Amerikanyň Birleşen Ştatlary Şährislamdaky taryhy hazynalary gorap saklamak üçin Türkmenistanyň döwlet we hususy hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk edýär

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 27-nji awgusty – 27-nji awgustda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S. Klimow, «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyna Şährislam taryhy ýadygärligindäki ýerasty suw howdanlaryny gorap saklamak baradaky bilelikdäki taslamasy üçin maliýe serişdeler baýragyny gowşurdy. Bu ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy tarapyndan gurnalan wideo şekilli baglanşyk dabarasynda yglan edildi. Şu baýragyň gowşurylmagy bilen, Türkmenistan dünýa boýunça «AFCP» maksatnamasy tarapyndan goldanan iň köp taslama eýe bolýar we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen medeni mirasy gorap saklamak ugrunda hyzmatdaşlykda öňdäki hatarlarda durýar.

Gorap saklamak işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasyndaky innowasion döwlet-hususy hyzmatdaşlyk arkaly amala aşyrylar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary şu gorap saklamak işlerine goldaw hökmünde 195 600 ABŞ dollaryny bölüp berýär.

Şährislam, Bäherden şäherinden 20 km demirgazykda ýerleşýän Garagum çölüniň gadymy şäheridi. IX asyrdan XV asAmerikanyň Birleşen Ştatlary, Şährislamda taryhy hazynalary gorap saklamak üçin Taryh we arheologiýa instituty we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen hyzmatdaşlyk edýäryryň başlaryna çenli bar bolan bu şäher, sebit merkezi we Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm duralgasydy. Şu gün yglan edilen taslama iki sany ýerasty suw howdanyny (sardobalary) dikeltmegi göz öňünde tutýar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimow gorap saklamak işleriniň alnyp barylýan ýerine eden sapary barada şeýle belledi: «Şährislamda türkmen hünärmenleri tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işlerini görüp haýran galdym». Şeýle hem: «ABŞ-nyň suw howdanlaryny gorap saklamak üçin maliýe goldawyny bermegi ABŞ-nyň Hökümetiniň Türkmenistanyň Hökümeti, işewürleri we ýerli hünärmenleri bilen, syýahatçylyk pudagynyň ösdürilýän döwründe uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň iň soňky mysalydyr».

«AFСP» ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň esasy maksatnamalyrynyň biri bolup, bu maksatnama arkaly Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistan bilen medeni mirasy gorap saklamak ugrunda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, 2001-nji ýyldan bäri «AFСP» arkaly Türkmenistanda medeni mirasy gorap saklamagy goldap gelýär. Bu döwürde ABŞ Türkmenistanyň her sebitinde ýadygärlikleri gorap saklamak üçin ýerli hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk etdi. Alnyp barlan taslamalaryň arasynda: Uly we Kiçi Gyz galalaryny dikeltmek we gorap saklamak (Mary welaýaty); Daýahatyn kerwensaraýyny gorap saklamak (Lebap welaýaty); Ysmamyt-Ata ýadygärligini öwrenmek, dikeltmek we gorap saklamak (Daşoguz welaýaty); Dehistandaky Muhammet II metjidini goramak we dikeltmek (Balkan welaýaty); we XV asyryň Änewdäki (Ahal welaýaty) Seýit-Jemaletdin metjidiniň gaýtadan dikeldilmegi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti dünýäniň dürli künjeklerinden gelen taslamalaryň ähmiýetini deňeşdirýär. Şeýlelik bilen «AFСP» komitetiniň bu taslamada Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek kararyna gelmegi, bu taslamanyň diňe bir Türkmenistanyň halky üçin däl-de, eýsem bütin adamzat üçin hem baý medeni gymmatlygyny subut edýär.

Şeýle hem, şu gün yglan edilen Şährislam taslamasy ABŞ-nyň Türkmenistan bilen mirasy gorap saklamak boýunça hyzmatdaşlygynda möhüm ösüşi görkezýär. Şährislam Türkmenistanda 27-nji «AFСP» taslamasydyr. Bu 27-nji taslamanyň netijesinde Türkmenistan beýleki ýurtlara garanyňda «AFСP» taslamalaryň iň köp sanyna eýe bolup, medeni mirasy gorap saklamak babatynda ABŞ bilen hyzmatdaşlykda dünýä boýunça öň hatarlarda durýar. Mundan başga-da, Şährislam taslamasy Türkmenistanda innowasion döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň çäginde durmuşa geçiriljek ilkinji «AFСP» taslamasydyr.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Şährislamda taryhy hazynalary gorap saklamak üçin Taryh we arheologiýa instituty we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen hyzmatdaşlyk edýär

Taslamada hödürlenen täzeliklerden başga-da, Şährislamdaky ýerasty suw howdanlarynyň özboluşlylygy syýahatçylyk üçin mümkinçilikleri hödürleýär. Sardoba Merkezi Aziýa mahsus tuneller ulgamyna (karize) bagly bolýar. Tunelleriň üsti bilen suw 20 km-den gowrak Köpetdag daglarynda ýerleşýän çeşmelerden gelýärdi. Mundan başga-da, Şährislamyň suw howdanlarynda Merkezi Aziýada ýeke-täk gönüburçly sardoba bar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, şu gün, «AFСP» taslamasyny yglan etmek bilen, ýurduň özboluşly medeni baýlygyny gorap saklamak we ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda iş alnyp barylýan wagtynda Türkmenistanyň Hökümeti we halky bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar.
Şu günki dabarada yglan edilen ABŞ tarapyndan goldanýan taslama sardobalary dikeltmek we geljekdäki zeperlerden goramak boýunça işleri tamamlar. Hünärmenler ýygnanan gumy aýyrarlar; sardoba portallaryny dikelderler; diwarlary, suw howdanlaryna barýan basgançaklary, sardobalaryň üstündäki gümmezleri dikeldip güýçlendirerler. Ýagyşdan we haýwanlardan gelýän zeperiň öňüni almak üçin bolsa, sardobanyň töwereginde haýat gurlar. Bu işleriň kömegi bilen sardobalar geljek nesiller üçin saklanar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine ibermegiňizi haýyş edýäris: USEmbassy-Ashgabat-PAS@state.gov.