2020-nji ýylyň 1-njy iýuny , Aşgabat, Тürkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümeti, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) üsti bilen, Türkmenistanyň COVID-19-yň öňüni almak ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek üçin goşmaça 500,000 amerikan dollaryny bölüp berdi. Netijede, Türkmenistandaky ähli hyzmatdaşlara ykrar edilen ABŞ-nyň döwlet serişdeleriniň möçberi 1,42 million dollara barabar boldy. Goşmaça serişdeler, töwekgelçilikler barada habarlylygy ýokarlandyrmak, ýokanç keselleriň öňüni almak we gözegçilik etmek tagallalaryny goldamak üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasyna (UNICEF) gönükdiriler. Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan bu tagallalar, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasyna laýyk geler.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda «USAID» ileri tutulýan ugurlary kesgitledi. «UNICEF»-iň üsti bilen, «USAID» Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Bilim ministrligi bilen kadalaýyk gigiýena tejribelerini ösdürmek we mekdeplerde we beýleki edaralarda COVID-19-yň öňüni almak üçin goşmaça materiallary bermek üçin işini dowam eder. «UNICEF» saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri üçin ýokanç keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmek boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahatlaryny geçirer.
Türkmenistan öz çäginde COVID-19-a degişli hadysalar barada habar bermedi, emma COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak we geljekde ýüze çykyp biljek hadysalara taýýarlyk görmek boýunça çäreleri gördi. «USAID» çagalara, maşgalalara, göwreli aýallara we çaga emdirýän enelere COVID-19-yň we ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin el ýuwmagyň we gigiýenanyň ähmiýeti barada maglumat kampaniýalaryna goldaw berer.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary soňky 20 ýylda Türkmenistanyň Hökümeti we ýerli hyzmatdaşlar bilen umumy möçberiniň 207 million dollardan gowrak bolan, şol sanda saglyk maksatnamalarynda 21 million dollardan gowrak, ikitaraplaýyn we sebitleýin maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin ýakyndan işleşýär.
USAID-iň COVID-19-a garşy alyp barýan çäreleri barada has giňişleýin maglumat üçin: https://www.usaid.gov/coronavirus-covid-19.