Aşgabatdaky halkara festiwalda ABŞ-ly «theater simple» çykyş etdi

«theater simple» atly amerikan teatr topary Türkmenistana 17-25-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalýan III Halkara festiwala gatnaşmak maksady bilen geldi.

1990-njy ýylda döredilmeginden bäri şu güne çenli «theater simple» döredijilik topary «Adelaide Fringe» festiwalynyň uly baýragyny hem öz içine alýan ençeme baýraga mynasyp boldy. «theater simple» ABŞ-nyň we dünýäniň dürli künjeklerinde tomaşaçylary özüne çekiji çykyşlar bilen gyzyklandyrdy. Aşgabatda aktýorlar «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalda çykyş ederler. Olaryň «Caravan Chronicles» atly eseri tomaşaçylary dünýäniň niresinde bolmasyna garamazdan, baglanşyklary we maşgala gymmatlyklary gözlemäge çagyrýar.

Aşgabatdaky halkara festiwalda ABŞ-ly «theater simple» çykyş etdi

«theater simple» Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň talypalary üçin seminar we Amerikan merkeziniň gatnaşyjylary üçin prezentasiýa hem geçirdi.

Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da AmericanCenterAshgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.