we Döwlet sirkiniň çeper ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýewa gowşurdy.

Sişenbe güni, 22-nji sentýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sirkine sirk enjamlaryny sowgat hökmünde gowşurdy.Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen sirk sungatynda hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlyga buýsanýarlar. Sirkiň Türkmenistanyň medeni mirasynda baý taryhy bar. Şu günki sowgatlardan başga-da, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň medeni alyş-çalyş maksatnamalarynyň çäklerinde amerikan sirk ýerine ýetirijileri Türkmenistana iki gezek sapar etdiler. Tejribe alyş-çalşygy öz içine alan saparlaryň netijesinde berk dostlukly gatnaşyklar emele geldi.

«Amerikan we türkmen sirk sungatynyň hünärmenleriniň arasyndaky bu dowamly alyş-çalyş, türkmen medeniýetine hormat goýýandygymyzyň we haýran galýandygymyzyň we beýleki ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigimiziň nyşanydyr» diýip, işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Waleri Çittenden şu günki dabaranyň dowamynda belledi; «Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň çuňlaşmagy ýaly, ykdysady we bilim gatnaşyklaryny hem çuňlaşdyrmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys».

2017-nji ýylyň ýazynda we güýzünde amerikan sirk sungat işgärleri hünär alyş-çalşy üçin Türkmenistana geldiler. Bu iki saparyň dowamynda ýerine ýetirijiler Maryda, Daşoguzda, Lebapda, şeýle hem paýtagt Aşgabatda ussatlyk sapaklaryna we çykyşlara gatnaşdylar. Şu günki enjamlar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky kärdeşleri bilen tejribe alyşmak maksadyny goldaýar.

Şu günki sowgat lira, trapesiýa, alpinist ýüpi we howa mata ýaly akrobatiki çykyşlar üçin enjamlary öz içine alýar. Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Çittenden sowgady gowşuranda, enjamlar, her gezek ulanylanda, «biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky berk baglary ýada saljakdygyna” umyt bildirdi.

ABŞ-nyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Çittenden şu günki sowgady ABŞ-nyň hökümetiniň we amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli gowşurdy. 2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny bellär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine ibermegiňizi haýyş edýäris: USEmbassy-Ashgabat-PAS@state.gov.