Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň suw dolandyryş ulgamyna maýa goýum edýär

Mary, Türkmenistan, 2019-njy ýylyň 10-njy dekabry – Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýanyň Sebit ekologik merkezi (MASEM) tarapyndan amala aşyrylýan “Smart Waters (Suw, bilim we hyzmatdaşlyk) taslamasy we Araly halas etmegiň halkara gaznasy (AHHG) bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň, Mary welaýatynyň, günorta-gündogar sebitinde ýerleşýän Daşköprüde Suw pudagyny dolandyrmak boýunça döwlet komitetine 170 000 Amerikan dollaryndan gowrak bolan suwyň düýplerini çuňaldyjy/arassalaýjy maşyny berdi.

USAID tarapyndan satyn alnan düýp çuňaldyjy maşyn, Mary welaýatynyň suw pudagyny dolandyrmak edaralary tarapyndan Murgap derýasyny arassalamak üçin ulanylar. Bu gür ilatly bolan Mary welaýatynda suw almalaryň öňüni almaga ýardam eder. Şeýle hem bu maşyn Mary welaýatynyň suw howdanynda laýyň toplanmagynyň öňüni almaga kömek eder.

Ilçi Klimow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Mary welaýatynyň Häkimliginiň wekillerine we Mary welaýatynyň ilatyna ýüzlenip, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan täze Suw hakyndaky Kodeksiň üstünlikli kabul edilmegini aýratyn belläp geçdi, ol suw pudagyny dolandyrmagyň toplumlaýyn çemeleşmesine, suw pudagyny dolandyrmaga öz içine daşky gurşawa ýetirilýän täsiriň we ykdysady ösüşiň meselelerini alýan bitewilikdäki çemeleşmäni ornaşdyrmaga ýardam edýär. Bu çemeleşme ýerli bileleşikleriň wekilleriniň suw pudagyny dolandyrmak boýunça çözgütleriň amala aşyrylmagy üçin gatnaşmagyna höweslendirýär. Öz çykyşynda Ilçi Klimow düýp çuňaldyjy maşynyň suw serişdelerini netijeli dolandyrmaga ýardam etjekdigini, munuň bolsa Mary welaýatynda ýaşaýan milliondan gowrak adama peýda berjekdigini belledi.

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän Smart Waters bäşýyllyk maksatnama bolup, Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna we Owganystana suw pudagyny dolandyrmak ulgamynda öz tehniki başarnyklaryny çuňlaşdyrmaga kömek etmek, serhetüsti derýalarda bileleşikleriň arasyndaky gepleşige ýardam etmek we umumy serişdelerini dolandyrmaga ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bolup durýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň suw dolandyryş ulgamyna maýa goýum edýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň suw dolandyryş ulgamyna maýa goýum edýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň suw dolandyryş ulgamyna maýa goýum edýär

USAID halkara ösüşiniň dünýä boýunça öňdebaryjy guramasy we ösüşiň netijelerini höweslendirýän ýardamçy bolup durýar. USAID işi ABŞ-nyň milli howpsuzlygyny we ykdysady ösüşini ilerledýär, amerikan sahawatlylygyny görkezýär we kömek alyjylaryň özbaşdaklyk we durnuklylyk ýoluny öňe sürýär. Goşmaça maglumat almak üçin https://www.usaid.gov/central-asia-regional sahypasyna we USAID guramasynyň Facebook-daky https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia sahypasyna girmegiňizi haýyş edýäris.