ABŞ-nyň ilçihanasy 2023-nji ýylyň iýul aýynyň 22-sine auksion geçirýär

2023-nji ýylyň iýul aýynyň 22-sine, şenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Mäti-Kösäýew köçesiniň 31A jaýynda auksion geçirýär. Auksion irden sagat 09:00-da başlap 12:00-a çenli dowam eder. Ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel, kompýuter we öý enjamlaryny satuwa çykarar. Auksionyň ýeňijileri şol güniň dowamynda telefon arkaly habar ediler we olar bilen utan zatlaryny alyp gitmek üçin gün wagt belleniler. Ýeňijiler tölegi şol gün amala aşyrmalydyrlar.

Auksiona gatnaşmak isleýänler ýanlary bilen şahsyýetnamasyny subut edýän resminama getirip, auksionyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Satuwa çykarylan emläk şol günki ýagdaýy bilen satylýar.